Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Şadessanlar. Gorkut ata
138 Türkmen halk döredijiligi 138 Türkmen halk döredijiligi Çopanyň içine gorky düşdi, emma gyzyň derdinden meňzi sarardy. Soň bir zamanlarda oguz ýene ýaýla göçdi. Çopan ýene çeşmä geldi, ýene goýun ürkdi. Çopan ileri bardy, gördi kim, bir ýargak ýatyr ýaldyr- ýaldyr ýaldyrar. Peri gyzy geldi, aýdar: − Çopan, gel, amanadyň al, emma ogzuň başyna zowal getirdiň... Çopan bu ýargagy gördi, arkan çekildi. Sapan daşyna tutdy. Emma ol urdugyça ulaldy. Soňra çopan ýargagy taşlap gaçdy, goýnuna tarap gitdi. Şol wagtlar Baýandyr han öz begleri bilen seýrana çykypdy. Olar hem şu ýere geldiler. Gördüler kim, bir geň zat ýatyr. Onuň başy, aýagy bildirmez. Bular atdan indiler, daşyny aldylar. Bir ýigit muny aýagy bilen depdi. Emma ol depdigiçe ulaldy. Ýene birnäçe ýigit atdan indiler, depdiler depdikleriçe ulaldy. Oraz goja hem inip depdi, ökjesi degip, bu ýargak ýaryldy, içinden bir oglan çykdy. Göwresi adam, depesinde bir gözi bar. Oraz bu oglany aldy, etegine saldy. Aýdar: − Hanym, muny maňa beriň, men muny oglum Beset bile besläýin − diýdi. Baýandyr han: − Bar, şol seniňki bolsun! − diýdi. Oraz Depegözi alyp, öýüne getirdi. Ony emdirmek üçin bir eneke çagyrdylar. Eneke gelip, emmesini oglanyň agzyna saldy. Oglan bir sordy − barja süýdüni aldy, iki sordy − ganyn aldy, üç sordy − janyn aldy. Ýene birnäçe enekeleri getirdiler, olar hem heläk boldular. Gördüler kim, bolar ýaly däl. Soňra «goýun süýdi bilen besläliň» diýdiler. Emma günde bir gazan süýt ýetmezdi. Beslediler, ulaldy, gezip başlady. Oglanjyklar bilen oýnardy. Emma bile oýnaýan oglanjyklaryň kimiň gulagyny iýdi, kimiň burnuny iýmäge başlady. Garaz, obalar munuň bu bolşundan gaty ynjadylar. Oraza şikaýat edip aglaşdylar. Oraz Depegözi urdy, sökdi, emma oňa alaç bolmady. Ahyr öýünden kowdy. Depegözüň peri enesi gelip, oglunyň barmagyna bir ýüzük dakdy: − Ogul, saňa ok batmasyn, gylyç kesmesin! − diýdi. Depegöz oguz- dan çykdy, bir beýik daga bardy, ýol kesdi, at aldy, beýik haramy boldy. Onuň üstüne bir topar adam iberdiler. Ok atdylar, batmady, gylyç 139 139 urdular, kesmedi, süňi bile sançdylar, ilmedi. Çopan-çoluk galmady − hemmesini iýdi. Oguzdan hem iýmäge başlady. Oguz ýyglyp üstüne bardy. Depegöz görüp, gaharlandy, bir agajy ýerinden gopardy, baran adamlaryň üstüne zyňyp, elli-altmyş adamyny heläk etdi. Alplar başy Gazana zarp urdy, onuň dünýe başyna dar oldy. Gazanyň dogany Depegözüň elinde zebun boldy. Dözen ogly Alprüstem şehit boldy. Owşan goja ogly kibi pälwanlar onuň elinden heläk boldular. Demir donly Mommak, Bükdüz Aman onuň elinde zebun boldy. Ak sak- gally Oraz goja gan gusdurdy. Ogly Koýan Seljugyň ödi ýaryldy. Oguz Depegöze kär kylmady, ürkdi, gaçdy. Depegöz olaryň öňünden çykyp, yzyna gaýtardy, hiç ýana goýbermedi. Öňki ýurtlarynda gondurdy. Garaz oba ýedi keren ürkdi, Depegöz hem ýedi keren yzyna gaýtardy. Oguz Depegözüň elinde zebun boldy. Bardylar, däde Gorkudy çagyrdylar, onuň bilen geňeşdiler, geliň, Depegöze kesim keseliň 1 − diýdiler. Däde Gorkudy Depegözüň üstüne iberdiler. Ol baryp salam berdi. Aýdar: − Ogul, Depegöz, oguz eliňde zebun boldy, muňaldy. Seniň aýagyň topragyna meni iberdiler. Olar saňa kesim bereliň diýerler. Depegöz aýdar: − Günde altmyş adam beriň iýmäge! Däde Gorkut aýdar: − Beýle etseň, adam goýman tükedersen, emma günde iki adam bile bäş ýüz goýun bereli. Gorkut beýle diýgeç, Depegöz aýdar: − Hoş, goý, şeýle bolsun, ýöne iki adam beriň, meniň iýmegim bişirsin, men iýeýin. Däde Gorkut dolanyp, oguza geldi, aýdar: − Günde bäş ýüz goýun bile iki adam isledi hem Ýüňli goja bilen Ýapagly gojany onuň ýanyna iberiň, onuň naharyny bişirsin. Bular razy boldular. Dört ogly bolan birini berdi − üçüsi galdy, üç ogly bolan birini berdi − ikisi galdy, ikisi bolan birini berdi − biri galdy. Gapak han diýen bir kişi bardy, iki ogly bardy. Bir ogluny berip, biri galypdy. Nobat öwrülip, ýene muňa geldi. Oglanyň enesi perýat edip aglady, zarlyk eýledi. Hawa, şol wagtlarda Orazyň ogly Beset urşa gidipdi. Ol dolanyp geldi. 1 Kesim kesmek – belli bir şert bilen zat bermek. Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling