Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
58 Türkmen halk döredijiligi 58 de, bugdaýy olaryň öňlerine döküşdirip, ýaýradyp gidersiň. Ondan geçip gidiberersiň, öňüňden bir süri it çykar, bulara hem bir çuwal süňki alyp gidersiň, bular hem gelende, şony öňlerine taşlaşdyryp gidersiň. Ondan geçersiň, öňüňden şorsurap ýören bir süri mes düýe çykar. Bulara hem birnäçe çuwal duz alyp gidersiň. Bularyň öňlerine şol duzlary pytradyp gidersiň. Ondan soň bir tam bardyr. Onuň kyrk basgançagy, her bir basgan- çagynda hem aýagyňy basanyňda jaňňyrdaýan bir jaň bardyr. Onuň üçin hem bir gujak garagurum alyp git. Her basgançaga basaňda, jaňyň dilini şonuň bilen hökman baglap gitgin. Ýogsam, jaňlar jaňňyrdap, ýatanlary hökman turzar. Olaryň kyrk gije-gündiz ukusy bardyr. Sen öňürti bilgin: olar ukudamy ýa oýamy? Eger-de uklan bolsalar, onda arkaýyn barybergin. Onsoňam, şol guş seni alyp gidende, köp et bilen suw gerekdir. Oňa gerek zatlary men saňa mundan özüm ýetişdirerin − diýip, hälki gyz Mämmetjana ýagşy düşündirýär. Mämmetjan şoňa baka gitmekçi bolýar, gyz hem Mämmetjany ugrat- jak bolup, öz döwleriniň birini çagyrýar. Ol hem: − Lepbeý − diýip gelýär. Gyz aýdýar: − Sen şuny hol, pylan ýere näçe wagtda eltip gelersiň? Onda döw aýdýar: − Rugsat etseňiz, on dem salymda eltip gelerin. Gyz muňa: − Git, peläket, iýen-içeniň haram bolsun! − diýip kowýar. Ondan soň gyz ikinji döwi çagyrdy. Ol hem: − Lepbeý − diýip gelýär. Muňa hem: − Sen şuny pylan ýere näçe wagtda eltip gelersiň? − diýýär. Onda bu hem aýdýar: − Rugsat etseňiz, bäş dem salymda eltip gelerin. Ondan soň gyz muňa hem: − Git, peläket − diýip kowýar. Ondan soň gyz üçünji gara döwi çagyrýar. Ol hem: − Lepbeý − diýip gelýär. Gyz muňa hem aýdýar: − Sen şuny näçe wagtda pylan ýerik eltip gelersiň? Onda gara döw aýdýar: − Rugsat etseňiz, göz açyp-ýumýança eltip gelerin. Onda gyz aýdýar: − Bar, şuny eltip gel. Eger-de ýollarda dagy şuňa zelel edäýseň, deriňi iniňden sypyraryn. 59 59 Ondan soň gyz Mämmetjan bilen hoşlaşyp, ony ugradýar. Mämmetjan gidýär. Ynha, birwagt Mämmetjan çynaryň bäri ýanyndan barýar. Ol döwi yzyna gaýtaryp, bu çynara baka ugraýar. Görse, ullakan bir aždarha çynara ýarmaşyp barýar. Çynaryň üstünde bir süri guş jüýjeleri jüýgül-de-jüýgül, näme etjeklerini bilmän, eýläk-beýläk urunýarlar. Ol aždarhanyň bu guş çagalaryna agzynyň ýetmegine az galypdyr. Ynha, şol wagt Mämmetjan ýetişýär. Ol muny görüp, ak sagdagyndan ok çykaryp, hälki aždarhanyň edil bilinden urýar, Mämmetjanyň atan оку aždarhanyň içinden geçip, çynaryň hem ýarysyna çenli çümýär. Aždarha çynara çüýlenip, ýokaryk çykyp bil- män galýar. Mämmetjan ýene-de bir gezek aždarhanyň kellesinden çenäp atýar. Ol hem aždarhanyň kellesinden geçip, çynara girip gidýär. Ondan soň Mämmetjan baryp, almaz gylyjy bilen bu aždarhany dogram-dogram edýär. Mämmetjan bu aždarhanyň etini guşuň çagalarynyň agzyna tutup berýär. Hälki aždarhadan gorkan, garynlary aç guş çagalary hezil edinip iýýärler, emma bularyň iň kiçisi Mämmetjanyň soňky berenini iýmän, diliniň aşagynda goýýar. Ondan soň Mämmetjan bu ýerde biraz ýatyp, dynç almakçy bolup, şol çynaryň düýbünde gyşarýar. Şol ýatyşyna Mämmetjan süýji uka gidýär. Ynha, şol wagt bu çagalaryň enesi gelýär. Görse, agajyň düýbünde bir adam ýatyr. Çagalaryň enesi: − Нä, her ýyl meniň çagalarymy iýýän şu adam eken. Seni bir öl- dürip dynaýyn − diýip, gidip bir ullakan gara dagyň bölegini goparyp gelýär. Eneleriniň gaharlanyp, bu ýatan adamy öldürmäge gelýänini çaga- lary bilýärler-de, uçup gelip, Mämmetjanyň üstüne ganatlaryny ýaýyşyp duruberýärler. Ondan soň bu guş: − Ýok, bu adam meniň çagalaryma bir ýagşylyk eden bolmaly, bol- masa, bular beýdişip durmazdylar − diýip, alyp gelen hälki daşyny äkidip, alan ýerine eltýär. Ondan soň gelip görse, Mämmetjan entegem süýji ukuda ýatyr. Bu guş gelip çagalaryndan: − Ýeri, bu ýatan adam kim? Men muny öldürjek bolup gelenimde, siz munuň üstüni alşyp durduňyz? − diýip soraýar. Onda çagalary aýdýarlar: − Aždarha geldi. Şol wagt bu adam hem bir ýerden gelip ýetişdi-de, ony öldürdi. Öldürip, bize onuň etini paýlaşdyryp berdi. Biz hem ony iýdik, häzir onuň ýadap ýatyşy. Siz hem gelip, muny öldürjek bolduňyz, bizem şeýle ýagşylyk edenden soň, bu adamy öz ganatlarymyzyň aşagynda gizledik. Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling