Türkmen halk döredijiligi


Download 1.41 Mb.
Pdf ko'rish
bet38/109
Sana31.01.2023
Hajmi1.41 Mb.
#1144816
1   ...   34   35   36   37   38   39   40   41   ...   109
Bog'liq
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

EFSANALAR
1
Akmaýanyň ýoly
Gadym zamanda gudraty güýçliniň gudraty bilen iki örküçli akmaýa 
bolanmyş. Mahmal ýaly ýumşak endamy, gar ýaly ak, ülpüldäp duran ýüňi, 
müňde bir derde em bolan süýdi akmaýany akmaýa edip, onuň şan-şöhraty 
ýedi yklyma mälim bolanmyş. Il kän, dertli kän. Ýurt kän, patyşalyk kän. 
Dertli dertden saplanjak, garry şa ýaş boljak, ölen hossaryny direltjek. 
Adam pahyr sag boljak, ölmejek, uzak ömür sürjek. Hemme akmaýanyň 
idegindemiş. Akmaýa weli, her kime tapdyrmaýarmyş. Pylan körüň gözi 
açylanmyş, pylan keriň gulagy indi siňek iňlese-de eşidýärmiş. Pylan patyşa 
akmaýanyň süýdüni içip, hakyt ýigrimi bäşiň dälijesi bolanmyş. Ho-ol 
Akpamyk ýetim dälmiş, ýedi doganyny tapyp, döw iýen doganlarynyň 
süňküne akmaýanyň süýdüni sepip, olary direldenmiş. Ine, arzuw! Ynsana 
mundan artyk bagt nämä gerek. Dert bolmasa, ölüm bolmasa, berenine 
şükür edip ýaşaber!
»Wah, şol akmaýanyň süýdüni tapyp bolsady, derdim dep bolardy, 
ömrüm uzap, ýaş bolardym» diýip ýören sansyz jemendäniň günlerde bir 
gün bagty açylanmyş. Aýy-güni dolup, bir gün akmaýa botlanmyş. Bir 
enaýyja goňur ýüňli köşek iki-üç günde ers-mers bolanmyş. Enesi ýaly 
ýüňi ýere sallanyp duranmyş. Goňurja köşek enesi ýaly gara bagyr däl 
eken. Ol dertli adamlary görüp, durup bilmän, olara kömek edenmiş. Dert-
lileri goňurja ýüňüne çolap, akmaýa bildirmän emmäge barýarmyş. Köşek 
emen bolup durýarmyş, dertlem akmaýanyň süýdüni sagýarmyş. Şeýdip, 
köp adam dertden saplananmyş. Goňurja ýüňli köşege minnetdar bolup, 
taňryýalkasyn aýdan adamlaryň sany günübir artyberenmiş.
Ak bar, gara bar. Ýagşylyk bar, ýamanlyk bar. Ýaradanyň jübütlerini 
sanasaň sanap oturmaly. Ýagşylyk ile ýagşylyk edermiş. Ýamanlyk bolsa, 
şeýtanyň emri bilen ýagşylygy yzarlap ýörmüş. Ýagşylyk bilen ýaran bolan 
goňurja ýüňli köşegiň haýyrly işi ýamanlyga köz bolup batanmyş. Günlerde 
bir gün betpäl bir husyt ýamanlygyň közüne köränmişin. Şeýtan ýüregine 
aralaşan betpäl ýaş bolmagyň arzuwyna atlanyp, akmaýanyň idegine çykan. 
«Soran Käbäni tapar» diýenleri. Betpäl sorap-idäp akmaýanyň köşegini 
1
Efsanalar rowaýatlara ýakyn bolup, olaryň mazmunynda jadyly, hyýaly 
zatlar beýan edilýär. Mysal üçin, «Ussa Guşuň minarasy» diýen kyssada ussa 
guş bolup uçup gidýär.


96
Türkmen halk döredijiligi
tapyp, derdi-halyn oňa aýdan. Köşegem ýüňüne dolap, ony akmaýanyň 
ýanyna elten. Köşek emen bolýarmyş, betpälem sagan bolýarmyş. Nebis 
gurasyn! Betpäl nebsine «haý» diýmegi başarman, şol sagyp otyrmyş. 
Akmaýa-da köşeginiň doýar ýerde doýmaýandygyna haýran galyp, oňa 
seredäýmezmi. Görse, köşek emmän, başga biri sagyp durmuş. Akmaýa: 
«Häý, peläket!» diýip, gargynyp köşegini depenmiş. Şol wagtam köşek 
guş bolup asmana uçup gidenmiş. Betpälem gara daşa aýlanyp, doňup 
galanmyş.
Ine, şeýdip, bolmaz iş bolanmyş. Ynsan arzuwyna palta urlanmyş. 
Akmaýa bozlap, eňräp, guş bolup uçup giden köşegini gözläp, jümle-
jahany torç edenmiş. Günlerde bir gün ak süýdüni saçyp, asman sary uçup 
gidenmiş. Akmaýanyň süýdüniň damjalaryndan ýyldyzlar döränmiş. Gün-
dogardan günorta tarap uzap ýatan ak çaňly ýol akmaýanyň uçup giden 
ýolumyş, ak süýdüniň yzymyş. Şondan soň hiç kim akmaýany görmänmiş. 
Asmandaky «Akmaýanyň ýoly», ine, şeýdip döränmiş.
Ýyl dawasy
Gadym zamanda haýwanlar üýşüp, ýyly paýlaşmakçy bolupdyrlar. 
Emma nädip paýlaşmagyň usulyny bilmändirler. Dawa-jenjel uzaga çe-
kipdir. Her kim ýylyň başy bolasy gelýär. Düýe uzyn boýnuna buýsanyp: 
«Menden ulyň, menden boýny uzynyň ýok. Ýyl başy men bolmaly» diýip-
dir. Muny eşiden ýolbars: «Men haýwanlaryň şasy, ýyl başy hem men 
bolmaly» diýip arlapdyr. Onda beýleki haýwanlar: «Ýok, men boljak-da, 
men boljak» bolşup gygyryşypdyrlar. Garaz, bularyň başy biriger ýerde 
birikmändir.
Gün yzyna gün, aý yzyna aý geçenmiş. Ýyllar geçip, wagt ötüp 
barýarmyş. Olar ahyry bir sähetli gün: «Çykyp gelýän Güni ilki kim görse, 
şol hem ýyl başy bolmaly» diýip, bir ýere tüýküripdirler.
Her kim ilki Güni görjek, ýyl başy boljak. Depä çykany haýsy, daga 
ýarmaşany haýsy. Haýwanlar dym-pytrak bolupdyr. Bir görse, häki öwünen 
düýe daga çykyp bilmän, oýurganyp dur diýýär. Bu işiň telekdigine göz 
ýetiren düýe gaýtadan haýwanlary bir ýere jemläp, ýerde durup Güni gör-
meli edipdir. Duranmyşlar Günüň çykjak ýerine garap. Günem wagtynda 
çykmaýarmyş. Düýe içinden: «Boýum uzyn, boýnum uzyn. Indi arkaýyn 
ýyl başy bolaryn» diýip arkaýyn duranmyş.
Mekirje syçan bolsa, haýwanlaryň aýagynyň aşagynda ikiýana 
ylgaýarmyşyn. Şol ylgap ýörşüne ýyl başy bolmagyň aňsatja usulyny ta-


97
paýypdyr. Syçanjyk düýäniň kellesine münüp, Günüň çykjak ýerine se-
redip duranmyşyn. Birdenem syçan: «Han-ha Gün, han-ha Gün!» diýip 
gygyrypdyr.
Şeýdip, mekirje syçan ýyl başy bolup galyberipdir. Boýny uzyn düýe 
bolsa, muňa gahar edip, ýyl paýlaşykdan galypdyr.
Häzir düýäniň syçan hinini görse, üstüne çöküp oýkanýany şondan 
galypdyr diýýärler.
Pyşbaga
Husytlyk, göriplik şeýtan bilen ýaran bolup, adama görgi baryny 
beripdir. Pyşbaga hem husytlygyň, göripligiň gurbany bolan adam eken. 
Eger jadygöý goňşusy bolmadyk bolsa, ol asla pyşbaga öwrüljek däl eken.
Günlerde bir gün ýaňky pyşbaga öwrülmedik adamyň gallasy gutaryp, 
aç galanmyş. Açlyk näme iýdirmez, dokluk näme diýdirmez. Pahyr her 
hili zady iýip görüpdir. Hijisem çöregiň ýerini tutmandyr. Ahyry jadygöý 
goňşusynyňka baryp, ondan bir okara bugdaý alypdyr. Aldyňmy – bermeli. 
Hä diýmän ýaňky adamyň bugdaýy bişipdir. Edil şu ýerde peýläp ýatan 
şeýtanyň güni gelenmiş. Ol ýaňkynyň husyt damaryna kakyp goýberenmiş. 
Göriplik hem bir ýerden ýetip gelenmiş. «A-how, oňa jadygöýlik hem nan 
tapyp berýär. Tüweleme, gallasam anbar-anbar. Kiçijik okara sal-da, ynha, 
alan bugdaýym diýip eltip ber» diýip, ikisi iki ýerden maslahat beripdirler.
Ýaňky biçäre uly okarany goýup, kiçijik tabakdaky gallany jadygöý 
goňşusyna eltip beripdir. Jadygöý hem zadyna jür eken.
– Goňşy, beýtdigiň näme? Sen geçen gyş gallany uly okarada alypdyň. 
Alan gallaňy getir.
– Ýok, men şu tabakda aldym.
Boluberipdirler herrekde-merrek. Şeýtan husytlyk edenden aýrylyp, 
jadygöýiň kalbyna aralaşanmyş. «Sen bir jadygöý, edeniň özüňki. «Yla-
hym, sen pyşbaga öwrülgeýsen, açgöz pälit» diý, bolany. Şeýtseň, indikide 
ynsaply bolar» diýip, şeýtan muny hem aldanmyş. Şeýtana aňyny aldyran 
jadygöý: «Ylahym, sen pyşbaga öwrülgeýsen, açgöz pälit» diýip-diýmänkä, 
gudrat bilen ýaňky adam pyşbaga öwrülenmiş. Iki okara hem etine ýelmeşip 
galanmyş.
Pyşbaganyň üstündäki uly okaramyş, astyndaky hem kiçi tabakmyş. 
Şondan bärem ol eden işine ökünip, pyşdyllap ýörmüş. Gör, bu bolýan 
zatlary. Ýöne, boljak iş bolandan soň, giç gelen akyldan ne peýda?!
* 7. Sargyt № 3166

Download 1.41 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   34   35   36   37   38   39   40   41   ...   109




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling