Türkmen halk döredijiligi
GÖROGLY Göroglynyň döreýşi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
GÖROGLY
Göroglynyň döreýşi (bölekler) ...Günlerde bir gün kazasy ýetip, Adybeg hem dünýäden ötdi. Indi habary garry atadan eşidiň. Jygalybeg biçäre ölümiň yzynda galyp, biliniň kuwwaty gaçdy, gözüniň nury öçdi. – Alla, bu niçik boldy? Genjim oglumyň maňa peýany bolman, ol gitdi. Mömin oglumyň bolsa akyly gelip-gitmeliräk boldy. Adybegim ogullarymyň iň ýagşysydy, bu hem biwagt ýogaldy. Mundan bir zürýat hem galmady – diýip, köp gamgyn boldy. Günlerde bir gün Jygalybeg gözi uka giden wagtynda bir düýş gör- di. Düýşünde: «Tur, Jygalybeg, seniň bir ogluň boldy, gelniň guburyny, bar-da, barlap gör» diýip, habar berýärler. Jygalybeg gözüni açyp seretse, töwereginde hiç kim ýok. Ýene kellesini ýere goýup, uka gitdi. Şol ahwal ýene onuň düýşünde gaýtalandy. Şundan soň Jygalybeg şat bolup, ýerin- den turdy we bir hoş habara garaşýan ýaly bolup geziberdi. Habary kimden al, Genjim begden al. Genjimiň goýny-düýesi kändi. Günlerde bir gün goýun çopanlarynyň biri gelip: – Genjim aga, meniň bakýan sürimiň içinde bir süýtli geçi bar. Ol geçi biraz garbanyp, az-kem otdan doýansoň, sürüden aýrylyp, gabyr- ystanlyga baka gaçyp gidýär. Men oňa hiç buýrabilmän, ahyry garama- gara yzyna düşüp, mazarçylyga bardym. Ol geçi baryp, bir mazaryň başujunda çekredi. Görden bir zat çykyp, geçini emdi, ýagşy emip bo- landan soň, ol zat ýene göre girdi, geçem bärik, sürä baka gaýtdy. Men ol zadyň ynsdygyny, jynsdygyny bilmedim, durşuna tüý bolup duran bir gorkunç zat eken – diýdi. Onda Genjim aýtdy: – Sen sürini başga tarapa süräýseň bolmadymy? – Genjim aga, her tarapa sürüp gördüm, hiç alaç bolmaýar, geçi şol mazaryň başyna her gün barmasa, durup bilmeýär. Soň ertesi çopan sürini örä çykaranda, Genjimiň özi hem onuň bilen bile gitdi. Goýunlar meýdana çykyp, ýazylyp, birmeýdan agyp-dönenden soň, şol geçi ýene sürüden saýlandy-da, gonamçylyga tarap gidiberdi. Çopan: – Genjim aga, seret, halha, geçi gitdi – diýip görkezdi. Genjim bi- len çopan garama-garama geçiniň yzyna düşüberdiler. Çopanyň aýdyşy ýaly, geçi bir mazaryň başyna baryp çekredi. Görden bir zat çykdy welin, 148 Türkmen halk döredijiligi endam-jany durşuna tüý bolup dur. Ol zat müňedekläp-emedekläp baryp, geçiniň aşagyna girdi. Geçi hem gerlip emdirmäge durdy. Genjim beg çopan bilen mazardan-mazara bukulyp, bukdaklaşyp, ýakynrak baryp syn edip görseler, bu zat adam çagasyna meňzeýär. Genjim: – Meniň inim Adybegiň aýaly ölende, çagasy göwresi bilen gidip- di, bu şonuň gabrydyr – diýip, çopana aýtdy. Onýança geçi hem çagany emdirip, ýene sürä baka tutduryberdi. Genjim beg: – Alla, muny tutup alyp gidäýsem, menem bir iş bitiren adam bo- lardym – diýip, oňa baka süýşüp ugrady welin, oňa deňeç ol zat hem ony görüp, derrew gaçdy-da, gabra girip gitdi. Bular baryp, mazara esewan etseler, mazar Adybegiň aýalynyň mazary eken. Bu zat hem şonuň göwre- si bilen giden çaga eken. Görüň bir tarapyndan kiçiräk deşik açylyp, şol deşikden girip-çykýan eken. Genjim bu oglanyň Adybegiň çagasydygyny ýagşy bilenden soň, duran ýerinden atlandy-da, kakasyna buşlamaga gyp basdy. Atyny gök-çür derledip, öýe bardy. Atdan towsup düşüp gapydan girdi-de, Jygalybege garap, bäş keleme söz aýdar boldy, gör-bak, näme diýýär: Eşit, atam, Jygalybeg, Saňa döwran geldi bolgaý. Eýäm saňa ogul berdi, Seniň günüň dogdy bolgaý. Atam, röwşen boldy gözüň, Hatasy ýokdur bu sözüň, Açyldy talyg ýyldyzyň, Saňa döwlet geldi bolgaý. Seniň işiň küşat boldy, Är-pirleriň nazar saldy, Maňa görden bir ses geldi, Seniň ogluň boldy bolgaý. Genjim beg diýr, ýa mähriban, Köňlümizde ýokdur arman, Çandybile dönüp döwran, Bize döwlet geldi bolgaý. 149 Bu habary eşidensoň, Jygalybeg şatlygyndan zöwwe ýerinden galdy- da, Genjim oglunyň boýnundan gujaklap ogşady, ikisi tirkeşip daşary çykdylar-da, atlanyp, mazarçylyga gitdiler. Bu habary eşidip, uludan-kiçi Çandybil halky hem bularyň yzyndan mazarçylyga baka gitdi. Jygalybeg şol barşyna Genjim bilen mazarçylyga bardy. Halk hem olaryň yzlary bilen baryp ýetdi. Bu çagajyk adam-gara ýok wagtynda görden çykyp, mazaryň daşynda oýnar eken. Bardy-geldi, adam-gara göräýse-de, gaçyp, göre girer eken. Jygalybeg Genjim beg bilen mazarçylyga ýetip baranda, Genjim beg bir gabryň başujunda oýnap, emedekläp ýören çagany oňa görkezdi. Jygalybeg görenden soň, ol çaga-da bulary görüp, gaçyp, göre girip gitdi. Ýaşulular Jygalybegiň ýanyna gelip: – Bu çaganyň oguldygyny, gyzdygyny barlamak üçin mazaryň bir ýanynda aşyk, ýene bir gapdalynda gurjak goýup göreliň – diýip, mas- lahat etdiler we çaganyň çykýan ýeriniň bir gapdalynda aşyk, bir gap- dalynda hem gurjak goýdular. Özleri bolsa bir tarapa çekilip bukuldylar. Birnäçe wagt geçenden soň, töwerekde hiç kim ýokdur güman edip, çaga emedekläp, görden çykdy. Gyzyl-çyzyl bolup duran gurjaklara gözi düşdi-de, çaga birbada hatara oturdylan gurjak-lara baka ýüzlendi. Olaryň ýanyna baryp, üşerilip seretdi, emma el urmady. Soň gabryň beýle tara- pyna aýlandy welin, üýşüp ýatan aşyklara gözi düşdi. Çaga hasanaklap bardy-da, aşyklary jagyrdadyp oýnamaga başlady. Bir meýdan oýnandan soň, ýene göre girip gitdi. Bukulyp synlap ýatan adamlar hem onuň oguldygyny bildiler. Jygalybeg: – Indi bu çagany nähili ýol bilen tutup alyp bolarka? – diýip, halka maslahat saldy. Adamlaryň biri: – Duzak gurup tutmak gerek – diýdi, ýene biri başga bir zat diýdi, garaz, her kim öz göwnüne gelenini aýtdy. Olaryň arasynda bir garryja ýaşuly bardy. Onuň işi-pişesi eýer ýasamakdy. Ol: – Bir eýeriň üstüne ýelim çalyp, şol çaganyň çykyp oýnaýan ýerinde goýmak gerek. Şeýdip goýulsa, çaga görden çykyp, eýeriň üstüne münüp oýnanda ýelmeşip galar. Ynha, onsoň baryp tutaýmaly bolar – diýdi. Du- ran adamlaryň hemmesi: «Eýerçi dogry aýtdy-da, eýerçi dogry aýtdy» boluşdylar. Jygalybeg hem bu maslahaty makul gördi. Soň bir köne eýeriň üstüne ýelim çalyp, eltip, şol gabryň ýanynda goýdular-da, özleri öňküleri ýaly bir tarapa çekilip gizlendiler. Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling