Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
86 Türkmen halk döredijiligi jemläp, patyşa bilen hoşlaşyp, ýola düşüpdir-de gidiberipdir. Az ýöräp, köp ýöräp, bular hälki çeşmäniň boýuna ýetýärler, dem-dynçlaryny alyp, ýagşy oýlanyşyp, kärizçiler käriz gazyp, suw çykarýarlar, birnäçesi özleri üçin öý salýarlar. Iň gowy ussalardan birnäçesi hälki hazynanyň daşyna uly howly edip, içinde Şirwanadylyň köşgi ýaly, täsin köşk salypdyr. Şirwan patyşanyň köşgüniň ýedi gapysy barmyşyn. Güljahan özüniň köşgüne sekiz gapy etdiripdir. Şirwanadylyň köşgünde ýedi küňre bolan bolsa, bu gyz sekiz küňre saldyrypdyr. Kerpiçleri gymmat baha daşlardan etdiripdir. Gyzyň bu köşgüni görmäge göz gerek! Köşgüň daşyny bolsa çarbaglyga öwrüpdir. Bu ýerdäki adamlaryň hemmesi gowy jaýlar edinip bolandan soň, gyz bar ilatyny ýygnap: − Ynha, isleseňiz ulag alyp gidiň-de, çagalaryňyzy getiriň, göçüp geliň, gören adamyňyza-da aýdyň. Kim göçüp gelse, ýer-suw berjek, paç- dan-salgytdan tutuş boşatjak − diýenmiş. Bu habar köp ýere ýaýrap, dumly-duşdan bu şähere adamlar göçüp geliberipdir. Şeýlelik bilen, bu ýerde tiz wagtyň içinde bir uly şäher kemala gelipdir, bu ýeriň adamlary bolsa bolelin, asuda durmuşda ýaşapdyrlar. Günlerde bir gün Güljahan ol gowakdaky hazynadan bir zat goýman daşatdyrýar, onuň sakçysy garryny hem özüne enelik edinýär. Bir gün Güljahan şäheriň hemme halkyny ýygnap: − Adamlar, indi biziň şäherimiziň jemendesi hem birçene ýetdi. Indi bize bir baştutan gerek, hany, öz araňyzdan gowy bir adamy patyşa saýlaň − diýipdir. Ilat: − Biziň sizden başga patyşa saýlajak adamymyz ýok, siz akylly adam, bu şäheri saldyranam özüňiz, indi özüňiz hem patyşa bolarsyňyz. Şirwanadyl hem sizçe bolan däldir − diýşip gygyryşypdyr. Şunluk bilen, Güljahan bu şähere patyşa bellenýär. Ol dünýäde gaty güýçli patyşa bolýar, özi-de iki patyşanyň hazynasyna eýe bolýar. Bu şäheriň ilaty gün-günden köpelip başlaýar. Bu gyz şa akylly adamlaryndan özüne wezir-wekiller toplaýar. Şäherde mekdep we gaýry jaýlar saldyryp, gaty sahy patyşa bolýar. Bu şäheriň ilaty Güljahan patyşadan göwünleri gaty hoş bolupdyr. Emma şäher ilaty bu patyşanyň gyzdygyny bilmeýär. Bu şäheriň şeýle täze tutulan owadan ýurtdugy, patyşanyň adyllygy älem- jahana jar bolýar. Bu şäheriň bazary bütin dünýäniň bazaryndan baý eken. Munda adyny tutan zadyň hemmesi tapylyp, dünýä söwdagärlerine özüni 87 tanadypdyr. Her bir ýurduň patyşalarynyň adamlaryndan ýörite gelip, bu şähere aýlanyp, patyşanyň köşgüne syn edip, haýran galyp gider ekenler. Bu çölüstandaky şeýle owadan şäheriň bina bolmagyna haýran galar ekenler. Şirwan patyşanyň bir adaty barmyş: gedaý onuň köşgüniň ýedi ga- pysyndan hem aýlanyp gelse, ony boş goýbermän, bir zat berer eken. Güljahan Şirwan patyşanyň bu zatlaryna belet eken. Günlerde bir gün Güljahan özüniň wezirini çagyryp: − Eý, wezir, ynha, şeýle-şeýle, sen gedaý geýimine gir-de, pylan ýerde Şirwanadyl diýen bir patyşa bar. Sen onuň şäheriniň bir ýerinde ýerleş-de, soň onuň köşgüne şu gedaý lybasyň bilen bar, onuň köşgüniň ýedi gapysyndan baranyňda-da seni boş çykarmaz. Sen hemme gapy- laryndan girip, aýlanyp bolanyňdan soň, ýene-de birinji gapysyndan tä- zeden girip başlagyn. Şonda patyşa saňa gaharlanar welin, sen derrew: «Päh-eý, Şirwanadyl diýselerem, pylan ýurduň patyşasyça ýok ekeni, onuň köşgüniň edilişi-hä edil şunuň ýaly welin, emma onuň gapysy sekiz, özem her gapysyndan gireniňde-de berýän zadynyň hetdi-hasaby ýok, süýji dili hem onuň üstüne, onuň ýaly patyşa dünýäde bolmaz, indi men başymy alyp, şol patyşaňka gideýin-le» diý-de, saraýyndan çyk-da gaýdyber − diýip öwredipdir. Wezir özüniň patyşasynyň hemme diýenlerine düşünip, derrew şaýyny tutup, bir kişilik hem gedaý esbabyny horjuna salyp, atyny sürüp gidiberipdir. Bu wezir az ýöräp, köp ýöräp, ahyry Şirwan patyşanyň şäherine ýetipdir. Ol bir saraýmanyňkyda atyny daňyp, dynjyny alyp, şähere aýlanyp, tanyş bolupdyr. Wezir ertir irden, hiç kim duýmanka, gedaý eşiklerini geýip, bazarda aýlaň-çaýlaň edip, soň Şirwan patyşanyň köşgüne ugrapdyr. Bu wezir Şirwanadylyň köşgüne barypdyr-da: − Diwana geldi işikden, Bela çyksyn deşikden. Diwana bir suw beriň. Gara tüýli meşikden. Ýa Alla jan, ýa Alla! Ýa Bahawetdin diwana! Bereweriň, bereketiň artsyn! – diýip, her gapydan baranda, sanap barýarmyş. Şirwanadyl bu gedaý her gapysyndan gelende, oňa birneme pul berýär, emma ýene-de ilki giren gapysyndan girip başlaberende Şirwanadylyň muňa gahary gelip: − Päh-eý, sen-ä bir edepsiz diwana ekeniň − diýip kowupdyr. Diwana wezir: − Päh-eý, Şirwanadyl, Şirwanadyl diýselerem özüni görmän Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling