Türkmen halk döredijiligi


Download 1.41 Mb.
Pdf ko'rish
bet30/109
Sana31.01.2023
Hajmi1.41 Mb.
#1144816
1   ...   26   27   28   29   30   31   32   33   ...   109
Bog'liq
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Halky kyssalar. Jadyly ertekiler


76
Türkmen halk döredijiligi
söwda edeni, heý, mundan ozal eşidipmidiň? Sen bir tilkä özüňi aldadyp, 
aldatdyrypsyň − diýip, heleýleri muny urýarlar. Heleýleri ony synamak 
üçin indiki bazara çenli iki alaça dokaýarlar. Olary hem horjuna salyp, 
agzyny köjeşdirip, onuň ýabysynyň syrtyna bökderip, özüni-de ýabysyna 
mündürip, bazara goýberýärler. Ýene gidip barýarka, öňünden bir tilki 
çykyp:
− Haw, Hudaýberdi, niräk barýarsyň, how? − diýip gygyrýar. Hu-
daýberdi gorkak:
− Men-a bazara alaça satmaga barýaryn − diýýär. Onda tilki:
− Aý, bazara äkidip ýörenden, maňa sataý − diýýär. Hudaýberdi 
gorkak:
− Ýok, ýok, men saňa alaçamy bermen, ozal hem aldap, pulumy 
bermediň − diýýär. Onda tilki:
− Men seni hiç mahal aldan däldirin. Men bir sözümde durýandyryn. 
Ol seniň hakyňy iýen kül tilkisidir − diýip, munuň alaçasyny elinden 
alýar-da: − Hali bazardan gelýärkäň, şu ýerde duruberersiň, men puluňy 
getirip bererin − diýýär.
Hudaýberdi gorkak alaçany tilkä nesýe berip, bazara gidiberip-
dir. Hudaýberdi bazara baryp, ýabysyny daňyp: «Ýolda alaçamy aňsat 
satdym» diýip, bazarda arkaýyn gezip ýör eken. Birden jübüsiniň pulsuz-
lygyny aňlanda, ýaňky alaçasyny satany hem ýadyna düşüp, gaýtmakçy 
bolýar. Hudaýberdi gorkak derrew ýabyjygyny münýär-de, bazardan 
yzyna gaýdýar. Ol hälki alaçasyny satan ýerine gelip görse, ýene tilki ýok. 
Durup-durup, halys bolýar, hiç gelýän zat ýok, ol ýene yzyna garap-garap, 
öýüne baka gaýdýar. Ol öýüne ýetip gelýärka, onuň aýallarynyň biri muny 
görüp, ylgap öňünden çykyp:
− Ýeri, alaçany sag-aman satdyňmy? − diýip soraýar.
Hudaýberdi:
− Aý, aýal, ýene bolan däldir, wah, ýene tilki aldady-da
− diýip, ýüzüni aşak salyp oturyberýär.
Onsoň iki aýaly hem muny indi näme etmek gerek diýip pikir edýär. 
Onsoň ikisi dil düwşüp, muňa batyrlygy öwretjek bolup başlaýar. Bir gün 
agşam Hudaýberdi aýallaryna:
− Men tilkiden gorkýan. Meni meýdana äkidip geliň − diýýär.
Aýallary hem:
− Bolýar − diýip, muny meýdana äkidýärler.
Ony öýünden gaýrarak çykarýarlar. Hudaýberdi gorkak meýdana 


77
oturýar. Aýallarynyň her haýsy bir gapdalynda duran bolup, birden ikisi 
hem gaçýar. Iki aýaly hem öýe girýär-de, işigiň içinden gurup Hudaýber-
dini öýe salmaýar. Hudaýberdi gorkak daşarda:
− Waý, işigi açyň, tilki meni öldürýär-le! − diýip, gorkup gygyrýar. 
Aýallary işigi açman, tärimiň gözeneginden syrygy uzadyp:
− Al, şunuň bilen tilkini uruber! − diýýärler.
Hudaýberdi ony alyp, daş-töweregine bulaýlap, tilkini ýanyna ge-
tirmändir. Onsoň:
− Indi işigi açaýyň, meniň batyrlykda kemim galmady − diýip 
gygyrýar.
Aýallary bir haýukdan soň işigi açýarlar. Hudaýberdi gorkak öýüne 
girip:
− Şeýle bir batyr boldum, indi men hiç zatdan gorkman
− diýýär.
Günlerde bir gün Hudaýberdi bir ýere gidip barýar eken, öňünden 
bir eşegiň türresi çykýar, ol muny alýar-da, goltugyna salýar. Ýene-de gi-
diberýär welin, öňünden bir pyşbaga çykýar, muny hem goltugyna salýar. 
Ýene barýarka, öňünden bir meýdan horazy çykýar, muny hem goltugyna 
salýar. Ýene ýöräberýär, öňünden bir ýumurtga çykýar, muny hem gol-
tugyna salýar. Hudaýberdi bu zatlary goltugyna salyp gidip barýarka, 
birnäçe döwüň üstünden barýar. Döwler mundan:
− Adyň näme? − diýip soraýarlar.
− Adyma Hudaýberdi pälwan diýerler.
− Gel, onda otur.
Ol oturýar. Muňa döwler:
− Biziňem bir pälwanymyz bar, şonuň bilen göreşip bilermiň? – 
diýýärler.
Hudaýberdi:
− Göreşerin − diýýär.
Döwler pälwany çagyryp, Hudaýberdi bilen göreş tutdurmaga 
başlaýarlar. Bular göreş tutup ugraýarlar. Döwleriň pälwany Hudaýberdi 
pälwany gysyp, owradyp barýar. Munuň gözi peträp, asmana dikilip 
ugranda, döwleriň pälwany:
− Ýeri, Hudaýberdi batyr, näme ýokaryňa garaýarsyň?
− diýýär.
− Ýokaryk garaýanymyň sebäbi, seni asmandaky haýsy ýyldyzyň 
ýanyndan gaýtarsamkam diýýärin.

Download 1.41 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   26   27   28   29   30   31   32   33   ...   109




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling