Türkmen halk döredijiligi


Download 1.41 Mb.
Pdf ko'rish
bet45/109
Sana31.01.2023
Hajmi1.41 Mb.
#1144816
1   ...   41   42   43   44   45   46   47   48   ...   109
Bog'liq
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

MYRALY HAKDAKY 
ŞORTA SÖZLER
Biz adam dälmi?
Soltansöýün bütin Horasana höküm etse-de, siňege höküm edip bil-
mändir. Ol Myrala ýüzlenip:
− Heý, siňegiň ýok ýeri barmyka? − diýip sorapdyr. 
Myraly oňa:
− Adam bolmadyk ýerinde siňek bolmaz! − diýipdir. 
Soltansöýün öz ýanyndan Myralyny şu sapar gepde ýeňerin diýip 
oýlanypdyr-da:
− Atlan! − diýipdir. 
Olar bir çöl beýewana baryp düşenlerinde, bir siňek wyz edip gelipdir-
de, Soltansöýüniň ýüzüne gonupdyr. 
Soltansöýün Myrala garap:
− Adamsyz ýerde siňek bolmaz diýmänmidiň? Bu, näme, siňek däl-
mi? − diýipdir. 
Myraly oňa:
− Biziň ikimiz, näme, adam dälmi? − diýip jogap beripdir. 
Gysga ýorgan
Soltansöýün öz wezirleriniň akyl-paýhasyny saýgarmak üçin, olaryň 
hemmesini köşge ýygnapdyr-da, gysga ýorgany kellesine büräp, injigini 
açyp ýatypdyr. Wezirlerine:
− Şol ýorgany meniň aýagymyň aşagyna ýetiriň! − diýip buýrupdyr. 
Wezirleri her näçe oýlansalar-da, her hili tagalla etseler-de, onuň tärini 
tapmandyrlar. 
Soltansöýün iň soňunda ýorganyň aşagyndan:
− Myraly, sen ýokmusyň? − diýip gygyrypdyr. Myraly oňa:
− Soltansöýün, gaharyň gelmese, ýetireýin − diýipdir. 


115
Soltansöýüniň ýorganyň aşagyndan sesi çykypdyr:
− Ýorgany aýagymyň aşagyna ýetirmeseň, gaharym geler. 
Myraly ýanyndaky ýatan gamçyny alypdyr-da, Soltanyň ýalaňaç inji-
klerine mäkäm çalypdyr. Soltanyň aýaklary şol bada ýorgana çolanypdyr. 
Soltan ýerinden galyp:
− Näme üçin urduň? − diýip soranda, Myraly oňa:
− Buýrugyňa amal edip, ýorganyňy aýagyňa ýetirdim. Aslynda sen 
näme üçin ýorganyňa görä aýak uzatmadyň? − diýip jogap beripdir. 
KEMINE HAKDAKY 
ŞORTA SÖZLER
Size bolýar-da, bize bolmaýarmy?
Kemine Mara gelýär eken, ýolda bir daýhan melleginde hem hiňlenip, 
hem çil galdyryp ýören eken. Kemine durupdyr-da diň salyp başlapdyr. 
Daýhanyň öz düzen aýdymyny ýoýup aýdanyny eşidip, içmegini serpipdir-
de, çiliň ol ujundan bozup ugrapdyr. Muny gören daýhan gaty sesi bilen 
gygyryp başlapdyr:
− A-how, edýäniň näme, çekilen çili bozubermek bormy?!
Onda Kemine:
− Siz biziň gazalymyzy bozsaňyz bolýar-da, biz siziň çiliňizi boza-
nymyzda bolmaýarmyşmy? − diýipdir
Bu bir oýundyr-da
Kemine küşt hem oýnar ekeni. Ol bir gezek küşt oýnunda 
garşydaşyna birentek malyny aldyrypdyr.
Ýaňky garşydaşy oýun arasynda bir iş bilen daş çykanda bolsa, olary 
ýene-de ýerli-ýerinde goýuşdyrypdyr.
Garşydaşy gelip küşt tagtasyna sereden badyna utup alan mallarynyň 
ýene ýerinde durandygyny görýär.
Ol nägilelik bildirip, Keminä:
− Munyňyz bolmaýar. Aldyran mallaryňyzy gaýtadan ýerinde 
goýuşdyrypsyňyz − diýýär. Kemine äwmezlik bilen:
− Bu bir oýundyr-da. Näme çyndyr öýdýäňmi? Şoňa-da gaharyň 
gelýärmi? − diýen. 
Halky kyssalar. Şorta sözler


116
Türkmen halk döredijiligi

Download 1.41 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   41   42   43   44   45   46   47   48   ...   109




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling