Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Şadessanlar. Görogly
182 Türkmen halk döredijiligi üzensiň, emma özüň gatyrak gideweri, men şu gün irde-giçde muny oýarmasam, «Sen meniň gyzymy ogluňa özüň berip goýberensiň» diýip, maňa azar berer, döwüş-taýak meniň başymda bolar – diýdi. – Al-la, ýeňňe jan, onuň ýaly bolsa, men şu duran ýerimden Arabyň içinden sary ýaýyň okuny geçirip, seni hem alyp ötägideýin? – Eý, oglum, ol işiň namartlyk bolar, men baryp ony oýaraýyn. Soň ol zaňňar: «Men ukuda ýatyrkam alyp gidipdir, bigaýratlyk edipdir» diýip, bahana tapmasyn – diýdi. – Bu aýdýanyň hem dogry, ýeňňe jan. Men Gyratymy depip, meýdana çyksam, onuň alajyny özüm görerin, «Eliň bilen edeniňi egniň bilen çekersiň» diýenleridir. Goý, ol zaňňar ozal öz eli bi- len edenini bu gün öz egni bilen çeksin. Sen bar-da, Araby turuz – diýdi. Görogly Bibijana: «Berk ýapyş, gyz» diýip, Gyrata bir gamçy urdy welin, janawar ýyldyrym ýaly süýnüp, laçyn kimin uçup barýar... ...Bu gün ötdi, gijesi ötdi, ertesi çäş galanda Göroglynyň yzyndan bir gürrüldi peýda boldy. – How, Bibijan, bir gürrüldi bar-la, bu ýakynlarda aždar barmyka, şir barmyka? – Görogly beg, aždaryňy-da bilmeýän, şiriňi-de, bu meniň atamyň atynyň gürrüldisidir. Onuň toýnagy gyzan wagtynda, damagynyň harryl- dysy, burnunyň parryldysy gaty daşdan eşidilýändir, bu şonuň sesidir. Ol seniň yzyňy alyp kowup gelýändir – diýdi. Onda Görogly içinden «Gel, men muny bir synap göreýin» diýip: – Onda Bibijan «Dost geňeşde belli» diýipdirler, ataň yzymyzdan ýetip gelýän bolsa, indi näme etmeli? − diýdi. Onda Bibijan: – Eý, Görogly beg, maňa nämä geňeşýärsiň? «Ýaryşda atdan, ýyrtyşda gurtdan, mal ýagdaýyny gartdan, söweşi mertden» diýipdirler. Sen bir mert ýigit, özüň menden ýagşy bilýärsiň; ýöne meniň saňa aýtjak bir sözüm bar, atam uka giden mahalynda, seýisler onuň atyna iým-suw berip, ot döküp, bakyp-bejerip ýörkäler menem baryp, kesesinden syn ederdim. Ol ata her menziline bäş ýarym batman iým berilýärdi. At aýa- gyndan ýaňa bikär bolup galandyr, ýöne gyzgynyna gelýändir. Onsoňam, atamyň aty garrydyr, biziň atymyz ýaş görünýär. Şonuň üçinem ýakynyňa gelse, bäş-alty agyz gepe güýmäp, birmeýdan saklap bilseň, onuň aty şol ýerde sowap galar – diýdi. Görogly Bibijanyň göwnünde ýamanlyk ýokdugyny bildi. 183 – Haý, onuň ýaly bolsa, men ataňy üç-dört günläp gepe güýme- meýänmi! Meniň ýanymda gep gytmy näme? – diýip, bir dagyň üs- tüne çykyp, yzyna garap duruberdi. Bir seretse, iki dagyň jülgesinden Arap zaňňar atyny ýüzin salyp gelýär, bolup gelşi edil bir gara ýapynja meňzeýär. Ses ýeter ýaly meýdana geldi weli, Görogly şol duran ýerinden: – How, Arap, dur, şo ýerde dur, şo ýerde. Saňa bäş-alty agyz sözüm bar – diýip gygyrdy. – Haý, zaňňar Görogly, ine, durdum, aýt, näme sözüň bolsa. – Sözümi saňa saz bilen aýdyp berjek – diýip, arkasyndan sazyny alyp, Araba garap, bäş keleme söz aýdar gerek. Gör-bak, näme diýýär. Seniň üçin geldim Çandybilinden, Senden gaýdan enesinden dogmasyn; Aslym diýsem, teke-türkmen ilinden, Senden gaýdan enesinden dogmasyn! Meýdan içre ýetdiň bedew harladyp, Ylgar edip, at alnyny derledip, Men durdum öňüňde jyzap arladyp, Senden gaýdan enesinden dogmasyn! Belent-belent garly dagdan öter men, Arym alyp, maksadyma ýeter men, Bäri gelme, Arap, seni atar men, Senden gaýdan enesinden dogmasyn! Sagyra halymda üstüme geldiň, Agladyp, eňredip, ýeňňemi aldyň, Ýok söwdany meniň başyma saldyň, Senden gaýdan enesinden dogmasyn! Görogly diýr, eşit merdiň sözüni, Külli ilat görsün meýdan tozuny, Ýeňňem üçin aldym, arap, gyzyňy, Senden gaýdan enesinden dogmasyn! Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling