Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
46 Türkmen halk döredijiligi Akpamyk doganlaryndan umydygär bolup, ogluna altyn aşyk ýa- sadyp, özüne hem: «Aşygyňy atan wagtyň: − Akpamygyň ogly men, Ýekýagyrnyň ýegeni men, Altyn aşygym, alçy gop, Alty daýym başy üçin, Iň kiçisi Baýramdyr, Baýram daýym başy üçin Altyn aşygym, alçy gop – diýip, aşygyňy atgyn» diýip öwredipdir. Indi habary Akpamygyň ýedi doganyndan alalyň. Olaryň iň kiçisi Baýram: «Biz şeýle ýagşylyk eden doganymyzy düýä mündürip goýber- dik, bu ýyl bäş ýyl boldy, öldümi, barmy, biziň habarymyz ýok, geliň, onuň ugruna çykyp gözläliň» diýip, bir maslahat tapypdyr. Beýlekileri hem muny makullap, ýedi doganyň her haýsysy uýasyny bir şäherden gözläp ugrapdyr. Ýekýagyrny bir şäherde aşyk oýnap ýören bir topar oglanyň üstünden barypdyr. Olaryň içinde bir oglanyň elinde altyndan aşyk barmyşyn, ol her aşygyny atanda: − Akpamygyň ogly men, Ýekýagyrnyň ýegeni men, Altyn aşygym, alçy gop! – diýýärmişin. Ýekýagyrny hem muny eşidip, oglana: − Ýene bir aýt – diýipdir. Akpamygyň ogly ýene aşygyny atýar: − Akpamygyň ogly men, Ýekýagyrnyň ýegeni men, Altyn aşygym, alçy gop! Alty daýymyň başy üçin, Iň kiçisi Baýramdyr, Baýram daýym başy üçin, Altyn aşygym, alçy gop! – diýende, daýysy ony tanap: − Hany, oglanjyk, ýör, öýüňizi görkez – diýipdir. Oglanyň yzyna düşüp baranda, Akpamyk doganyny tanapdyr. Do- gany hem Akpamygy tanapdyr. Ikisi hal-ahwal soraşypdyr. Akpamyk başyndan geçiren wakalaryny doganyna gürrüň beripdir. Bir gün dogany gaýtmakçy bolanda Akpamyk obanyň adamlaryna 47 möý, içýan tutdurypdyr we ýedi halta tikip, ol haltalary möý bilen içýandan doldurypdyr. Diňe birini nohutdyr kişmişden dolduryp, onuň hem agzyna ýekeje içýan goýupdyr. Soňra: − Her gelnejeme birini ber, şuny hem iň kiçi gelnejeme ber – diýip, nohutdyr kişmiş salnan haltany beripdir. Ýekýagyrny obalaryna gelip, her aýala bir haltany berýär. Aýallar: «Baldyzymyz sowgat iberipdir» diýşip, ellerini sokýarlar welin, ellerinden möý, içýan çakypdyr. Olar: «Waý-da-waý» bolşupdyrlar. Iň kiçi doganyň aýaly hem özüne iberilen haltany açyp görse, içi doly nohutdyr kişmiş, iň üstünde-de ýekeje içýan bar eken. Ol içýan onuň syçalasyndan çakypdyr-da gaçypdyr. Ol gelin iberilen sowgadyna guwanypdyr. Ýekýagyrny hemme doganlaryny çagyryp: − Geliň, men Akpamygy tapdym, pylan patyşanyň ogly alypdyr – diýip aýdypdyr. Yzyndanam Akpamygyň başyndan geçiren günlerini aýdyp beripdir. Ýedi dogan: «Bize uly ýagşylyk eden doganymyza şeýle ýamanlyk eden bolsalar, bulary ýok etmeli» diýip maslahat edipdirler. Baýramyň aýalyndan özgesini ýoklapdyrlar. Soň doganlar üýşüşip, Akpamyklara myhmançylyga gelipdirler. Soň ony hem alyp, öýlerine gaýdýarlar. Gelseler, ene-atalary has garrapdyr. Kiçi gelin garrylara hyzmat edip başlapdyr. Ol Akpamygyň kö- megi bilen gaýyn agalaryny öýerýär. Soň hoşlaşyp, Akpamygy ýola salyp, ýedi dogan maşgalalary bilen ene-atasynyň ýanynda mekan tutupdyr. Bu ýagdaýa il-gün hem begenipdir. Mämmetjan Bir bar eken, bir ýok eken, gadym eýýamda bir patyşa bar eken. Bu patyşa hemişe öz diýenini edýän eken. Ol gaty zor, güýçli bir patyşa eken. Bu patyşanyň üç ogly bar eken. Olaryň ulusyna Gurban, ortanjysyna Weli, iň kiçilerine hem Mämmetjan diýer ekenler. Bir günden, bir gün bu patyşa agyr kesele duçar bolýar. Ol düýşünde bilbilgöýäniň saýranyny eşidip, tisginip oýanýar. Patyşa ukudan açylyp, oglanlaryny öz ýanyna çagyryp: − Eý, ogullarym, bilbilgöýä diýen bir guş bar, meniň şony saýradyp, bir eşidesim gelýär. Eger-de şony bir saýradyp eşitsem, belkem, ýagşy bolsam hem bolaryn − diýýär. Patyşanyň iň uly ogly Gurban: Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling