Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Şadessanlar. Görogly
150 Türkmen halk döredijiligi Bir salymdan soň çaga ýene öňküsi ýaly görüň daşyna çykdy. Çykan badyna hem eýere gözi düşüp, şoňabaka ugrady. Baryp, onuň gaşyndan ýapyşyp, üstüne bir aýagyny atagada, dyzady welin, bu ýan tarapyna agyp togalandy. Ol ýene turup münmekçi boldy, emma bu sapar jaýdar atlanyp, üstünde oturdy-da, loňkuldap oýnamaga başlady. Çaga eýeriň üstünde ep-esli oturandan soň, endamynyň ýylysyna ýelim ýumşady. Endamy durşuna tüý bolup duransoň, çaga eýere mäkäm ýelmeşip, dur- dugyça berkleşdi. Soň çaga ýadap, düşüp gitmekçi boldy. Emma düşüp bilmedi. Jygalybeg we beýleki syn edip ýatan adamlar çaganyň eýere berk ýelmeşenini bilip, tarsa ýerlerinden turup, baryp çaga bilen eýeri gujak- ladylar. Çaga aýylganç bir ses bilen gygyrdy. Hemme adamlaryň depe saçy üýşüp gitdi. Ol göýä tora düşen jeren balasy ýaly, depirjiklemäge başlady. Jygalybeg ony ýuwaşlyk bilen eýerden aýryp, gujagyna alyp, öýüne geldi. Aýallar oňa egin-eşik geýdirdiler. Jygalybeg jar çekdirip, Çandybiliň ähli halkyny ýygnap, janly soýduryp, gaýnatma asdyryp, çanak-çanak nahar çekdirip, oturan agyr märekä maslahat saldy: – Aý, halaýyklar, men Adybegiň yzy binyşan galdy diýip, näumyt bolup, gynanyp ýördüm, bu gün bolsa Hudaýym maňa bu çagany Adybeg oglumdan nyşan berdi. Bu çaga türkmen ulus-iliniň gerçek goç ýigit ogly bolsun. Bu çaga siz at goýuň – diýdi. Il arasynda, köpüň üýşen ýerinde her hili adamlar bolýar. Jygalybegiň çakylygyna gelen adamlaryň biri pylan bolsun, ýene biri pismidan bolsun diýip, her kim öz bilenini orta atdy. Bir mol-lasumak adam: – Bu çaga Hudaýyň gaýdyp beren zady, nazar salan guly boldy, şonuň üçin onuň adyna Taňryguly diýsegem bolar – diýdi. Bir ýaşuly: – Bu çaga garaňky görden ýagty dünýä çykdy, munuň ady Röwşen bolaýsyn – diýdi. Oturanlar: «Şol boldy-da, şol boldy» diýşip, Röwşen ady makullap, öýli-öýüne dargamakçy boldular. Emma şol märekäniň çetinde oturan bir pukara garryja adam: – Siz bu çaga täzeden bir at toslap tapjak bolşup, her haýsyň agzyňa gelenini aýdyp oturmaň. Ol çaga dünýä geleninde, ady bilen geldi. Onuň ady Görogly bolar – diýdi. Bu garybyň sözüne hiç kim gulak asmady. Gaýtam, onuň gepine gülşüp, «Bu bir akyly çaşan garrydyr» diýip, ýaňsylamaga başladylar. Jygalybeg aýtdy: – Arman, bu garrynyň sözi ýer almady. «Garybyň sözi ýerem al- 151 maz, ýerde-de galmaz» diýlişi ýaly, Röwşen diýip goýsagam, iru-giç bu oglanyň ady Görogly bolsa gerek – diýdi... ...Bu söz bu ýerde dursun. Indi habary Hüňkärden eşidiň. Bir uly patyşa bardy. Bu patyşanyň adyna Hüňkär soltan diýerdiler. Hüňkär soltan ýedi ýurduň patyşalaryndan paç alyp, ol patyşalary öz golunyň astynda saklap, hökümdarlyk ederdi. Emma türkmen il-ulsu- na hökümi ýöremezdi. Hüňkäriň gitdigiçe nebsewürligi artdy. Ol ýedi yklymdan alýan hyrajynam az görüp, türkmen il-ulsunyň üstündenem öz hökümini ýöretmek üçin, köp ýyllar jan çekdi. Ençeme gezek goşun iber- di. Emma türkmen il-ulsy onuň iberen goşunyny syndyryp, derbi-dagyn edip goýberýärdi. Ahyry Hüňkäriň paltasy daşa degdi. Nalaç bolup, goşun ibermesini goýdy we köp arman çekip galdy. Birnäçe wagt aradan ötdi. Adybegiň dünýäden ötüp, töweregin- den goç ýigitleriniň hem duw-dagyn bolup gidendigini, Jygalybegiň hem öňki kuwwatynyň ýokdugyny hälki söwdagärler Hüňkäriň goýbe- ren içalysynyň üsti bilen oňa habar berýärler. Hüňkär bu habary eşidip, Jygalybegiň üstüne ýene goşun çekmegi ýüregine düwýär. Ol özüniň serdarlarynyň birini ýanyna çagyryp: – Türkmen il-ulsunyň üstüne baryp, ogul – olja, gyz – ýesir edersiňiz. Şu wagta çenli bermedik paç-hyraçlaryny ýygnap alyň, garaw görkezeni uruň, öldüriň. Jygalybegiň özüni bolsa, aýal-oglan-uşaklary bilen öldür- män, diri tutup getiriň, ol zaňňar bilen bu ýerde meniň özüm hasaplaşaryn – diýip, ýaňky serkerdäni goşuna baş edip iberdi. Az ýöräp, köp ýöräp, birnäçe gün ýol ýöräp, Hüňkäriň iberen goşuny Çardagly Çandybile ýetişdi. «Baş bolmasa, göwre läş» diýenleri. Adybeg pahyr kazasy dolup dünýäden öten. Jygalybeg bolsa ýigitlik çagyny ýitirip, güýç-kuwwatdan düşen adam. Indi Çandybilde ne belli bir baş bar, ne-de belli düzgün bar, her kim öz bilenini edip ýör. Şonuň üçinem bular onçakly taýýarlyk görüp bilmediler. Duşman golaýlandan soň, her kim howul-halat, tapan- tupan ýarag-enjamlaryny alyp, söweş meýdanyna çykdy. Arly-namysly türkmen ýigitleriniň köpüsi il-ulus üçin duşman bilen ykjam sanjyşdy. At daradyp, gylyç syrdylar. Jyza parladyp, naýza urdular. Emma Hüňkäriň goşuny ýygyn ýygnap, şaýyny mäkäm tutup gelen ekeni. Bu gezek türk- men ýigitleriniň oýny olar bilen deň gelmedi. Ozal her gezek gelende, Çandybile ýetirilmän duw-dagyn edilip goýberilýän goşun bu gezek ökde çykyp, gala gelip girdi. Öňlerinden näme çyksa urdular-ýardylar, Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling