Türkmen halk döredijiligi


Download 1.41 Mb.
Pdf ko'rish
bet68/109
Sana31.01.2023
Hajmi1.41 Mb.
#1144816
1   ...   64   65   66   67   68   69   70   71   ...   109
Bog'liq
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Şadessanlar. Görogly


174
Türkmen halk döredijiligi
Ýok meniň zynat-nyşanym,
Balkan degresi mekanym,
Bir garçygaý mähribanym,
Gözümden bigana boldy. 
Görogly, ýeňňeň ýat eýle,
Onsuz baga barma seýle,
Kysmatym ýazyldy şeýle,
Görmegim gümana boldy. 
Görogly çorulara öz halyny beýan etdi. Göroglynyň nalyşyn eşidip, 
hyzmatkär gyzlar hem gamgyn boldular:
– Bu biçäräniň hem biziň ýaly ýat ýerlere düşen naçary bar eken, 
her kimiň gaýgysyny Alla özi asan etsin-dä – diýip, gynana-gynana çykyp 
gitdiler. Görogly hem Gyratyny assa-assa sürüp, töwerek-daşyna seredip, 
olaryň giden ugruna baka gidiberdi. 
Indi habary baga gelip-giden kenizlerden eşidiň. Bu kenizler 
Reýhanarabyň çorularydy. Olar derrew baryp, «Bagda şeýle-şeýle bir 
bagşy ýigit bar» diýip, Gülendama habar berdiler. Gülendam:
– Ol kim bolarka janlarym? – diýip, kir ýuwup oturan ýerinden 
diňşirgendi, özüniň geçmişini gözüniň öňüne getirdi, eli bilen ulaldan 
Röwşen jany ýadyna düşdi. Häzir ol suw gabyny alyp, howzuň başyna 
gaýtmagy ýüregine düwüp oturybersin. 
Indi habary Görogludan eşidiň. Görogly şol aýlanyp ýörşüne bagyň 
içindäki howzuň boýuna bardy, görse, howzuň boýunda, şa sypanyň üs-
tünde alaň ýatan ýaly bolup, bir zat ýatyr. Onuň horruldysyndan dag-daş 
lerzana gelýär. 
– Päh, zaňňar, ýer ýüzünde Arap diýen bar bolsa, megerem, şu bo-
lara çemeli, men muny oglankam görenim, ýaş wagtymda bu zaňňaryň 
syr-sypatyna-da syn etmändirin – diýip, Görogly atyndan düşüp, Gyra-
ta gülmyhdan bent etdi. Ýuwaş-ýuwaş ýöräp, usul bilen Arabyň ýanyna 
bardy. Baryp ýagşy syn etse, Reýhanarabyň üstünde segsen goýnuň deri-
sinden possuny bar, kyrk goýnuň derisinden tikilen telpegini hem bu ýan 
gapdalynda goýupdyr. Telpegi bir ýana, possuny bir ýana taşlap äňetse, 
sakgallary kelle urlan gara söwüt ýaly, agyzlary dagyň gowagy ýaly, murt-
lary kürräň guýrugy ýaly, burny susak ýaly, gözleri guýy ýaly, gulaklary 
depmeçiň tigri ýaly, gaşlary bir tutum, kellesi tamdyr ýaly, ýagyrnysy bäş 


175
gez, synasy on çeýrek, gursagynyň tüýleri oruma ýeten arpa kimin, şemal 
bilen şagyr-şagyr ses berýär. Arap zaňňaryň hiç zatdan habary ýok. Ol bir 
beýik sekiniň üstünde, ullakan güjümiň aşagynda dokuz gabat çymylgan 
taşlap, başujuna dokuz tekýe, aýagujuna bäş tekýe taşlap, çiň arkan düşüp, 
erniniň suwuny akdyryp ýatyr. Her demini alyp pyşgyranda, güjümiň ýap-
raklary çagşyl-çagşyl ses edýär. Görogly:
– Uklap ýatan zaňňary namartlyk edip öldürmäýin-le, her haçan tur-
sa, atymyň yzyny görsün – diýip, üç mertebe atyny onuň töwereginden 
aýlady. «Arap güýjümi hem görsün» diýip, bir ýogyn agaja ok atdy. Okuň 
ýarysy aňry geçip duruberdi...
Görogly munuň tanaman duranyny gördi-de: «Muňa bolşuny aýdyp, 
özümi tanadaýyn» diýdi:
– Eý, ýeňňe, şol garaňky görden ýagtylyga çykan Röwşeniň, ýedi 
ýaşda senden aýra düşen heserdeşiň mendirin – diýdi. Gülendam:
– Heý, waý, meniň ýeke ýalňyz howandarym – Göroglumy sen? – 
diýip, oňa baka topuldy. Görogly hem begenip, atyndan düşüp, ýeňňesi 
bilen görüşdi. Gülendam Göroglynyň daşyndan üç mertebe aýlanyp, 
maňlaýyndan ogşady. Gülendam görşüp bolandan soň, ýene oturjak bo-
luberdi. Onda Görogly:
– Oturma, ýeňňe, mün atyň syrtyna – diýdi. Emma Gülendam 
aýagynyň astynda ýatan çöpi aldy-da, ýeri dyrmalap oturyberdi, gözüne 
ýaş aýlap, başyndan ötenleri birlaý ýatlady. 
Görogly:
– Ata mün, ýeňňe jan, saňa näme boldy, beýdip otyr ýaly? – diýip 
sorady. Gülendam başyny aşak salyp oturan ýerinden boljak-geljegi 
birlaý gözüniň öňüne getirdi. Ol pikir derýasyna gark bolup oturyşyna 
Göroglynyň howlugýandygyny-da duýmady. Soň Gülendam başyny 
galdyryp:
– Eý, oglum, Röwşen jan, sen ýör diýýärsiň, men neneň gideýin, ne 
ýüz bilen Çandybile baraýyn? Röwşen jan, meniň indi boljagym bolup, 
boýam synypdyr. Indi meni bu jaýymdan gozgama, goý, men şu ýerde 
öleýin – diýip, hamsygyp, gözýaşyny taýly gezek sylyp goýberdi. 
– Ýok, bolmaz, gitmeseň bolmaýar, ýeňňe jan. 
– Röwşen jan, saňa bir gep bar, sen şu wagtlar meni äkitseň, bu bet-
bagt bilen ýene bir ýerde sataşaýsaň: «Heý, zaňňar Röwşen, men seniň 
Gülendam ýeňňeňi edil diýen mahalynda – nowça mahalynda guçdum, iň 
soňunda garrap sandan galandan soň äkidip, arym jaýyna düşdi diýip ge-
Şadessanlar. Görogly


176
Türkmen halk döredijiligi
zip ýörmüň? Kempiri bäri kow» diýer, ol wagt seniň ýüregiň ynjar – diýdi.
Gülendamyň bu sözi Röwşene makul göründi. 
– Eýsem, bu işiň geňeşini özüň ber, ýeňňe jan – diýip, ýeňňesine 
maslahat saldy. Gülendam:
– Eý, oglum, munuň geňeşini men bersem, ar-namysym ýerine 
düşsün diýseň, Arabyň öňki heleýinden galan ýeke gyzy bar, şondan 
başga hiç bir perzendi ýok. Şonuň üçin ol gyz ýetişenem bolsa, ony äre 
bermäge gözi gyýman saklap otyr. Şu wagt ol 25 ýaşyna barypdyr. Ýüzleri 
aý ýaly, gyzyl güle taý ýaly, gara göz, galam gaş, ýuka dodak, hünji diş, 
gözi sürmeli, boýny düwmeli, gaşyna wesme çekip, saçyna gülap döküp, 
al-ýaşyl geýnip baga seýle çykan wagtynda, görenler asla onuň yşgyndan 
özüni tutup bilmeýärler. Adyna-da Bibijan diýýärler, men şonuň ugruny 
tapyp, seniň ardyňa mündürip bilsem, onda sen Arabyň ýürek ýagyny 
üzýärsiň, seniň aryň kemsiz ýerine düşýär. Ana, şol gyzy getirip, Arabyň 
«Suw ber» diýşi ýaly, saňa suw berdireýin. Sen ony atyň syrtyna çek-de, 
ýöräber, şonda aryň ýerine düşer – diýip, Görogla akyl berdi...
Görogly işikde barmagyny dişläp duran Bibijanyň jemalyny görüp, 
bäş keleme söz aýdar gerek:
Garşymyzdan bir Aý dogdy,
Gutly bolsun il üstüne!
Boldy ajap zamanalar,
Gadam goýsun ýol üstüne!
Gunça kimin gülleri bar,
Göz üstünde ýollary bar,
Bir ajaýyp hallary bar,
Halyn goýar hal üstüne!
Ne meýdana girmek gerek,
Ne gädikde durmak gerek,
Şirin jany bermek gerek,
Namys bilen ar üstüne. 
Bir gyz geledir bezenip,
Süýnüp-sarkyp hem daranyp,
Gamza tygyny gezenip,
Hülle geýer şal üstüne. 


177
Ýaryň bagyna gireli,
Bagyň gülüni tireli,
Sen gelmeseň, biz baraly,
Bar, çykyp dur, ýol üstüne. 
Ýedi ýyldyr synam dagly,
Pir ýolunda boýnum bagly,
Nowhuruş oglan Görogly,
Bir Alla diýp, dön üstüne. 
Görogly sözüni tamam edip, Gyratyň başyny gyza tarap dolady. Şol 
wagt Gyrat hem çarpaýa galyp, ajap bir oýun etdi. Bibijan ýylan gören 
ýaly bolup arkan-arkan çekilip: 
– Eý, tüýsi bozuk ýigit, meni razy etmän alyp gitjek bolýarmyň? 
Men seni atama aýdyp öldürderin – diýip, öýkeläp ýöräberdi. Gülendam 
onuň yzyndan ýetip: «Ataň duýsa, gyrar bizi» diýip töwella etdi, Bibija-
nam oňa jogap berdi:

Download 1.41 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   64   65   66   67   68   69   70   71   ...   109




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling