Türkmen halk döredijiligi


Download 1.41 Mb.
Pdf ko'rish
bet67/109
Sana31.01.2023
Hajmi1.41 Mb.
#1144816
1   ...   63   64   65   66   67   68   69   70   ...   109
Bog'liq
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Ar alyş
(bölekler)
Indi habary Görogly begden eşidiň. Görogly «Ýekäniň ýarany 
Huda» diýip, basdy ata gamçyny. Ençeme çöllerden aşyp, şol gidişine 
Aral derýasynyň boýuna bardy. Derýanyň boýunda Görogly Gyratyna 
garap, bäş keleme söz aýdar gerek, gör-bak, näme diýýär:
Gurbanyň bolaýyn, janym Gyratym,
Araz derýasyndan geçer günüňdir. 
Dünýäde zynatym, güýjüm-kuwwatym,
Algyr laçyn kimin uçar günüňdir. 
Ýalmynyp-ýalmynyp seriň towlaýyp,
Meni guwandyryp, köňlüm çaglaýyp,
Dokuz menzil ýoldan ganym awlaýyp,
Säher ýeli kimin göçer günüňdir. 
Ýedi ýaşda ganatlaryň bitildi,
Käse kimin iki gözüň açyldy,
Galam kimin gulaklaryň çatyldy,
Aýak kakyp, agzyň açar günüňdir. 
Eý, janawar, kamatyňa guwandym,
Gurbanyň bolaýyn al meniň pendim,
Senden özge bolmaz meniň perzendim,
On bäş günlük ýola gaçar günüňdir. 
Görogly diýr, ýyglap efgan eýledim,
Men gara bagrymy birýan eýledim,
Zürýat dilemedim, seni diledim,
Indi bu derýadan geçer günüňdir. 
Görogly atynyň boýnuna bir kakdy welin, Gyrat asmana uçan ýaly 
bolup zyňdy. Kyrk gez derýanyň hol beýlesine düşdi. Görogly wagty hoş 
bolup, ýene ýola rowana boldy. Uzak ýollary sökdi, ahyry sorap-idäp, 
Reýhanarabyň bolýan şäherine bardy. Şol ýerli bir adamdan:
Şadessanlar. Görogly


172
Türkmen halk döredijiligi
– How, aga, bu günler Reýhanarap näme pişe bilen meşgul?
– diýip sorady. Onda ol adam:
– Ýagşy ýigit, Reýhanarabyň pişesi: üç aýlap bagşy aýtdyryp, surnaý 
çaldyryp, nagara urduryp, tebil kakdyryp, masgarabaz oýnadyp, saz-
söhbet gurup, bezimde bolýar. Onsoň garnyny doýrup, üç aýlap uklaýar. 
Ol, düýn saz-söhbetini gutaryp, garnyny doýrup ýatdy. Şu wagtlar ol 
ukudadyr, onuň şundan başga pişesi ýok, oglum – diýdi. 
Ukuda diýen sözi eşidenden soň, Görogly gam-gaýgysyz sürüp 
ötägitdi. Reýhanarabyň galasynyň arka ýüzünden baryp, uly çarbagyň 
derwezesinden girdi. Görse, bagyň içinde güller açylyşyp, bilbiller çah-
çah urup saýraşýar. Görogly şol ýerde ýeňňesini ýatlap, bäş keleme söz 
aýdar boldy:
Bagda açylan gyzyl güller,
Bu baga gülüm geldimi?
Dag üstünden akan siller,
Bu jaýa ýeňňem geldimi?
Bagda saýraýan bilbiller,
Degresin alan sünbüller,
Gül üstünden ösen ýeller,
Bu baga ýeňňem geldimi?
Gözüm ýaşy derýaýy Nil,
Boldy meniň halym müşgil,
Gül yşgynda köýen bilbil,
Bu baga ýeňňem geldimi?
Bu gün gurban bolsun başlar,
Gan boldy didämde ýaşlar,
Bag üstünde uçan guşlar,
Bu jaýa ýeňňem geldimi?
Bu gün başyma iş düşdi,
Meniň ýürek-bagrym bişdi,
Boz tarlaňym belent uçdy,
Bu baga ýeňňem geldimi?


173
Uzak ýerden sorap geldim,
Gam bilen hemhana boldum,
Ne habar, ne nyşan bildim,
Bu taýa ýeňňem geldimi?
Alys boldy meň mekanym,
Aýralykdan köýdi janym,
Käbäm enem-mähribanym,
Bu jaýa ýeňňem geldimi?
Görogly, kysmatym ýaman,
Ýedi ýyldyr çekdim efgan,
Ne habar boldy, ne nyşan,
Bu taýa ýeňňem geldimi?
Görogly sözüni tamam etdi. Bagyň bir tarapyndan beýleki tarapyna 
öz işleri bilen barýan birnäçe hyzmatkär çorular Göroglyny gördüler. 
Kenizler onuň golaýyna baryp:
– Eý, ýigit, seniň sesiň ýaman zaryn çykýar-la, sen neçün aglar sen? 
– diýip soradylar. Görogly joşup, olara garap, bäş keleme söz aýdar gerek:
Bu baga seýle gelenler,
Indi jebir jana boldy. 
Didäm üzre akan ganlar,
Göz ýaşym rowana boldy. 
Men baga geldim nar üçin,
Köp ygtykadym bar üçin,
Çykmyşam bir naçar üçin,
Örtendi, perwana boldy. 
Gezsem gerek ilden-ile,
Derdim köpdür, ýokdur hile,
Gaýgy bary meniň bile,
Goşuldy, hemhana boldy. 

Download 1.41 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   63   64   65   66   67   68   69   70   ...   109




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling