Türkmen halk döredijiligi


Download 1.41 Mb.
Pdf ko'rish
bet78/109
Sana31.01.2023
Hajmi1.41 Mb.
#1144816
1   ...   74   75   76   77   78   79   80   81   ...   109
Bog'liq
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Şadessanlar. Görogly


204
Türkmen halk döredijiligi
– Zäher ber, merez ber, habar gerekmi saňa, habary bolup 
oturyşymyzdan alaýmazlarmy! Göroglynyň bir dogmasy bäş ýüz atlyny 
gyryp goýberdi. Ine, saňa gerek bolsa, habar şol. 
– Pah, zaňňar, dogmalaryna çenli uruş tälimini öwreden ekeni
– diýip, bu agyr ýygyn howp tapmaga aýlanyşdy. Hüňkär aýtdy:
– Aý, bolsa-da nätjek, bular ýaly agyr ýygynda munça-munça gyryl-
man bolýarmy. Bu bir ýagşy görýän serkerdämdi. Özi ölmän aman-sag 
gelipdir. Şo-da bolýar. 
Bu gep bu ýerde dursun, indi habary Görogludan al. Görogly bäş 
ýüz atlynyň ýaragyny oljalap, gala alyp gaýtdy. «Öňi geldi, soňam geler-
dä» diýip, iliniň ýaş ýigitlerinden täzeden bäş ýüz atly nöker jemläp, bu 
at-ýaraglary olara berip, mäkäm ýaraglandyrdy... 
...Şol wagtda Göroglynyň gönderen çapar atlysynyň habary ýetişip, 
türkmen il-ulsundan atly ýygynlar gelip başlady. Sapa ogly Çakan, 
Teke begi Zaman öz atly ýygynlary bilen gelip, Göroglynyň töwere-
gine jebisleşdiler. Ertesi bular hem agyr ýygyn bolup, uruş meýdany-
na çykdylar. O ýandan Hüňkäriň ýygnam sap gurap dur, bu ýandan 
Göroglynyň ýygnam sap gurap dur. Birmahaldan Hüňkäriň goşunyndan 
bir ýüz altmyş müň adam uruş meýdanyna çykdy. Görogly hem kyrk 
ýigidi bilen söweşe girdi. Görogly we onuň ýigitleri zabun uruşdylar. 
Hüňkäriň altmyş müň nökeri uruş meýdanynda galdy, galanlary bolsa 
Hüňkäriň ýanyna gaçyp gaýtdy. 
Hüňkäriň uly ýygnynyň serdarlarynyň birine Mustapa diýerdiler. 
Hüňkär:
– Mustapa hany öz ýygny bilen alyp geliň – diýip, nökerleriniň 
birine buýurdy. Mustapa han taýýar bolup, Hüňkäriň öňünde tagzym 
edip durdy. Hüňkär:
– Görogly altmyş müň ýygnymy öldürip, ýetmiş müň adamymy 
ýaradar etdi. Indi sen şol gurrumsagy kyrk ýigidi bilen tutup getirgin – 
diýip, bir söz aýtdy:
Eý, Mustapa, saňa diýsem sözümni,
Bargyn, Göroglyny tutup getirgin!
Bir-bir iýenjesin hasap eýleýip,
Gylyç-galkan bagna çatyp getirgin!


205
Eşitsin Görogly perýatlaryny,
Ýygyn batyrlarny, ussatlaryny,
Damagy tumarly arwatlaryny,
Ol perizadyny tutup getirgin!
Şemis-kamar ýüzli, gülgün hynaly,
Zümerret aýnaly, tylla şanaly, 
On barmagy bogum-bogum hynaly,
Agaýunusyny tutup getirgin!
Tora düşen boz garyçgaý bakylan,
Gollaryna ter hynalar dökülen,
Damagyna tylla tumar dakylan,
Gülşirin janyny tapyp getirgin!
Arwatlary gan aglasyn waý-waýlap,
Kyrk ýigidin tutuň, gollaryn baglap,
Hüňkär aýdar, dört ýanyndan haý-haýlap,
Bir süri goýun dek sürüp getirgin!
Bu sözden soň, Mustapa han öz ýygny bilen uruş meýdanyna geldi. 
Görogly derrew kyrk ýigidi bilen atlanyp söweşe girdi. Uly uruş boldy, 
Mustapa han öz janyny zordan saklady, özgeleri uruş meýdanynda gyryldy. 
Görogly Mustapa hana hem bir gylyç saldy, gylyç onuň tenine iki barmak 
ornaşdy, ol ýaraly bolup, Hüňkäriň öňüne baryp ýykyldy. Hüňkär: «Kaşgary 
hany öz ýygny bilen alyp geliň!» diýip buýurdy. Kaşgary han Hüňkärden 
rugsat alyp, öz atlylary bilen uruş meýdanynda häzir boldy. Görogly hem 
kyrk ýigidi bilen uruş meýdanyna gelip, Kaşgary hana garap, bäş keleme 
söz aýdar boldy:
Kaşgary han, söweş güni bolanda, 
Arap atly är ýigidiň günüdir. 
Bedewler daranda, nerler kükrände,
Dört ýanyňda ganly meýdan günüdir. 
Ýaz bolanda, daglar başy ot bolar,
Namart gaçar, mert kowar-da ýetiler,
Şadessanlar. Görogly


206
Türkmen halk döredijiligi
Eý, ganymlar, ýakaňyzdan tutular,
Ýylan dilli, dal hanjaryň günüdir. 
Baran gelse, daglar başy açylar,
Ýar elinden dokuz käse içiler,
Muhannesiň gany ýere saçylar,
Gara polat düýrme gyljyň günüdir. 
Bu gün bize şiri derga ýar bolar,
Kaşgary, meýdanda başyň har bolar,
Düýrme gylyç başda tary-mar bolar,
Gara polat aýpaltanyň günüdir. 
Kyrk ýigit meýdanda naýza salyşar,
Kilbe kimin ýakalaşyp bölüşer,
Atyndan aýrylan ýerde görüşer,
Ikisine sebäpkäriň günüdir. 
Görogly diýr, bize geldi hak döwran,
Ülkede eglenmän ötdi sil-duman,
Çandybili alabilmez hiç duşman,
Bedew atly goç ýigidiň günüdir. 
Görogly sözüni tamam edip, urşa girdi. Kaşgary hanyň näçe batyr-
laryny gyryp taşlady. Kaşgary han goşunynyň ýarysyny çapdyryp, 
Hüňkäriň gaşyna özüni taşlady. 
Indi habary kimden al, Hüňkäriň ýygnyndan al. Göroglynyň üstüne 
iberen goşuny çapylyp duransoň, ýygnyň arasyna dowul düşüp, alabasgy 
boluberdiler. 
Pah, eýere hümmet, guşguna bereket, duran tutular, gaçan gutular, 
assa gaçan namart bolaýdylar, onuň tarypyny aýdyp-diýip soňuna çykar 
ýaly bolmady. Hüňkär şu bela goşunyň öňüni-ardyny saklajak boldy 
welin, saklat nire, zat nire, özem atynyň uýanyny deňläberdi. Basga 
düşen ýygyn özüňize belli, kyrklar galanlaryny bäşden-ondan gyryşdyryp 
kowup gidiberdiler. Göroglynyň bu agyr ýygnyň basylyp gaçyp barşyna 
wagty hoş, zehini çag bolup, ýygnyň yzyndan gygyryp, bir nama aýdar 
boldy:


207
Meýdanda gezipdir mertler,
Ganyma degişdir dertler,
Nyşapurdan gelen begler,
Öz yzyna aglap gaçdy. 
Mesdi-meýdan dolup daşan,
Ganymlar etdiler puşman,
Ystambuldan gelen duşman,
Öz iline haýdap gaçdy. 
Gaýrat etdi kyrk gardaşlar,
Meýdanda serildi läşler. 
Ýüz elli müň gyzylbaşlar,
Her kim ýurdun sorap gaçdy. 
Meýdanda söweşler gurap, 
Uly ýygyn boldy harap,
Ganym diýip gelen Arap,
Mekge sary garap gaçdy. 
Muhannesler boldy haýran,
Goç ýigide ýetdi döwran,
Görogly diýr, Şahymerdan,
Şu gün meniň ýolum açdy. 
Görogly bu sözi aýdyp, ýene sürüp gidiberdi. 
Habary kimden al, Hüňkäriň Tokmak soltan diýen serkerdesinden 
al. Ol bäş ýüz şemhalçynyň – mergeniň baştutanydy. Tokmak soltan öz 
nökeri bilen gaçyp barýardy. Ine, bular Göroglynyň sesini eşitdiler. 
Tokmak soltan aýtdy:
– How ýigitler, bu zaňňaryň owazy edil biziň ýeňsämizden gelýär. 
Siz şu dagyň gowagynda gizlenip ýatyň, men öňünden çykyp, bäş-alty 
agyz gepe güýmär ýaly bolsa güýmäýin, şol wagt ol atyny saklaýsa, 
hemmäňiz birden atyň, belki, bize bir kör abraý bolsa bolar-da duruberer. 
Birmahaldan dagyň jülgesinden bir atly çykyp:
– How, Görogly beg, salawmaleýkim – diýdi. 
– Waleýkim essalam, ýagşy ýigit, ber habaryňy?

Download 1.41 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   74   75   76   77   78   79   80   81   ...   109




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling