Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
GORKUT ATA
Bölekler Döwhe goja ogly Däli Dumrul boýuny beýan eder Oguz illerinde Döwhe goja ogly Däli Dumrul diýen bir är bardy. Ol bir gury çaýyň üstünden köpri ýasap, kim şondan geçse, otuz pul alyp, geçmedikden bolsa ura-ura kyrk pul alardy. Beýle etmeginiň sebäbi, onuň özüne göwni ýetýändigindendi. Ol: «Dünýäde meniň bilen söweşer ýaly menden däli, menden güýçli är bar- myka, biri meniň bilen söweşse, meniň adym Ruma, Şama ýaýrasa!» diýip öwünerdi we yrsarardy. Bir gün şol köprüniň ýamajyna bir oba göçüp geldi. Şol obada bir ýagşy ýigit ölýär. Kim ogul diýu, kim gardaş diýu, aglaşarlar. Ol ýigit üçin uly ýas baglandy. Nägehandan Däli Dumrul şol oba çapar ýetdi. Aýdar: − Meniň köprimiň ýanynda näme üçin aglarsyňyz, bu ýas, bu gowga näme? − diýip, olaryň üstüne gygyrdy. Olar: − Hanym, biziň bir ýagşy ýigidimiz bardy, şol öldi, şonuň üçin aglaşarys − diýip jogap berdiler. Däli Dumrul: − Siziň ol ýigidiňizi kim öldürdi? − diýdi. Olar: − Allatagaladan buýruk boldy, al ganatly Ezraýyl onuň janyny aldy − diýdiler. Däli Dumrul: − Ol adamyň janyny alýan Ezraýyl diýýäniňiz kimdir? − diýip sorady. − Eý, kadyr Alla, barlygyň haky üçin Ezraýyly bir meniň gözüme görkez, onuň bilen bir söweşeýin, çekişeýin, bu ýagşy ýigitleriň janyny almaz ýaly edeýin! – diýip, dolanyp, öz öýüne bardy. Hak tagalaga Dumrulyň sözi ýaramady: − Serediň-le, ol däli meniň birligimi bilmez, şükür kylmaz, meniň uly dergahymda men-menlik eýlär − diýdi, Ezraýyla buýruk berdi: − Eý, Ezraýyl! Bar, ol Däliniň gözüne görün, meňzini sarardyp, har- ladyp janyny algyl! − diýdi. Däli Dumrul ýigitleri bilen öz öýünde iýip-içip oturardy. Şol wagt 132 Türkmen halk döredijiligi Ezraýyl onuň ýanyna geldi, onuň girenini gapy saklaýanlar hem görmedi- ler. Birden-de Däli Dumrulyň görer gözi görmez boldy, tutar elleri tutmaz boldy, dünýä-älem onuň gözüne garaňkyrap göründi. Däli Dumrul Ezraýyla garap gygyrdy: − Sen nä haýbatly goja sen, gapyçylar seni görmedi, çawuşlar seni duýmady, meniň görer gözüm görmez boldy, ellerim ysmaz boldy, meniň janym joşa geldi, altyn käsäm elimden gaçdy, agzymyň içi buz kibi boldy, süňklerim toz kibi boldy. Eý, sakgaljygy akja goja, gözjagazy çöňňe goja, ne haýbatly goja sen, diýgil maňa! – diýdi. − Gadam belam tokunar, bu gün saňa! − diýdi. Muňa Ezraýylyň gahary gelip: − Eý, Däli, gözümiň çöňňeligini ne halamaz sen. Men gözi owa- dan gyzlaryň, gelinleriň janyny köp aldym. Sakgalymyň aklygyny ne halamaz sen, ak sakgally, gara sakgally ýigitleriň janyny köp aldym. Ine, sakgalymyň aklygynyň manysy budur − diýdi. − Hä, ýeri, sen: «Ezraýyl bir elime düşse, ony öldürip, ýagşy ýigitleriň janyny onuň elinden gutararyn» diýerdiň. Ynha, men seniň janyňy almaga geldim. Janyňy berermiň ýa-da meniň bilen jeň edermiň? − diýdi. Däli Dumrul: − Hä, şol al ganatly Ezraýyl senmi? − diýdi. Ezraýyl: − Hawa, men − diýdi. − Şu ýagşy ýigitleriň janyny alýan hem senmi? − Hawa, men. Däli Dumrul: − Aý, saklawlar, gapylary ýapyşdyryň! − diýip gygyrdy. Soňra Ezraýyla garap: − Men seniň bilen giň ýerde duşuşmagy arzuw ederdim. Emma dar ýerde elime düşdüň, indi men seni öldürip, ýagşy ýigitleriň janyny guta- raryn! − diýdi. Ol gara gylyjyny syryp, Ezraýyly çapmak üçin hemle kyldy. Ezraýyl kepderi sypatyna öwrülip, penjireden çykyp uçup gitdi. Däli Domrul el çarpyp loh-loh güldi. − Ýigitler, görüň Ezraýyly, men ony gaty gorkuzdym, ol gyssanjyna giň gapyny taşlap, dar penjireden guş bolup uçup gitdi, her ýere gitse-de, men ony sypdyrmaryn! − diýdi. Ol ýaraglanyp atlandy, kowup gitdi, meýdanda birki san gögerçini öldürip, öýüne gaýtdy. 133 Ýolda Ezraýyl onuň atynyň gözüne göründi − at ürkdi. Däli Domruly göterip, ýere çaldy. Ezraýyl onuň üstüne münüp, bogup başlady. Däliniň bogazy harlamaga başlady. Däli Domrul: Aý, Ezraýyl, aman! Taňrynyň birligine ýokdur güman. Men seni beýle bilmez idim, Ogryn jan aldygyň duýmaz idim. Depesi beýik biziň daglarymyz bolar, Ol daglarymyzda baglarymyz bolar, Ol baglaryň gara salkymlary − üzümi bolar, Ol üzümi sykarlar − al şeraby bolar. Ol şerapdan içen esrik bolar. Şeraplar iýdim-içdim doýmadym − Ne sözledim, bilmedim, Beglik bile osmadym, Ýigitlik bile duýmadym − Janym alma, Ezraýyl, medet! Onda Ezraýyl aýtdy: − Aý, Däli, maňa näme ýalbarar sen? Allatagala ýalbar. Men hem bir ýumuş oglany, başga bir elimden gelýän zat ýok. Däli Domrul: − Ýa-da jan berip, jan alýan Allatagalamy? − diýdi. − Hawa, şonuň özüdir. − Onda sen bu ýerde näme işlär sen? Sen aradan aýryl, men Allanyň özi bilen habarlaşjak. Soňra ol Alla ýüzlenip: − Sen hemmelerden belent sen, sen musulmanlar dilinde hemişe ýatlanar sen. Eger meniň janym almakçy bolsaň, özüň al, meniň janymy Ezraýyla aldyrma! − diýdi. Däli Domrulyň bu sözleri Hudaýa hoş geldi: − Eý, Ezraýyl, Däli meniň birligime şükür kyldy. Eý, Ezraýyl, Däli Domrula söýle: eger Däli Domrul jan ýerine jan tapyp berse, onuň öz jany azat bolsun! − diýdi. Ezraýyl Hudaýyň buýrugyny Däli Domrula habar berdi: Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling