Türkmen halk döredijiligi


Download 1.41 Mb.
Pdf ko'rish
bet74/109
Sana31.01.2023
Hajmi1.41 Mb.
#1144816
1   ...   70   71   72   73   74   75   76   77   ...   109
Bog'liq
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Şadessanlar. Görogly


190
Türkmen halk döredijiligi
Hyzmat buýursaň, otuz gulça işlärin,
Zynhar sen Gyraty goýma höwüre!
Reýhanarap sözüni tamam etdi. Görogly:
– Bolýar, Arap aga, seniň bu pendiňi tutdum – diýdi. Soň Arap ýene 
Görogla ýüz tutdy:
– Indi, Görogly, Bibijany saňa tabşyrdym, seni Hudaýa tabşyrdym 
– diýip, şol duran ýerinden bäş keleme söz aýdar gerek:
Uzak ýoldan gelen ýigit,
Alypsyň, saňa noş bolsun! 
Ýüregime dagy-düwün
Goýupsyň, saňa aş bolsun! 
Ýagşy pent bolsun özüňe,
Gitme hatynyň sözüne,
Ganly ýaş doldy gözüme,
Alypsyň, saňa aş bolsun! 
Atym berip men höwüre,
Ýeňňeňi çekdim böwüre,
Bibijany goýma jebre,
Alypsyň, saňa aş bolsun! 
Men niçe gün sürdüm döwran,
Tapylmaz derdime derman,
Reýhana tükenmez arman
Salypsyň, saňa noş bolsun! –
diýip, Arap maýyp atynyň ýanyna geldi, geýim-gejimini atynyň 
syrtyna taşlap, atyny idip, keýtiklede-keýtiklede gidibersin. 
Görogly hem Bibijan bilen niredesiň Çandybil diýip, basdy ata 
gamçysyny. Bir meýdan sürenden soň:
– Al-la, bu zaňňaryň gideni çynlakaýdanmyka ýa-da ýalandanmyka 
– diýip, Görogly pikir etdi:
– Men muny bir barlaýyn – diýip, bir dagyň üstüne çykyp garady. 
Görse, Arap zaňňar hol iki dagyň jülgesinden atyny idip barýar, geýim-


191
gejiminem atyň syrtyna taşlapdyr. Bolup barşy edil basgyda galan göçeg-
çä meňzeýär...
Görogly «Muňa has açygrak aýtmasak bolmajag-ow» diýip, Genjim 
bege garap, ýene bäş keleme söz aýdar gerek:
Kybladan sallanyp geldi mestana,
Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin. 
Jemalyn görenler boldy diwana,
Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin. 
Aşyk ähli onuň arzuwyn çeker,
Lebi – bal, gül çehre, dodagy – şeker,
Görki – Gün, şuglasy älemi ýakar,
Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin. 
Aryp bolsaň, habar algyn sözümden,
Bakdygyňça gözüň doýmaz gözünden
Aşyk bolan bähre alar ýüzünden,
Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin. 
Dokuz köýnegi bar, göwsi düwmeli,
Atasyny görüp, gyzyn öwmeli,
Zemistanda gujagyna girmeli,
Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin. 
Ýene döwran geldi biziň bu baga,
Gözeller içinde ol Ýusup aga,
Özge gözel ähli şoňa sadaga,
Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin. 
Görogly beg ar üstünde söweşer,
Hurma saçy tar-tar topugna düşer,
Ýuka dodaklary balmydyr-şeker,
Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin – 
diýip, Görogly sözüni tamam etdi. Päh, Genjim zaňňar ylgap ýe-
rinden turdy. Gol gowşuryp:
Şadessanlar. Görogly


192
Türkmen halk döredijiligi
– Aý, inim, gullug-ow, gullug-ow, maksadyňa ýet-ow, dünýä durynça, 
sen dur-ow, aý, gullug-ow, inim – diýip sarnaberdi, zaňňar. 
– How, inim, indi bir gep bar, menden ogurlabam ýörme, dogurlabam 
ýörme, goýny-da saňa tabşyrdym, düýe sürüsini-de, garamal sürüsini-de, 
ýylkylary-da saňa tabşyrdym. Ýöne meni tomus yssylamaz ýaly, gyş 
üşemez ýaly etseň bolýar – diýip, Genjim beg derýa bolup joşdy. Ol ýene:
– How, inim, ýaňy seniň gelendigiňi bir ýigit söýünjiläp bardy, oňa-da 
näme berseň özüň ber. Meniň-ä elim bilen berjek zadym ýok – diýdi. 
Päh, hälden bäri «olja getirmändir» diýip mazasy gaçyp oturan Köse 
zaňňaryň-da bu sözler gözüni açdy. Ol:
– Şu wagtlar dili aýlanan mahaly depiň goýna baka, zaňňaryň gepiniň 
bellisi bolmaz, soňurrak berjek däl diýmäge-de ýaltanmaz bu zaňňar – diýdi. 
Görogly Genjim bilen Bibijana ýedi gije-gündiz toý-tomaşa berip, nan 
diýene nan, teňňe diýene teňňe, serpaý diýene serpaý berip, at çapdyrdy, 
altyn gabak atdyryp, bagşy aýtdyrdy, hälki söýünjiläp baran ýigide-de at 
mündürip, serpaý ýapdy, bir molla getirip, Bibijany Genjime nika gyýdyryp 
berdi. Genjim haremhana baka ýöräp barýarka, ýüzüniň ugruna ýolboýy 
samyrdap barýar. 
– Inim, gulluk, inim, gulluk! – diýip, samrap haremhananyň işiginden 
girdi. 
Agaýunus peri: «Geleweri, Genjim beg» diýip, elinden tutup, Bibijan 
bilen elleşdirip, öz haremhanasyna gaýtdy.


193

Download 1.41 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   70   71   72   73   74   75   76   77   ...   109




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling