Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Şadessanlar. Oguznama
128 Türkmen halk döredijiligi halk bulardyr: Gün hanyň ýanynda birinji örkede Gök hanyň uly ogly Baýyndyr oturdy. Onuň ülüşi sol ýanbaş boldy. Bejene dogrady. Kazgurt at tutdy. Ikinji örkede Gök hanyň kiçi ogly Çowdur oturdy. Sol ýanbaş onuň ülüşi boldy. Jebni dogrady. Karham 1 at tutdy. Üçünji örkede Dag hanyň uly ogly Salyr oturdy. Sol aşykly onuň ülüşi boldy. Eýmir do- grady. Halaç at tutdy. Dördünji örkede Dag hanyň kiçi ogly Alaýontly oturdy. Sol omaça ülüşi aldy. Ürker dogrady. Tikan at tutdy. Başinji örkede Deňiz hanyň uly ogly Igdir oturdy. Sol gary (eliň tirsekden ýokarky bölegi) ülüşi aldy. Bükdüz dogrady. Kynyk at tutdy. Altynjy örkede Deňiz hanyň kiçi ogly oturdy. Sol ýanbaş ülüşi aldy. Horasanly dogrady. Saýyr at tutdy. Oguz han iliniň äht etmeginiň beýany Han bilen barça halk aýtdylar: − Eger bir goýun, on, ýüz ýa-da hernäçe ýük malyny öldürseňizem omaçasyny şu aýdylyşy ýaly paýlasynlar. Her haýsysy özüniň oglanlary we nökerleri bilen iýsinler. Ýene-de aýtdylar: – Bir kişi günakär bolsa, ol kişi patyşa oturan ýere ýakyn bolsa-da, uzak bolsa-da, ol günakär kişi patyşanyň urugyndan bolsa, ýa özge urug- dan bolsa-da hanyň bir kişisi barsa we temmi berse, oňa hanyň inisi we oglany ýa-da beglerinden hiç kim arkasynda durup gol ýapmasyn. Eger kim arka dursa, ol arka bolan kişini patyşa işigine getirip arkasyny gylyç bilen çapyp, iki bölmek gerek, ta görene göz we eşidene gulak bolsun. Oguz neslinden we bozuk oglanlaryndan bir kişini patyşa etsinler. Iki kişini patyşa götermesinler. Sebäbi han bir bolsa, il düzeler, iki bolsa, il bozular. Öten akyldarlar aýdypdyrlar: «Bir gyna iki gylyç sygmaz we bir aýaly iki är almaz. Bir ýurda iki töre sygmaz». Bir uly kagyza ähtnama ýazyp, Gün han başlyklaýyn inileri, oglan- lary, begleri, iliniň garry we ýagşylary, ýigitleriniň ýagşylary, barçalary atlaryn goýup, ant içip: – Şu aýdylan sözlerden gaýtmaz biz. Eger bizden bolan oglanlar halalzada bolsalar, tä dünýa ahyr bolýança bu ähtnamany okap, amal 1 Abulgazyda Kazlyk diýip berilýär. 129 ederler. Eger haramzada bolup, ýurdy bozjak diýseler, amal etmezler − diýdiler. Şeýlelikde, atlaryn ýazyp, möhürlerin basyp, ähtnamany Gün hanyň hazynasynda goýdular. Oguz han ölende Gün han ýetmiş ýaşlydy. Ol ýetmiş ýyl atasynyň ýerinde oturyp adyllyk bilen hanlyk etdi. Ol ölenden soň Aý han ýurt tagtynda oturyp höküm sürdi. Emma Aý han eýýamynda ogry we haramy köpeldi. Köp il az taýpanyň malyn talap aldy. Her taýpa bir-birine ýagy bolup, han hökümine gulak asmazlyk edip, hetdinden aşyp, azgyn boldular. Älem-jahanyň hany Ýyldyz hanyň beýany Ýyldyz han gündogardan halaýyga gün dek dogdy. Ýurt tagtynda ornaşdy. Onuň eýýamynda halaýygyň bagty açyldy. Il, begler barçasy sow- gatlar bilen Ýyldyz hanyň hyzmatyna gelip, boýun egdi. Uly-kiçi barçasy onuň adyllygyndan razy we minnetdar bolup, Ýyldyz hanyň ýanynda boýun bolmagy we hyzmatkärligi äht we şert etdiler. Ol eýýamda onuň günden- güne bagty göterilip, atasy Oguz han dek hanlyk sürdi. Ýyldyz han orta boýly, uly ýüzli we çytyk gaşlydy. Owazly kişidi. Onuň lakamy Al handy. Sebäbi ol haýbatly kişidi. Her kim oňa arz etjek bolsa, gös-göni arz edip bilmezdi. Eger gös-göni arz edeýin diýse, onuň haýbatyndan gorkardy. Şonuň üçin Al han oňa lakam boldy. Oguznamalarda şeýle ýazylypdyr. Ol köp ýyl hökümet we hanlyk edenden soň, Ýyldyz han o dünýä gidipdir. Gün hanyň ogly Gaýa hanyň han bolanynyň beýany Gün han ölenden soň, Oguz hanyň barça nebereleri we il ýagşylary ýygnanyşyp Gaýa hany han göterdiler. Ol hem, atasy dek ile adalat edip, ýigrimi üç ýyl patyşalyk edip öldi. Düýp Bakuýyň han bolanynyň beýany Gaýa hanyň oglanlary köpdi. Bir ogluna uly atasy Düýp Bakuý hanyň adyn goýupdylar. Uly-kiçi barçasy bir agyzdan Düýp Bakuýy han göterdi- ler. Günlerde bir gün Düýp Bakuý han halkdan: − Bu wagtda Oguz hany gören kişi barmy? − diýip sorady. Aýtdylar: − Salyr ilinden Üleş atly bir kişi galypdyr − diýdiler. Han kişi iberip * 9. Sargyt № 3166 Şadessanlar. Oguznama 130 Türkmen halk döredijiligi Üleşi getirdip, Oguz hanyň ýurtda oturanda nähili iş edendigini we goşun bi- len nähili ýöriş edendigini, dostlaryna niçik garandygyny we duşmanlaryna nähili tär edendigini birin-birin sorady. Üleş hem bilenlerini aýtdy. Ondan soň Üleşe köp sowgatlar berip, öýüne iberdi. Düýp Bakuý hanyň uly begleri ýazyr ilinden Alaýn we Arlan; begdili ilinden Tekeş we Başy beg, Beýgu beg; baýyndyr ilinden Kabyl hoja dagydylar. Han bir gün aw awlap ýörende atdan ýykylyp ýanbaşynyň süýegi (süňki) syndy. Şondan hem öldi. Guzy Ýawy atly ogly bardy. Ony patyşa göterdiler. Otuz ýyl patyşalyk edip, o dünýä gitdi. Guzy Ýawynyň ogluny patyşa göterdiler. Onuň geňeş begle- ri eýmir ilinden Kerunçek 1 , salyr ilinden Butakdy 2 . Şeýle-de, salyrdan Enkeşdi. Onuň ýagny Guzy Ýawynyň ogly ölenden soň Alygul Sary beg üç arka wezir boldy. Ýüz ýigrimi ýyl hanlyk etdiler we ol hem öldi. 1 Abulgazyda Büker we Nejik diýip berilýär. 2 Pudak bolmagy mümkin. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling