Türkmen halk döredijiligi


Download 1.41 Mb.
Pdf ko'rish
bet37/109
Sana31.01.2023
Hajmi1.41 Mb.
#1144816
1   ...   33   34   35   36   37   38   39   40   ...   109
Bog'liq
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Halky kyssalar. Jadyly ertekiler


90
Türkmen halk döredijiligi
Güljahan Şirwanadyl nakyl aýdyp otyrka, bilgeşländen birnäçe gezek daş 
çykyp, içeri giripdir. Şirwanadyl şeýle gürrüň beripdir:
− Gadym zamanda örän bir adyldyryn öýdýän bir patyşa bar eken. 
Onuň sahylygy, akyllydygy äleme meşhur eken. Bu patyşa öz ýanyndan: 
«Meniň ýaly adyl hem-de sahy patyşa dünýä gelen däldir, indi hem gel-
mez» diýip, pikir edýär ekeni. Ol hem edil siz ýaly, pylança gapyly köşk 
saldyryp, gapydan gelen gedaýa goşawuç-goşawuç gyzyl berip goýberer 
ekeni. Ilatyň aç-ýalaňajyna göz-gulak bolup durar ekeni. Emma günlerde 
bir gün bu patyşanyň ýeke özi otyrka, munuň ýanyna bir gedaý gelip, 
köşgüniň gapylaryndan gireninde, oňa zat berip, kemini goýman göwnüni 
tapdymmykam öýdüpdir. Emma gedaý zatlary az görüp, ýene-de birinji 
gapydan girip başlaberipdir, sebäbi ýene goşawuç-goşawuç gyzyl gerek 
ekeni. Ynha, şu ýerde ýaňky patyşanyň bu gedaýyň bolşuna birneme ga-
hary gelipdir-de, gedaýa:
− Sen haýsy gapydan baranyňda, şunuň ýaly mürehet görýärsiň, 
akyly göçen − diýip, käýinipdir welin, ýaňky gedaý:
− Wah, bolmady, seniň ýöne adyňy eşidäýmeli eken, özüň onçakly 
sahу däl ekeniň. Pylan ýerde bir patyşa bar welin, onuň döwleti, adyllygy, 
sahylygy, şirin dilliligi seniňkä görä birnäçe esse baýdyr − diýip öwüpdir. 
Bu patyşa ýörite gidip görse, dogrudan hem, gedaýyň aýdyşyndanam bir-
näçe esse artyk eken. Ondan soň, bu patyşa hem ýerine baryp, şeýle sahy 
boljak bolup çalşypdyr. 
Güljahan daş çykmak üçin ýene ýerinden turýar welin, Şirwanadyl 
derrew onuň köwşüni öňüne atyp, dolanyp içerik girende hem ýygnap 
goýupdyr.
Şeýdip, Şirwanadyl bu gyz patyşa birnäçe sagat erteki otaryp beripdir. 
Emma gyz patyşa aýdýar:
− Eý, myhman, dogry, ol patyşa gaty sahy eken, emma onuň ba-
hyllygy-da şol sahylygyça bar eken, iň gowusy, ol öňki sahylygy bilen 
oňubermeli eken, ýok zadyny bar edip, ol patyşanyň yzyndan sahylykda 
ýetjek bolmagy görübilmezçilik bolýar. Myhman, bu gije git-de ýat, ertir ol 
ýoldaşlaryňy hem alyp gel. Men hem size bir erteki-nakyl aýdyp bereýin.
Ertesi Şirwanadyl wezirleri bilen, üç gedaý bolup, bu patyşanyň 
köşgüne gelipdir. Bu patyşa bulara hormat-hezzet edip, wezirlik ýerden orun 
berip, özi hem tagtynda oturyp, erteki aýtmaga başlapdyr. Güljahan patyşa 
Şirwanadylyň şol öý diňleýşinden başlap, şu häzir ýanynda oturyşyna çenli 
erteki edip aýdypdyr. Güljahan erteki aýdyp otyrka, Şirwanadyl öz içinden: 


91
«Bu zatlary muňa kim aýtdyka?» diýip oýlanyp, gözlerini tegeläp, gitjek 
bolup, birnäçe gezek rugsat sorapdyr welin, Güljahan ertekisini gutarýança 
bulara rugsat bermändir. Ahyrynda bu gyz özüniň täjini başyndan aýryp, 
özüniň gol boýy saçyny görkezip:
− Şol seniň çöle taşladan Güljahanyň men. Şirwanadyl men daşary 
çykamda, köwşümi öňüme oklasa, içeri girenimde, köwşümi ýygnap goýsa 
diýip, bolsady ekipdim. Ine, şol eken bolsadym indi gögerdi − diýipdir.
Şirwanadyl bu zatlara haýran galypdyr. Güljahan Şirwan patyşa, onuň 
wezir-wekillerine halat-serpaý geýdirip, ýene birnäçe gün hormat-hezzet 
edip, uly engamlar bilen ýurduna ugradypdyr. Köp ýyl patyşalyk edip, 
dünýäde iň adyl, iň sahy patyşa bolup, maksat-myradyna ýetipdir. 
Böwenjik
Bir bar eken, bir ýok eken. Bir Böwenjik, bir Dalajyk, bir Böwrejik bar 
eken. Bularyň üçüsi dost bolup, bir ýana gezmäge gidipdirler. Barýarkalar 
ýollarynda bir suwly ýap çykypdyr. Bular bu ýapdan böküşmeşek we bök-
mekde yza galany iýmeşek edýärler. Öňürti Böwenjik bökýär, «pök» edip 
honda düşýär. Yzyndan Dalajyk bökýär. Onuň aýagy suwa degýär. Böwrejik 
bolsa böküp, «jülp» edip, suwuň içine gaçýar. Böwenjik bularyň ikisini hem 
lak-luk atyp gidiberýär.
Gidip barýarka Böwenjigiň öňünden bir garga çykýar. Böwenjik oňa:
− Gargajyk, eý, gargajyk, men seni iýäýeýinmi? − diýýär welin, garga:
− Sen meni iýjek bolsaň, çüňküm bilen garnyňy ýararyn!
− diýýär. Onda Böwenjik:
Tak-tak etdim,
Dalak iýdim.
Pök-pök etdim,
Böwrek iýdim.
Seni iýmän nämejik! 
− diýip, ony hem lak-luk atyp gidiberipdir. 
Gidip barýarka onuň öňünden eşeklije garry baba çykypdyr. Böwenjik 
oňa hem:
− Eşeklije baba, seni iýäýeýinmi? − diýýär welin, babajyk:
− Iýjek bolsaň, eşek taýagym bilen uraryn-da, garnyňy ýaraýaryn!
− diýýär. Onda Böwenjik:
− Tak-tak etdim,
Dalak iýdim.
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler


92
Türkmen halk döredijiligi
Pök-pök etdim,
Böwrek iýdim.
Gagyldap oturan
Gargany iýdim.
Seni iýmän nämejik! 
– diýýär-de, ony hem lak-luk atyp gidiberýär.
Böwenjik ýene gaýşaryp gidiberipdir. Onuň öňünden torumlyja 
Maýa çykypdyr. Böwenjik oňa garap:
− Maýajyk, Maýajyk, seni iýäýeýinmi? − diýipdir.
Onda Maýajyk:
− Sen meni iýjek bolsaň, dabanym bilen garnyňy basyp ýaraýaryn 
− diýipdir. Böwenjik ýene kikir-kikir gülüp:
− Tak-tak etdim,
Dalak iýdim.
Pök-pök etdim,
Böwrek iýdim.
Gagyldap oturan
Gargany iýdim.
Eşeklije babany iýdim.
Seni iýmän nämejik! 
– diýýär-de, Maýany lak-luk atýar.
Ýene barýarka onuň öňünden aşyk oýnap ýören oglanlar çykýar. 
Böwenjik olara:
− Oglanjyklar, oglanjyklar, sizi iýäýeýinmi? − diýýär. Oglanlar 
bolsa:
− Eger sen bizi iýjek bolsaň, kenegimiz bilen urarys-da, garnyňy 
ýaraýarys! − diýýärler. Böwenjik olara hem:
− Tak-tak etdim,
Dalak iýdim.
Pök-pök etdim,
Böwrek iýdim.
Gagyldap oturan
Gargany iýdim.
Eşeklije babany iýdim.
Torumlyja Maýany iýdim.
Sizi iýmän nämejik! 
– diýip, olary hem lak-luk atyp gidiberýär. Ýene gidip barýarka, 
oňa suwa barýan bir topar gyz duş gelýär. Böwenjik:


93
− Gyzlar, aý, gyzlar, men sizi iýäýeýinmi? − diýýär. Onda olar:
− Eger sen bizi iýjek bolsaň, küýzämiz bilen urup, garnyňy ýararys! 
− diýýärler. Böwenjik:
− Tak-tak etdim,
Dalak iýdim.
Pök-pök etdim,
Böwrek iýdim.
Gagyldap oturan
Gargany iýdim.
Eşeklije babany iýdim.
Torumlyja Maýany iýdim.
On oglany orup iýdim.
Sizi iýmän nämejik! 
– diýip, bulary hem lak-luk atyp gidiberýär. Ýene gidip barýarka, 
öňünden bir kerwen çykýar. Böwenjik olara hem:
− Sizi iýäýeýinmi? − diýýär. Olar:
− Eger sen bizi iýjek bolsaň, urup öldüräýeris! − diýýärler. Böwenjik 
olara hem:
− Tak-tak etdim,
Dalak iýdim.
Pök-pök etdim,
Böwrek iýdim.
Gagyldap oturan
Gargany iýdim.
Eşeklije babany iýdim.
Torumlyja Maýany iýdim.
On oglany orup iýdim.
Kyrk gyzy gyryp iýdim.
Sizi iýmän nämejik! 
– diýip, olary hem lak-luk atyp gidiberýär.
Ol gidip barýarka, bir garryja mamanyň çatmasynyň üstünden 
barýar. Garryja mama oňa:
− Wah, wah-eý, oglum, iýäýseňem bolardy welin, sen gaýsar 
bolupsyň, bir salym ýatyp dynjyňy al, men saňa bir ýaglyja kömeç bişirip 
bereýin! − diýipdir.
Böwenjik garryja mamanyň gepine ynanyp, arkaýyn ýatypdyr. Gar-
ryja mama bolsa kepgirini otda gyzdyryp, ýagşy gyzaransoň, Böwenjigiň 
garnyndan basypdyr. Böwenjik «tark» edip ýarylypdyr welin, Böwenjigiň 
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler


94
Türkmen halk döredijiligi
ýuwdan adamlarynyň, haýwanlarynyň hemmesi çykypdyr. Olar begenişip:
− Sag bol, garry ene, sag bol, garry ene − bolşup, çykyp gidiberip-
dirler.
Şeýdip, garry mama bütin janly-jandary açgöz Böwenjikden 
dyndyryp, arkaýynja ýaşaberipdir.


95

Download 1.41 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   33   34   35   36   37   38   39   40   ...   109




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling