Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Şadessanlar. Görogly
208 Türkmen halk döredijiligi – Görogly, seniň ataň bilen meniň atam kyýamatlyk dost eken. Men bu ýygnyň içinde bulara duşman, saňa bolsa dost bolup gelipdim. – Dost bolsaň, ýagşy ýigit, maňa adyňy beýan et! – Meniň adyma Tokmak soltan diýerler. – Men Hüňkärde dostum bar diýib-ä eşidýän, emma Tokmak soltan atly dostum bar diýip eşitmändim. Ikisi bu gürrüňi edip durka, dagyň gowagyndan bäş ýüz şemhal bir zarba boşap gitdi. Göroglynyň gyltyzrak-gyltyzrak kyrk iki ýerinden degip ýaralady. Görogly aýtdy: – Maňa näme bolsa, boljagy boldy – diýip, düşen ýaralaryndan azar çekip, atdan agjak boluberdi. Gyrat hemme zatdan habardar, Göroglynyň agan ugruna at hem gyşaryberdi. Haýsy ýana agsa-da, atyň üstünden ýykylmady. Biraz özüni dürsäp, Görogly aýtdy: «Duşmana syr bildirmän, bir söz aýdyp bolmaz- myka, janym?» diýip, Tokmak soltana garap, bäş keleme söz aýdar gerek: Goç guzudan dörän guzy goç bolar, Bir goçakdan goçak dörär, soltanym. Goç ýigitler söweş güni mes bolar, Muhannesler gamgyn bolar, soltanym. Bedew atyň semeninden, gögünden, Goçak müner ýüwrüginden, ýeginden, Habar alsam Tokmak soltan beginden, Ýene söweş haçan bolar, soltanym? Goç ýigitler bakmaz köpe-azyna, Muhannesiň sözi nedir özüne, Bir goç ýigit ganymynyň gözüne, Ujy ýiti hanjar bolar, soltanym. Arzulum dagynda söweş düşende, Är ýigidiň ýürekleri joşanda, Gylyçdan gyrmyzy ganlar saçanda, Muhannesler zar-zar bolar, soltanym. 209 Görogly beg, saba söweş gurular, Ozal goç ýigidiň aty urular, Polat ala galkan ýüze tutular, Ýalyň gylyç ýaý dek bolar, soltanym. Görogly bu sözi aýdandan soň şemhalçylar: «Bu zaňňara hiç zat kär etjek däl-ow» diýip, dagyň aňyrsyndan gaçyp, hol gitdiler. Tokmak soltan hem bir çemini tapyp gaçdy. Habary kimden al, Öwez handan al. Ol: – How, ýigitler, bu ýygny gyryp tükedip bolýamy? Özi basyldy, indi güm bolar gider-dä. Ýöne men her daýym Görogly dädemiň sesini eşidip gelýärdim. Bir ýerde şemhal sesi köp çykdy, şondan soň agamyň owazyny eşitmedim – diýdi, ýigitler şemhal sesi çykan tarapa jem bolup gitdiler. Görseler, Görogly ýaradar bolup, atynyň ýalyny gujaklap ýatyr. Şol ýerde Göroglynyň çignini, kellesini daňyp, at üstünde her tarapyndan söýgetläp, Çandybile tarap alyp gaýdyberdiler. Indi habary kimden al, Agaýunus periden al. Duşmanlar ýan berip, Görogly kyrk ýigidi bilen kowgy bolup ugrandan soň, Agaýunus, Gülşirin we Gülruh üçüsi tylla käsä şerap guýup, bir depäniň üstünde garaşyp dur- dular. Agaýunus görse, Göroglyny atynyň üstünde her ýanynda alty ýigidi söýgetläp geliberdiler. Agaýunus peri muny görüp, Göroglynyň halyndan habar sorap, bir söz aýdar boldy: Kyrk kenizim bilen isledim geldim, Nowhuruşym, eý, Görogly, näm boldy? Mysapyr ýerlerde hary-zar boldum, Algyr laçyn, boz şuňkarym, näm boldy? Şiri derga goşdy, saňa ýar boldum, Bu ejiz başymda hary-zar boldum, Bir armanyň eşitmäge zar boldum, Dirikligim, jan-mydarym, näm boldy? Çekdigim azapdyr, zäherdir aşym, Bu gün zulum görüp mysapyr başym, Bu ýerlerde ýokdur kowmy – gardaşym, Çandybilde aga-begim, näm boldy? * 14. Sargyt № 3166 Şadessanlar. Görogly 210 Türkmen halk döredijiligi Dünýäniň hiç bolmaz bir ähtibary, Batyr hemme çeker ah bilen zary, Esrik nerim, kyrk ýigidiň serdary, Söýenenim, arkadagym, näm boldy? Kişi düşmez şum pelegiň işine, Joşan siller doldy gözüm ýaşyna, Ölseň ganym geçer degre-daşyňa, Başym täji, eý, mydarym, näm boldy? Ýunus diýer, bu aýralyk ýamandyr, Ýyldyz dagyň dereleri dumandyr, Kyrk ýigide bu gün ahyrzamandyr, Mert ýürekli, aga-begim, näm boldy? Agaýunus sözüni tamam etdi. Emma Görogludan hiç jogap bolmady. Kyrk ýigit Göroglyny meýhana getirip, ody belentden galladylar. Agaýu- nus Göroglyny päkize düşekçäniň üstünde ýatyryp, gaýym basyryp, go- luna sazyny alyp, bäş keleme söz aýdar boldy: Eşit meniň nalyşymy, Gülşirin jan, aglaşaly. Gördük mynajat günümiz, Gülşirin jan, aglaşaly. Kysmatymyz boldy ýaman, Aýralykdan aman-aman, Asman ýüzi boldy duman, Gülşirin jan, aglaşaly. Ýunus diýer, hijran daga, Gözüme göründi ägä. Hümmet sizden, şiri derga, Gülşirin jan, aglaşaly. Bu sözden soň Görogla çaý-çilim berdiler. Çaý-çilim az-kem peýda etdi, gözüni açdy. Ol: 211 – How, ýigitler, «Gaçany kowujy bolma» diýenleri huşumdan çykyp, gyzgalaň bilen kowalaşyp gidipdiris. Meniň iň soňky demimi alaýmasa ýagşy. Meniň elime bir saz äkelip beriň, men ölmänkäm, size bir nama aýdyp bereýin – diýip, sazyny goluna alyp, kyrk ýigidine, ähli türkmen il-ulsunyň serdarlaryna garap, bir nama aýdar boldy: Ozal goç ýigidi taryp eýlesem, Görüň, şu dünýäde nätdi beg ogly. Bir jellat döredi osman ilinde, Baryp, bir-birine gatdy beg ogly. Nagralar kakarlar söweş heňinde, Daýanabilmezler şonuň jeňinde, Agyr ýygyn bent olmaz öňünde, Galkan bilen bölüp gitdi beg ogly. Belent dag başynda gurdy dawany, Töwrizi, Nyşapur, ol Hryrwany, Rum diýaryndan gyz-u-juwany, Topar-topar sürüp gaýtdy beg ogly. Ýigitlere belli gaýrat gerekdir, Gaýratly ýigide bir at gerekdir, Ölse, ornun tutan zürýat gerekdir, Adyň bu dünýäden ötdi, Görogly. Bu sözi aýdandan soň, Agaýunus kyrk ýigit bilen Göroglyny göterip, meýhanadan öz haremhanasyna alyp bardy. Görogly: – How, ýigitler, men-ä enşalla ölmen, ýöne ölmesemem hemişekim ýaly ýyldyz göremde gutulaýmanam, öz wagty gelende ýagşy bolaryn-da. Ýöne bu agyr leşgeri sag-aman yzyna dolandyranymyz üçin, siz il-ulusy jemläň, toý-tomaşa beriň – diýdi. Ýigitler il-ulusuna toý-tomaşa berdiler, duşmany mat edip, özleri şat bolup, maksat-myratlaryna ýetip ýatyberdiler. Şadessanlar. Görogly |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling