Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- ALDARKÖSE HAKDAKY ŞORTA SÖZLER
ŞORTA SÖZLER
EPENDI HAKDAKY ŞORTA SÖZLER Berilmejegine düşünäýsene Bir gün kimdir biri Ependiden ýüp sorapdyr. Ependi öýüne girip- çykyp: − Ýüp-ä boş däl ekeni, aýallar onuň üstünde un seripdirler – diýipdir. Dilegçi: − Hi, ýüpüň üstünde-de un serilermi? Seniň bu diýýäniň dünýäde hiç bolan däldir – diýipdir. Ependi oňa: − A-haw, dogan, ýüpüň üstünde un serilmejegi saňa-da mälim, maňa-da, şeýle diýilmeginden ýüpüň berilmejegine düşünäýsene – diýipdir. Çep aýagym täretsiz galdy Bir gün Ependi täret kylyp otyrka, onuň bir aýagyna suw ýetmändir. Soňra gaz ýaly bir aýagyny göterip, ýeke aýagynyň üstünde namaza du- rupdyr. − Ýeri, Ependi, bu näme etdigiň? – diýip soranlarynda, ol: − Çep aýagym täretsiz galdy – diýip jogap beripdir. Bu boşasa, ondan hem beter gaçar Bir gün Ependiniň gölesi boşapdyr. Ependi bolsa beýleki bagly duran göläni urmaga başlapdyr. − Gaçany goýup, muny näme urýarsyň? – diýenlerinde, ol: − Bu boşasa, ondanam beter gaçar – diýipdir. Sen ýarymyna pagta ekdiň, ýarymyna-da men galla ekjek Bir gün Ependi çala öwrenje dellege saçyny syrdyrypdyr. Dellek her päki ýöredende onuň kellesini kesip, pagta ýelmeýärmiş. Ahyry Ependi çydaman, turup gitmekçi bolupdyr. Dellek: 113 − Ependi, heniz kelläň ýarysy syrylanok – diýipdir. Onda: − Sen ýarymyna pagta ekdiň, indi besdir, galan ýarymyna-da men galla ekjek – diýip, Ependi jogap beripdir. ALDARKÖSE HAKDAKY ŞORTA SÖZLER Aldarköse we kazy Aldarköse bir ýerde otyrka, bir adam onuň ýanyna gelip, ondan- mundan gürrüň eden bolupdyr. Bularyň gürrüňi gaty uzaga çekmän, ol adam gaharlanyp ugrapdyr. Köse onuň gahary gelip- gelmänini hiç bir alada edip durmandyr weli, ol adam birdenkä Aldarkösäniň ýüzüne bir şapbat urupdyr. Aldarköse gaýtargy bermegiň ugruny tapman, ol adamy kaza äkidipdir. Ol adam kazynyň tanşy eken. Şonuň üçin kazy Aldarköseden şaýat sorapdyr. Onda ol uran adam: − Men ony uramok, urmadygyma şaýat tapaýyn − diýipdir. Kazy bolsa ol adamy şaýat getirmäge iberipdir. Ol çykyp öz işine gidipdir. Aldarköse bolsa agşama çenli garaşypdyr, emma, ol adam gel- mändir. Aldarköse kazynyň hilesine düşünip, ýakynragyna baryp: − Kazy aga, men-ä howlugýaryn, hakymy senden aljak-da gitjek, senem ol adam gelende alaý − diýip, şapbady bilen kazynyň dulugyna bir çekipdir-de ugraberipdir. Kazynyň başy aýlanyp, gözi garaňkyrap, Kösäniň gidenini hem bilmän galypdyr. Kim köp aýdym bilýär Bir gezek Aldarköse bilen şeýtan bir ýere ugrapdyr. Ýolda her hili gürrüňler edip, ahyrynda her haýsy bir aýdym aýtmaly bolupdyr. «Her kim aýdym aýtsa, beýlekini münüp aýtmaly, aýdymy gutaransoň düşmeli» diýşipdirler. Aldarköse şeýtana: − Sen ilki aýt! − diýipdir. Şeýtan Kösäni münüp, aýdyma başlapdyr. Şeýtan bir gysgajyk aýdyma başlan ekeni, ol tiz gutarypdyr-da, Kösäniň üstünden düşüpdir. Soňra Aldarkösä gezek ýetipdir. Aldarköse şeýtanyň üstüne münüp, mazalyja ornaşyp oturypdyr-da, elindäki egrije taýagyny dutar edinip: * 8. Sargyt № 3166 Halky kyssalar. Şorta sözler 114 Türkmen halk döredijiligi «Tene-tene, tene-tene» diýip, yzyny üzmän gaýtalapdyr. Şeýtan ýadap, degnasyna degensoň: − Bu nähili aýdym, ýaman uzak ekeni – diýip sorapdyr. Onda Köse aýdymyň arasyny kesmän: − Soň aýdaryn – diýip, taýagy bilen ümläpdir. Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling