Türkmen halk döredijiligi


Download 1.41 Mb.
Pdf ko'rish
bet73/109
Sana31.01.2023
Hajmi1.41 Mb.
#1144816
1   ...   69   70   71   72   73   74   75   76   ...   109
Bog'liq
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Şadessanlar. Görogly


186
Türkmen halk döredijiligi
186
186
Päliň azyp, bu jaýlara gelip sen,
Biakyl Görogly, nadan Görogly!
Bejit bilgin, sen biajal ölüp sen,
Biakyl Görogly, nadan Görogly!
Indi saňa rast jogabym söýlär men,
Berre kimin bagryň girýan eýlär men,
Il-ulsuň, galaň weýran eýlär men,
Biakyl Görogly, nadan Görogly!
Goldan geler-gelmez işi başar sen,
Bu gün biziň bilen bagsa düşer sen,
Bir gamçy çalamda şeýle çaşar sen,
Biakyl Görogly, nadan Görogly!
Goluň baglap, tirkärin men gatyra,
Hary-zar eýlärin salyp hatara,
Päliň azyp, degdiň Reýhan batyra,
Biakyl Görogly, nadan Görogly!
Reýhanarap sözüni tamam edensoň, atynyň sowanlygyny bilip: «Bu 
sapar ahmal oturmaýyn» diýip, jylawy çekeräge tutup, kibtini gaýym 
gysyp, atyň garnyndan dolandyryp jüp gamçy urdy. Emma at bu sapar 
çalarak sowan ekeni. Janawar gamçynyň awusyndan sekrägede bir zyňdy 
welin, Araz çaýynyň bu taýyna geçip bilmän, ortasyna pagyş edip düşdi. 
Derýanyň tolkuny tekizleşip gitdi. Arap aty bilen bir haýukdan soň suwuň 
ýüzüne çykdy. Suwuň içinde atdan düşüp, onuň ýantanapyny bilegine 
orady, özi öňünde, atam yzynda, uly basgy bolup, Görogla garap, ýüzüp 
gelýär. Şol wagt Görogly Arazyň aňyrsynda duran ýerinde Araba garap, 
ýene bäş keleme söz aýdar gerek:
Uçradyň Araz çaýynda,
Gaýt indi, Reýhan, öler sen!
Seni goýman bu jahanda,
Gaýt indi, Reýhan, öler sen!
Ýene bu ýoldan geler men,
Dostu-duşmanym biler men,


187
187
Eltip, ýylkyma salar men,
Gaýt indi, Reýhan, öler sen!
Sen gaflat ukuda ýatdyň,
Güjümiňe okum atdym,
Senden arym alyp gaýtdym,
Gaýt indi, Reýhan, öler sen!
Okum çekip, girsem ýaýa,
Nalyşyň ýetmez Hudaýa,
Arap, atyň bolar zaýa,
Gaýt indi, Reýhan, öler sen!
Röwşen, sygynsam pirime,
Daglar titreşer zoruma,
Döwçülerim – kyrk nerime, 
Gaýt indi, Reýhan, öler sen!
Bu sözden soň Arap:
– Zaňňara bak-a, «Döwçülerim – kyrk nerim» diýýär, munuň kyrk 
döwçüsine bak-a, kyrk ýigidine bak-a. Seniň şol kyrk ýigidiň meniň 
gözüme peşeçe görünýärmi? Haý, akmak zaňňar! – diýip, Reýhana-
rap Göroglynyň şunça abaý-syýasatyna garaman, derýanyň bu tarapyna 
ýakynlap gelýär. Onda Görogly:
– Alla, Bibijan, ataň-a gözüne bir alamat görkezäýmesek, 
ýüzüp geçip gelýär. Indi men munuň özüni ataýynmy, ýa atyny?
– diýip sorady. 
Her zadam bolsa atasy-da, Bibijan «Atyn at, aga, atamy azat eýle-
gin» diýip, Görogla ýalbaryp, bäş keleme söz aýdar gerek:
Bize kyýamatlyk bolan, goç ýigit,
Atyn at, atamy azat eýlegin.
Aryny jaýyna salan, goç ýigit,
Atyn at, atamy azat eýlegin. 
Şir zarbyn görmedik tilki «şir bolar»,
Hatardan ýük alan – esrek ner bolar,
Şadessanlar. Görogly


188
Türkmen halk döredijiligi
Är ýigidiň wadalary bir bolar,
Atyn at, atamy azat eýlegin. 
Kysmat bilen seniň ýurduňa geldim,
Sözüm budur, seniň ärligiň bildim,
Men seniň aldyňda bir keniz boldum,
Atyn at, atamy azat eýlegin. 
Bibijan diýr, men galmyşam awara,
Bu dertli janymy goýma azara. 
Gel isleseň, etgin meni set para,
Atyn at, atamy azat eýlegin! –
diýip, Bibijan sözüni saz bilen beýan etdi. 
Onda Görogly:
– Alla, Bibijan, ataň-a gaty gylawly görünýär, ol öz gara nebsi üçin 
göwnüniň islänini edip ýörmäge öwrenen adam-da. Men-ä onuň bilen şu 
ýerde bellisini etmekçidim – diýdi. 
– Görogly aga, o näme diýdigiň bolýar?
– Ol diýdigimi saňa aýtsam, Bibijan, «Ýakma bişersiň, gazma 
düşersiň» diýenleri, men-ä ulumsy ataňa sary ýaýyň bir okuny beräýjek-
dim. 
– Görogly aga, her zadam bolsa atamdyr, edep sakla, atyny atsaň 
ataý, emma özüne degme, aga– diýdi. 
Görogly biraz oýlanyp durdy. Arabyň aty-da indi birneme peselip 
ugrady. Ol boýnuny gyşardyp, dilini sallap ugrady welin, Görog-ly:
– Gel, näme-de bolsa, bir gezeklikçe Bibijanyň hatyrasyny sak-
laýyn, atasyna degmäýin-de, onuň atyny bäri ýüzmez ýaly edeýin, belki, 
Arap pälinden gaýdar, bardy-geldi, munuň bilenem bolmasa, onçasynam 
görüberdik-dä – diýip, keýmir okuny ýene ýaýa dolduryp, atyň göwsüni 
gabatlap, rast atyp goýberdi. Sary ýaýyň oky gelip, atyň garysyna gömül-
di, garysyny kül-uşak etdi. Bärligine ýüzüp gelýän at, aýagy perman 
bermänsoň, birden-de derýanyň düýbüne zym uçan ýaly bolup ötägitdi. 
Nogtasy Arabyň bileginde bolansoň, onam agramyna suwuň teýine alyp 
gidiberdi. Bir mahaldan soň Arap suwuň ýüzüne zompuldap çykdy. Atyna 
okdan şikes ýetenini bilip, Arap indi yzyna ýüzmäge başlady. Kä çümüp, 
kä ýokary çykyp, hyrkyldaý-hyrkyldaý soňky deminde derýanyň kybla 
kenaryna çykdy. Atynam süýräp çykardy. Geýimlerini sykyp, her haýsyny 


189
bir ýana serişdirdi. Kiçiräk kejebe ýaly öl-myžžyk bolan telpegini hem 
bir agajyň başyna geýdirdi. Arap oýlandy: «Alla, meniň işim şowuna bol-
mad-ow, indi mundan beýläk geçsem, bu zaňňardan meniň elim hemişe 
asgyn bolar, ýene bir ok ataýsa, ol meni atdan hem beter eder, «Zeleliň 
ýarysyndan gaýtmagam bir peýda» diýip, Araz çaýynyň kyblasy bilen 
Göroglynyň dogrusyna geldi. 
– How, Görogly – diýip gygyrdy. 
– Nätjek, Arap aga?
– Aý, Görogly, sen meni utduň, sen zor bolduň, men senden utul-
dym, indi sen dünýäden ötinçäň, men dünýäden ötinçäm, seniň bilen 
uruşmazlyga, jedel tutmazlyga şu ýerde menden kasamat we äht bolsun 
– diýdi. 
– Ä-hä, şeý diýsene, Arap aga, «Oýunçy utulanyny bilse ýagşy» 
diýipdirler, senem öz utulanyňy bilip, päliňden gaýdan bolsaň, onda 
bolýar, Arap aga. 
– Bildim, Görogly, indi meniň saňa berjek pendim bar, eger alsaň?
– Aýt, Arap aga, alar ýaly bolsa alarys. 
– Alsaň, diňle – diýip, Arap Görogla garap, bäş keleme söz aýdar 
gerek, gör-bak, näme aýdýar:
Diýsem pendim saňa, eý, Görogly beg,
Zynhar sen Gyraty goýma höwüre!
Bedew at ýigidiň güýji-kuwwaty,
Zynhar sen Gyraty goýma höwüre!
Bir hyýal eýledim çykdym şöwüre,
Bir hata eýledim, düşdüm döwüre,
Bir nobat atymy goýdum höwüre,
Zynhar sen Gyraty goýma höwüre!
Bedewi saklamak, bil, zeruratdyr,
Ýigidiň ýoldaşy bir ýüwrük atdyr,
Bu dünýäde atsyz ýigit arbatdyr,
Zynhar sen Gyraty goýma höwüre!
Reýhan aýdar, men gaharym taşlaryn,
Meni äkit, öz ýurduňda gyşlaryn. 

Download 1.41 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   69   70   71   72   73   74   75   76   ...   109




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling