Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
62 Türkmen halk döredijiligi ýadyndan çykarýar. Mämmetjan garap görse, bu ýatan gyzyň çar tara- pynda hem-de baş ujunda gyp-gyzyl ot, aýak ujunda sap-sary, her ýanynda her hili ot ýanyşyp dur. Mämmetjan haýran galýar. Ol bu gyzyň ýanyna barmakçy bolýar. Ýuwaşlyk bilen gyzyň ýanyna barýar. Ondan soň, gyza elini degrip görýär, gyz oýanmaýar, sebäbi bular her ýatanlarynda kyrk gije-gündizläp uklardylar. Mämmetjan bu gyzyň ýanynda galyberýär. Ol şeýdip, bu gyzyň ýanynda gezip ýörka, bir günden bir gün, özüniň näme iş üçin geleni ýadyna düşýär. Mämmetjan: «Men näme işe gelipdim, men bu gyz diýip gelmändim ahyry, men atama bilbilgöýäni alyp gitmäge gelipdim. Meniň bu ýerde näme işläp ýördüdim» diýip, pikir edýär. Ol bilbilgöýäni alyp ugraýar welin, ol bir aýylganç ses edip gygyrýar. Ukuda ýatan döwler munuň sesini eşidip oýanýarlar. Oňa çenli Mämmetjan bilbilgöýäni alyp, Symrugyň ýanyna gelýär. Guş aýdýar: − Eý, Mämmetjan, men saňa köp eglenme diýipdim, onda-da sen birnäçe gije-gündiz eglendiň. Ýör, indi tiz bol, gel, mün meniň üstüme, gaçaly, ýogsam, döwler gelip, bizi horlar. Mämmetjan bilbilgöýäni eline alyp, Symrug guşuň üstüne münýär. Symrug guş aýdýar: − Indi sen maňa et ber diýenimde, suw bergin, suw ber diýenimde, et bergin. Eger-de sen şulary maňa aýdan wagtymda berip ýetişseň, men seni gutararyn. Mämmetjan hem: − Bolýar, men olary wagtynda berip ýetişerin – diýýär. Bular şeýle diýşip, al-asmana galyp başlaýarlar. Döwler hem bularyň yzyna düşýär. Symrug guş et ber diýende, Mämmetjan suw berýär, suw ber diýende et berýär. Şol baryşlaryna bular araçäge ýakyn barýarlar. Ynha, Symrug guş Mämmetjana et, suw, et, suw diýip gaçyp otyr. Mämmetjan hem et diýende suw berip, suw diýende et berip barýar. Ahyrynda indi ýol az galanda Sym- rug guş «suw» diýdi. Emma Mämmetjanyň eti gutarypdy. Indi Mämmetjan näme etjegini bilmän, derrew öz baldyrynyň etinden muňa kesip berýär. Symrug guş munuň adam etidigini bilip, ýuwutman, ýöne diliniň aşagyna salyp goýýar. Ynha, bular, şol barmana araçäkden geçýärler. Döwler bular araçäkden geçensoň, nälaç bolup, näme etjeklerini bilmän galyberýärler. Symrug guş Mämmetjany eltip, şol hälki gyzyň derwezesiniň agzynda düşürýär-de: − Ine, bu şol bizi ugradan gyzyň gapysy, hoş, Alla ýaryň, ugraber – diýip hoşlaşýar. 63 Mämmetjan ugraberýär welin, her bir ädiminde aýagyny ýempik basyp agsaýar. Sumrug guş ony yzyna çagyryp: − Aýagyňy näme ýempik basýaň, näme ýetmeziň bar? − diýip soraýar. Onda Mämmetjan: − Aýagym gurşupdyr − diýip jogap berýär. Onda Symrug guş: − Ýok, seniň aýagyň gurşanok, ony men bilýän − diýip, diliniň aşagyndaky baldyryň etini öňki ýerinde goýup, bir ýelegi bilen sypalaýar welin, Mämmetjanyň aýagy öňküsi ýaly bolýar. Soň Symrug: − Bar, indi ötägit − diýip, Mämmetjany ugradýar. Ondan soň Mämmetjan hälki gyzyňka barýar. Gyz Mämmetjany garşy alýar. Gerçek bu gyzyňkyda hem birnäçe gün bolýar. Ondan soň bu gyzlary, bütin mal-mülki, gyzyl-kümüşleri alyp, aňryk ugraýar. Bular, ynha, üçünji gyzyň ýanyna baryp, muny hem şeýdip alyp gidýärler. Gepiň gysgasy, bular gyzlaryň hemmesiniňkä baryp, olaryň baryny alyp gidýärler. Bular iň ahyrda hälki Mämmetjanyň ilki bilen, öz öýlerinden gaýdandaky birinji gezek gelen ýeri − Ak döwüňkä, şol ýaş gyzyň ýanyna gelýärler. Munda hem birnäçe gün bolýarlar. Ondan soň Mämmetjanyň ýadyna öz agalary düşýär. Gaýduwsyz ýigit iň kiçi gyza: − Hany meniň agalarym? − diýýär. Ol kiçi gyz aýdýar: − Bilmedim, meniň olardan hiç habarym ýok. Ýöne şu ýerdäki guýyny bir garap gör, eger-de olar şu ýere gelen bolsalar, şondadyr. Mämmetjan guýyny görse, bular, gyzyň aýdyşy ýaly, şonda ýatyrlar. Mämmetjan guýynyň agzyndan gygyrsa hem, bular «Ýene döw gelendir, indi bu bizi öldürjekdir» diýip, sesini çykarman ýatyrlar. Mämmetjan: «Bular gorkusyndan maňa ses berýän däldirler» diýip, ýene-de gygyrýar. Ondan soň bular hem «Bu Mämmetjan bolaýmasyn» diýşip, ses berýärler. Mämmetjan guýynyň içine ýüp sallap, agalaryny çekip alýar. Ol agalaryny suwa düşürip, bulara ýagşy eginbaşlar geýdirip, gyzyň hemme mal-mülk, gyzyl we başga-da hemme gerekli zadyny alyp, ýedi gyzyň ýedisini hem alyp, öz öýlerine baka ugraberýär. Bular barýarkalar, ýolda Mämmetjanyň agalary: — Eger-de biz munuň bilen barsak, onda bize örän uly namys bolar. Hemme kişi hem, atamyz hem bizi näletlär. Geliň, bir ýol tapyp, munuň ähli eden işini öz adymyza geçireliň − diýşip, maslahat edýärler. Bular: «Biz Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling