Türkmen halk döredijiligi


Download 1.41 Mb.
Pdf ko'rish
bet46/109
Sana31.01.2023
Hajmi1.41 Mb.
#1144816
1   ...   42   43   44   45   46   47   48   49   ...   109
Bog'liq
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

JAPBAKLAR HAKDAKY 
ŞORTA SÖZLER
Öküziň kellesi huma gaçypdyr
Japbaklaryň bir garry öküzleri bar eken. Japbaklar bir-birine igenişip, 
öküzlerine idili ot-suw bermez eken. Bir gün öküz suwsap, gapdalyndaky 
suwly huma kellesini sokup, suwuny içipdir. Ondan soň öküz kellesini 
humdan çykarjak bolanda, kellesi humdan çykmandyr. 
Öküz humy kellesine göterip, howlynyň içinde molap, iki ýana ça-
pypdyr. Japbaklar muny görüp ylgap öküzi tutup:
− Indi bu öküziň kellesini nädip humdan çykarmak bolarka? – diýip 
maslahatlaşýarlar. Onda Japbaklaryň biri:
− Humy döwüp, öküziň kellesini çykarmaly – diýipdir. 
Onda beýleki Japbak:
− Ýok, humy döwjek bolup, öküzi haram öldüris, öňürti öküziň 
kellesini kesip, ondan soň humy döwüp, öküziň kellesini çykarmaly
– diýipdir. 
Japbaklaryň hemmesi munuň sözüne: «Dogry-da dogry» diýşip, 
öňürti öküziň kellesini kesipdirler, ondan soň humy döwüp, öküziň kel-
lesini çykarypdyrlar. 
Dört bolsaň pag-da
Japbaklar dört dogan bolup bir gün degirmene un çykarmaga 
barypdyrlar. Degirmeniň kilwany:
− Eý, Japbaklar, bu gün size nobat ýetmez, erte geliň – diýip 
aýdypdyr. 
Japbaklaryň birisi:
− Biziň nobatymyz şu gündür – diýip, kilwany tutýar, beýlekisi hem 
dolyny boşadýar, galan ikisi hem bugdaýlaryny degirmene guýup, un 
çykaryp gaýdýarlar. 
Olar gaýdyp gelýärkäler, ýolda öňlerinden degirmene barýan bir 
adam çykyp: 
− Ýeri, Japbaklar, degirmende nobat köpmi? – diýip sorapdyr. Jap-
baklar hem:
− Nobatyň köpüni-azyny bilmeris, emma özüň dört bolsaň pag-da 
– diýipdir. 


117
Geliň, süýräp çykaralyň
Bir gün Japbaklaryň ekinine bir mal giripdir. Japbaklaryň birisi:
− Geliň, bu maly ekinimiziň içinden itip çykaralyň – diýipdir. Onda 
beýlekisi:
− Eger itip çykarsak, aýagymyzy basyp ganadar. Geliň, muny kowup 
çykaralyň – diýipdir. Ýene biri:
− Muny kowup çykarsak, ekinimizi basgylap harap eder, muny göterip 
çykarmak gerek – diýipdir. 
Onda ululary: 
− Eý, akmaklar, göterip çykarsaň, bir-biriňize çolaşyp, ýykylyp 
ölersiňiz, ony süýräp çykarmak gerek – diýipdir. 
Halky kyssalar. Şorta sözler


118
Türkmen halk döredijiligi

Download 1.41 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   42   43   44   45   46   47   48   49   ...   109




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling