Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Şadessanlar. Gorkut ata
136 Türkmen halk döredijiligi Ne diýer sen, ne söýlär sen, Gözüm açyp gördügim, Köňül berip söwdügim, Goç ýigidim, şa ýigidim, Datly damak berip soruşdygym, Bir ýassykda baş goýup, emişdigim. Garşy ýatan gara daglary senden soňra men neýlärem, Ýaýlar olsam, meniň görüm olsun, Sowuk-sowuk suwlaryň içer olsam, Meniň ganym olsun, Altyn akjaň harçlar olsam, Meniň kepenim olsun, Teble-teble şabaz atyň müner olsam, Tabytym olsun, Senden soňra bir ýigidi söwüp barsam, bile ýatsam, Ala ýylan bolup meni soksun. Seniň ol muhannes eneň-ataň Bir janda näme bar, saňa gyýmandyrlar! Arş tanyg 1 olsun! Kürs tanyg olsun, ýer tanyg olsun, Gök tanyg olsun, kadyr Taňry tanyg olsun, Meniň janym, seniň janyňa gurban bolsun! − diýip, janyny bermäge razy boldy. Ezraýyl ol aýalyň janyny almaga geldi. Emma adamsynyň ýoldaşyna gözi gyýmady. Ol Hudaýa ýalbaryp başlady. − Eý, uly Taňrym! Uly ýollar üstünde seniň üçin ymaratlar saldyraýyn, aç görsem, doýraýyn − seniň üçin; ýalaňaç görsem, don edeýin − seniň üçin; alsaň, ikimiziň janymyzy bile al, goýsaň hem, ikimiziň janymyzy bile goýgul! − diýdi. Däli Domrulyň bu sözleri Hudaýa hoş ýakdy, ol Ezraýyla emr etdi. − Däli Domrulyň atasynyň, enesiniň janyny al, ol iki halala ýüz kyrk ýyl ömür berdim! − diýdi. Ezraýyl onuň ata-enesiniň janyny aldy. Mundan soň Däli Domrul öz ýoldaşy bilen ýüz kyrk ýyl ýaşady. Dädem Gorkut gelibän, boý-boýlady, söý-söýledi: «Bu boý Däli Domrulyňky bolsun, muny menden soňraky alp erenler söýlesin, alny 1 Tanyg − gadymy türkmen dilinde şaýat, kepil manysynda gelýär 137 açyk jomart erenler diňlesin» diýdi. Ýom bereýin, hanym, ýerli gara daglaryň ýykylmasyn, kölegelije gaba agajyň kesilmesin, akgynly, görkli suwuň guramasyn. Besediň Depegözi öldürdigi boýuny beýan eder Hawa, hanym, bir gün oguzlar otyrkalar, üstlerine ýagy geldi. Oba gijäniň içinde ürkdi, göçdi. Bular gaçyp giderkä, Oraz gojanyň bir süýt emýän oglanjygy gaçyp galýar. Ony bir arslan tapyp göterip beslänmiş. Ýene bir eýýamda oguzlar öňki ýurtlaryna gondy. Oguz hanyň ýyl- kyçysy gelip habar getirdi: − Hanym, sazdan bir arslan çykar, sesi we oýpul-oýpul ýörişi adam kibi − diýdi. Oraz aýdar: − Ürkdügimiz wagty gaçyp galan meniň oglanjygymdyr, belki − diýdi. Begler atlanyp, arslan ýatagynyň üstüne geldiler. Arslany galdyryp, oglany tutdular. Oraz oglany alyp, öýüne getirdi. Şatlyk etdiler, iýme- içme boldy. Emma oglan ne gadar getirseler hem durmady, ýene gaçyp, arslan ýatagyna bardy, ýene tutup getirdiler, ýene gaçdy. Ýene tutup getirdiler. Dädem Gorkut geldi, aýdar: − Oglum, sen ynsansyň, haýwan bile höwür bolmagyl. Gel, obada bol, ýagşy at mün, ýagşy ýigitler bile bol − diýdi. − Uly aganyň ady Koýan Seljukdyr, seniň adyň Beset 1 bolsun. Adyňy men berdim, ýaşyňy Alla bersin! − diýdi. Oguz bir gün ýaýla göçdi. Orazyň bir çopany bardy, adyna Goňurja Sary çopan diýerdiler. Ol ogzuň öňinçä göçerdi, mundan öň kimse göç- mezdi. Olaryň ýollarynda «Uzyn çeşme» diýen bel-li bir çeşme bardy. Şol çeşmä bir bölek periler gonupdyr. Birden goýun ürkdi. Çopan erkeje ga- harlandy, ileri bardy. Gördi, bir bölek peri gyzlary ganat kakyşyp uçarlar. Çopan oýlugyny üstlerine atdy, peri gyzynyň birini tutdy, tama edip, derhal jumag eýledi. Goýun ürkmäge başlady. Çopan goýnuň öňüne seg- redi. Peri gyzy ganat kakyp uçdy. Aýdar: − Çopan, bir ýyl tamam boljak, mende amanadyň bar, gelip alar sen, emma oguzlaryň başyna zowal getirdiň... 1 Beset − «bes et!» diýen iki sözden. Çowdur nusgasynda aýdylyşyna görä, Gorkut ata tarapyndan ol oglana «Indi gaçmagyňy bes et!» diýlip, nesihat ber- leni üçin, şu at dakylýar. Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling