Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Şadessanlar. Görogly
164 Türkmen halk döredijiligi Bedew atyň arzuw-jany tendedir, Pirim şahymerdan, destim sendedir, Görogly bir ýazyklyja bendedir, Teblede baş bedew ýowda bellidir. Görogly azabynyň ýerine gowşanyna şükür edip, atyny münüp, atasynyň çertegine baka gaýdyberdi. Garagörnüm ýere gelenden soň, atdan düşüp, atyny idip gaýtdy. Gelip, atyny baglap, gol gowşuryp: – Essalawmaleýkim, ata! – diýip, işikden girip, atasy bilen görşüp, çök düşüp, edeplije bolup otyr zaňňar. – Hä, oglum, biedebräk, bozugrak görünýärdiň-le, baýak meni öl- dürjek ýalydyň-la. Rehimdarlygyň bir ýan çetinden inipsiň gerek? Hany, näme görüp-eşitdiň, habar ber – diýip, Jygalybeg sorady. – Men gören-eşidenimi saz bilen beýan edeýin – diýip, Görogly sa- zyny goluna alyp, düýşünde gören-eşidenini habar berip, atasyna garap, bäş keleme söz aýdar gerek: Gaflatda ýatyrdym, geldi erenler, «Tur, gapyl ýeriňden, oýan» diýdiler. Gözüm açyp gördüm jümle-jahany, «Ol duranlar Şahymerdan» diýdiler. Gaflatda ýatyrdym, açdym gözümi, Erenler paýyna sürtdüm ýüzümi, Okutdylar, hak sözledim sözümi, Ýetmiş bir welnamy aýan diýdiler. Erenler jem bolup bazar etdiler, Munapyklar ondan hezer etdiler, Pirim şahymerdan nazar etdiler, Kyrk jamy dolduryp, içgin diýdiler. Görogly beg aýdar, kemine bende, Pirim şahymerdan, destgirim sende, Bäş wagt namazyň okygyn günde, Ahyret ýoldaşyň iman diýdiler. 165 Görogly sözüni tamam etdi. Jygalybeg bu sopuçylyk ýaly bir zady diläp alandyr güman edip, gaty gahary gelip: – Päh, zaňňar, iş bitirip gelipdir-ow, Alla, ýigid-ä uly iş bitiripdir-ow, «aýat» diýdiler, «namaz» diýdiler diýip, gep nokatlaýar. «Merez» diýdi- ler, «zäher» diýdiler, zaňňar. Saňa diýseler diýipdirler-dä, sen öz dilegiňi dileseň bolmyýamy. Sen, zaňňar, erenleri jem görüp, olardan sussuň basy- lyp, päliňden gaýdyp, sopuçylyk patasyny alyp gaýdan aga diýerler saňa. Iň soňunda bitirjek işiňem şumudy? Indi, ine, seniň boljagyň: egniňe güp- bürägede bir mele don geý, aýagyňa bir köne şokurdawuk mesini-de geý, başyňa-da bir köne esgini orap, selläň ýeserini aşyryp, bäş-alty gary bizi daşyňdan aýla, onsoň «Kim bir artan-süýşenin, hüşür-zekadyn bererkä?» diýip, iliň eline seret-de ýör. Biri ýanyňda gaşynaýsa-da, özüňe bir zat berermikä diýip, näme gep aýtsam ýüreginden turarka diý-de, ýaranjaňlyk et-de geziber. Öňüňi-ardyňy ýuwmak üçin, nirde akar suw barka diý-de, gözlen-de ýör. Ine, ahyr seniň boljagyň, zaňňar, munyňdan habar bolmaz, düzüwliräk habar ber – diýip, Jygalybeg gaty käýindi. Görogly atasynyň eden pikirini bilip: – Atam, öňki aýdanymdan habar bolmasa, ine, mundan habar bol- ýamy? – diýip, atasyna garap, bäş keleme söz aýdar gerek: Gözel patyşa bize nama gönderdi, Şanyň ordasyna bar, Jygaly ogly; Pirim Aly şerap berip gandyrdy, Ölinçä döwrany sür, Jygaly ogly. Kyýamat agmaly nama üstümde, Keramatly bedew Gyrat astymda, Pirim beren düýrme gylyç destimde, Duşmana gylyjyň çal, Jygaly ogly. Men ýetim halymda üstüme geldi, Ne ýowuz söwdany başyma saldy, Agladyp-eňredip, ýeňňemi aldy, Arapdan aryňy al, Jygaly ogly. Zalym Hüňkar babam gözün aldyrdy, Ýüregimni gam-gussaga doldurdy, Şadessanlar. Görogly 166 Türkmen halk döredijiligi Gazap edip, ýalňyz agam öldürdi, Ganymdan ganyňy al, Jygaly ogly. Alladan özgäni nejat diýmedim, Alydan özgäni ussat diýmedim, Bir armanym galdy, zürýat diýmedim, Ojagyn göç basan, kör Jygaly ogly. Erenler jem bolup, munda durdular, Ýygnanyban, bize pata berdiler, Röwşen adym Görogly diýip goýdular, Rugsatdyr, ýoluňa bar, Jygaly ogly – diýip, Görogly sözüni tamam etdi. – Aý, oglum, ine, şu sözüňden kanagat tapdym, bu habaryň bolýar. Hany, erenler näme berdi? – diýip, Jygalybeg sermek-sürmek ediberdi. Görogly ýaňky düýrme gylyjy atasynyň öňünde goýdy. «Ýene näme berdiler?» diýip, Jygalybeg ýene sermeniberdi. – Ýok, başga zat berenoklar. – Hernä berenleri şu gylyçmy? – Hawa. – Baý, erenlerem sahy eken-ä, joşan eken-ä. Mundan ýarag bolmaz, oglum, munuň bitirjek işini özünde gujur-gurbat bolsa, ýeri gelende aş pyçagam bitirer. – How, ata, bermeseler, dagy nädeýin, berenleri-dä şu. – Bermeseler, oglum, Yspyhan-Nisbijahan diýen ýurtda dört sany ussa barmyşyn, olar bir ok-ýaýy üç ýylda ýasap gutarypdyrlar. Özünem lagly- jöwahyrdan, altyn-kümüşden, agyr merjenlerden ýasapdyrlar. Ol ussalaryň şerti: şol ýaýy çeken adam bolsa, şol almalymyşyn, çekebilmedigem 400 tümen tylla utdurýarmyşyn diýip eşitdim. Senem indi ýigit ýetipsiň, aňrujy goluňda güýç, biliňde kuwwat bolsa, görkezibermeli çakyň boldy. Şoňa barsaň, aňryňda baryňy goýsaň, şol ýaýy çekip alarsyň, oglum – diýip, Jygalybeg ýigit ýeten agtygyna aýtdy. – Al-la, ata, ol bir gaýry ýurt ekeni, men olaryň diline düşsem ýagşy – diýip, Görogly diňirgendi. Ýetmiş iki dili diläp alanlygy onuň ýadyna düşmedi. 167 – Ýok, diline düşersiň, oglum, sorap-idäp mundan bararsyň, Yspyhan galasyna ýetip, kybla derwezesinden girersiň. Birmeýdan ýöreseň, öňüňden bir medrese çykar. Medresäniň işiginden baryp, «Habarlaşar ýaly kişi barmy?» diýip gygyrarsyň. Baýaky kyrk galandaryň başlygy Abdylla galandar şol medresede okap ýatandyr. Iýen duzuny haklajak bolsa, saňa ussalaryň dükanyny tapyp berer – diýip, Jygalybeg agtygyna ýol salgy berdi. Görogly: – Ýagşy, ata – diýip, atasyndan pata alyp, niredesiň Yspyhan diýip, sürüp gidiberdi. Ýol uzak, gepiň gysgasy ýagşy. Az ýöräp, köp ýöräp, sürüp, Yspyhan şäherine bardy. Şäheriň kybla derwezesinden girip, birmeýdan ýöredi. Öňünden bir medrese peýda boldy, medresäniň işiginden garap: – Habarlaşar ýaly kişi barmy? – diýip gygyrdy. Abdylla galandar daşary çykyp, salam berdi. Görogly muny tanady, salamyny aldy. Emma Abdylla galandar muny tanamady. Ol baryp gaýdanda, Görogly ýumruk ýalyjak oglandy. Indi atly-ýaragly ýigit bolup gidipdir. Tanamandan soň: – How, ýagşy ýigit, habaryňy ber – diýdi. – Taňry myhmany boljak, galandar. – Taňry myhmany bolsaň, han ogul, bu ýeri metjit-medrese, bu ýerde özüňe jaý tapylar-da, atyňa jaý tapylmaz. Görogly: – Aý, sen-ä bir tentek galandar ekeniň, men seniň kyrk eşegiňe jaý tapyp berdim, sen indi şu galanyň içinde ýekeje atyma jaý tapmaýarmyň? – diýenden soň, galandar: – Hä, sen kim? – diýip sorady. – Men Üçgümmez dagyndaky sygyr soýup beren Röwşen – diýip, tanadandan soň, galandar ýüwrüp gelip, Göroglyny gujaklady. Gujaklap, atdan düşürip, aýagyny ýere degirmän, eltip hüjresinde oturtdy-da: – Oglum, gije-gündiz namazyň yzyndan dilegim sendiň. Seni maňa Hudaýtagala ýetirdi. Oglum, kitabyň buýrugy, öňinçä atyňy ýerleşdireýin. Atyň kişmiş iýermi, bürünç iýermi? – diýip sorady. Görogly: – Endamly körpe ýorunja bilen arpa tapyp beräý – diýdi. – Atyň aýagynyň teýine mahmaldan paýandaz düşäýinmi? – Bir araba çäge düşäý – diýenden soň, Abdylla galandar bir howlu- da atyny ýerleşdirip, onuň ot-iýmini birkemsiz taýýar edip, Göroglynyň ýanyna geldi. Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling