Türkmen halk döredijiligi


Download 1.41 Mb.
Pdf ko'rish
bet76/109
Sana31.01.2023
Hajmi1.41 Mb.
#1144816
1   ...   72   73   74   75   76   77   78   79   ...   109
Bog'liq
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Şadessanlar. Görogly


196
Türkmen halk döredijiligi
Bäş ýüz surnaý, üç ýüz kernaý çekildi,
On sekiz dereden goşun döküldi,
Jyzalar parlady, çepbe söküldi,
Daglaryňy duman aldy, Görogly. 
Ýunus diýr, gamlara düşendir başym,
Senden özge ýokdur kowum-gardaşym,
Köp gamlary gördi bu naçar başym,
Gurbanyň bolaýyn, oýan, Görogly. 
Görogly ýerinden syçrap turdy. Däli Mätel bilen Seýtek gyrma-da 
Hüňkäriň goşunlarynyň aşagyna, ýokarsyna, öňüne-ardyna pugta belet 
bolup, at derledip, meýhananyň gapysyna geldiler. Şu ýerde Däli Mätel 
at üstünde jylawy eýeriň gaşyna taşlap, Görogla garap, bäş keleme söz 
aýdar boldy:
Atlanyň beglerim, serden geçeýliň,
Hem Bagdatdan, hem Basradan gelen bar. 
Bir käse şeraby berseň içeýliň,
Hem Bagdatdan, hem Basradan gelen bar. 
Hüňkar topun bize garap atypdyr,
Çandybiliň degresini tutupdyr,
Duşmanlar mes bolup, hetden ötüpdir,
Hem Bagdatdan, hem Basradan gelen bar. 
Gyzylly-ýaşylly çadyr guruldy,
Tomaşada altyn gabak uruldy,
Baly begiň ak otagy görüldi,
Hem Bagdatdan, hem Basradan gelen bar. 
Däli Mätel bilmez goşun sanyny,
Duman aldy Çandybiliň ýanyny,
Naýza urup döküň gyzyl ganyny,
Yspyhandan hem Hüňkärden gelen bar. 
Görogly muny eşidip, ylgap daşary çykdy. Görse, Mätel at derledip 
dur. 


197
– Haw, Mätel, eýgilikmi?
– Görogly aga, eýgiligiňi, beýlekiňi bilemok. Duşmanlar daşyňy 
gurşap düşdüler, çöpde-çörde san bar, olarda san ýok. 
Onynça beýleki ýigitlerem ördüler. 
– How, ýigitler, çaý-çilim edinip häzir boluň. – Çaý içinçäler, çilim 
çekinçäler, Görogly akyl ornaşdyryp, pikir edip otyrdy. Şol wagtda bir 
palanly ýabyny münüp, harazdan bir oglan geldi. Görogly:
– How, jigi, düş ýere – diýdi. 
Muny ýabydan düşürip, Görogly başy ýatyş telpekli, egni ýektaýça, 
aýakýalaňaç ylgap mündi palanly ýabynyň üstüne, bir laý kepje-de ýatan 
ekeni, bu kepjänem alyp, «Men şu durşuma aýlanyp gaýdaýyn, siz galada 
boluberiň» diýip, kepjäni egnine taşlap galyberdi. 
Indi habary Hüňkärden al. Hüňkär gelip, çadyr-çemenini dikip, goş-
kötelini taşlap, göwnüni bire baglap düşdi. Hesen han diýen bir serkerdesi 
bardy. Muny bäş ýüz atly bilen Göroglynyň galasyna ýollap:
– Bäri ýanyndan, aňry ýanyndan habar al, barlap gör. Ukudamy, 
oýamy, alamana, guşa-şikäre gidipmi? Nähilidigini bilip gel – diýip 
tabşyrdy. Bular-da gorka-gorka gala tarap gelýärdiler. Görseler, galadan 
bir ýabyly çykyp, elesläp gelýär. 
– Ine, bize aňsat ýerden habar alara adam tapyldy. Ol biziň üstümiz-
den gelse gerek – diýip begenip durdular. Gel nirede, zat nirede, bu ýabyly 
şol kybla garap, ýabysyny gamçylap, telpeginiaşak basyp, görmedik kişi 
bolan bolup barýar. Hesen han bir atlysyna:
– Muny tutup getir, şundan bir habar alaýly – diýip buýurdy. Atly 
yzyndan ýetip, alyp gaýtdy bärik. Görogly Hesen hanyň gaşynda salam 
berip durdy. Hesen han:
– Ýeri, ýagşy ýigit, sen kim? – diýip sorady. 
– Men Göroglynyň dogmasy, tagsyr. 
– Dogmasy bolsaň, bu ýana näme işe barýarsyň?
– Şu dagyň üstünde düme ekilen ekin bardy, tagsyr, «Ýagyş ýag-
ýamy, sil gelýämi, ümür-duman köp görünýär» diýip, şoňa aýlanmaga 
barýan. 
– Bu ýana gidiberme, biri kelläňi alyp gider. 
– Hä, meýdanda ýatan kelle bamy, alybir ýaly?
– Ýagşyň, siliň dumany däl ol. Hüňkär patyşanyň ýygyny geldi, 
şonuň dumany ol. 
– Öz gözüm bilen görmesem, ynanmaryn, tagsyr – diýip, ýabysyny 
depip ötägitdi. Hesen han ýene bir ýyndam atlysyna:
Şadessanlar. Görogly


198
Türkmen halk döredijiligi
– Ýetip alyp gaýt ony – diýip buýurdy. Bir ýyndam atly kowup, ýene 
bärligine alyp gaýtdy. 
– How, zaňňar, gözüň bilen gören ýaly ynan şuňa. 
– Öz gözüm bilen göreýin, tagsyr, goýber meni. 
– Öz gözüň bilen onsoň görseň hem bolar. Hany, sen aýt, Görogly 
agaň öýdemi?
– Öýde, tagsyr. 
– Ol bu günler näme pişe başynda?
– Görogly agamy alty aýdan bäri ysytma tutýa. Men bäri gaýdamda, 
aýaly onuň agzyna pagta bilen suw damdyryp otyrdy. 
«Görogly kesel» diýensoň, gorka-gorka gelýän nökerler gaýgysyz-
gamsyz murtlarynyň uçlaryny towlap goýberdiler. Hesen han atlylaryna:
– How, ýigitler, çaý-çilimden kemiňizi goýmaň. Görogly kesel bolsa, 
gaýgysyz boluberiň – diýdi. Ol Görogla:
– Sen Göroglynyň dogmasy bolsaň, seniň aslyň nireli?
– diýip sorady. 
Görogly öz içinden «Şular meniň aslymy soraýsa, şirwanlydyryn 
diýerin. Bular şirwanlylar bilen saçakly gatnaşyp ýören daýy-ýegendirler» 
diýip, pikirini jemläp durdy. Görogly sagynmady-da:
– Meniň asly ýerligim şirwanly, tagsyr – diýdi. 
Bularyň niçesiniň özi şirwanly, niçesiniň enesi şirwanly. Munuň 
bilen gaýym daýy-ýegen bolup çykaýdylar. Bularyň içinden birnäçeleri 
Göroglyny ogşap başladylar. Olar bir ogşasa, Görogly şapbyldadyp iki 
ogşaýar, şirwanlylar daýy-ýegenini görende, salamlaşyp ogşaşýar ekenler. 
Görogly:
– Baý, iki günden bäri sol gözüm zor çekýärdi, asyl garyndaşlammy 
görjek ekenim-ow – diýdi. 
– Şirwanly garyndaş, sen «Bu ýana gitjek» diýip, dyzap durma, seni 
tanan bor, tanamadyk bor, biri öldüräýmesin. Ol «duman, ýagyş-ýagmyr» 
diýýäniň gelen ýygnyň at aýagynyň tozudyr. Ol ýygny göresiň gelse, 
gözüň bilen gören ýaly bolaý, biz şu ýerde saňa habar bereýli, Alynyň 
haky üçin sen ynan:
– Alyny orta saldyň, indi ynandyk, tagsyr – diýdi. Hesen hanyň 
ýanynda şahyr-bagşysy bardy. Hasan han:
– How, bagşy, şu Göroglyň dogmasyna gelen ýygny taryp edip, 
habar ber – diýip buýurdy. Şahyr-bagşy goluna sazyny alyp, gelen ýygny 
habar berip, bir söz aýdar gerek:


199
Damgandan, Bossandan, Şirwan, Halapdan,
Görsün indi, belli-belli gelmişdir. 
Kyrk müňi ýasawly tarap-tarapdan,
Kyrk müň dagy demir donly gelmişdir. 
Kyrk müňi serkendir
1
, kyrk müňi darga,
Kyrk müňi mürzedir, müneni ýorga,
Kyrk müňi bezzatdyr, gelerler zorga,
Kyrk müň ýene şerbet-bally gelmişdir. 
Kyrk müňi maýaly, kyrk müňi nerli,
Kyrk müňi beg ogly, bile kemerli,
Kyrk müňi ussatdyr, goly hünärli,
Kyrk müň tirendaz
2
, belli gelmişdir. 
Kyrk müňi bahadyr, ýörirler yzga,
Kyrk müňi bahadyr, sanjarlar gözge,
Kyrk müňi görseň, müneni özge,
Kyrk müň ýene atly-pilli gelmişdir. 
Kyrk müňi bahadyr, uruşda taýýar,
Kyrk müňi jadygöý, kyrk müňi aýýar,
Kyrk müňi laýhordyr, kyrk müňi huşýar,
Kyrk müň ýene sütemkärli gelmişdir. 
Kyrk müňi ataşbaz, otlar gezdirer,
Kyrk müňi jadygöý, adam azdyrar,
Kyrk müňi merdikär, galaň tozdurar,
Kyrk müň ýene goly pilli gelmişdir. 
Kyrk müňüni saýlap getirdi mertden,
Kyrk müňi başyňy çykarmaz dertden,
Kyrk müňi gajardyr, kyrk müňi kürtden,
Kyrk müň ýene beles dilli gelmişdir. 
1
Serken – kelle kesiji
2
Tirendaz – ok atyjy

Download 1.41 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   72   73   74   75   76   77   78   79   ...   109




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling