Türkmen halk döredijiligi


Download 1.41 Mb.
Pdf ko'rish
bet70/109
Sana31.01.2023
Hajmi1.41 Mb.
#1144816
1   ...   66   67   68   69   70   71   72   73   ...   109
Bog'liq
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Görogly: 
Meni sorsaň, geldim Çandybilinden, 
Almaý gitmez demir donly bu ýerden, 
Aslym beýan etsem, türkmen ilinden, 
Almaý gitmez demir donly bu ýerden. 
Bibijan: 
Gitgin indi, biziň iller duýarlar,
Duýsa, seniň şirin janyň gyýarlar,
Goçaklarmyz ata rekap goýarlar,
Gitgin indi, demir donly, bu ýerden. 
Görogly: 
Bäş menzilden Gyratymy çapar men, 
Her menzilde sermes guzy gapar men,
«Däh» diýemde, bäş kişini ýykar men, 
Almaý gaýtmaz demir donly bu ýerden. 
Bibijan: 
Goç ýigitler belendinde, pestinde, 
Aşyk bolan magşugynyň kastynda, 
Köp sözleme sen Gyratyň üstünde, 
Gitgin indi, demir donly, bu ýerden. 
Görogly: 
Belent-belent garly dagdan ötmeýin, 
Aryn alyp, maksadyna ýetmeýin, 
Şu gün seniň ak goluňdan tutmaýyn, 
Asyl gitmez demir donly bu ýerden. 
Bibijan: 
Hanlaryň içinde hanlar hany sen
Aşyk bolsaň, magşugyňy tany sen, 
Nä pisint etmediň Bibijany sen
Gitgin indi, demir donly, bu ýerden. 
Şadessanlar. Görogly


180
Türkmen halk döredijiligi
Görogly: 
Beg Görogly aýdar: şirin sözlini, 
Janym alan nerkes gara gözlini, 
Goşa hally, aý dek, ap-ak ýüzlini, 
Almaý gitmez demir donly bu ýerden. 
Bu sözi aýdandan soň, Bibijan arkanjaklap:
– Gör, ýeňňe jan, munuň aýdýan sözlerini gör, asla bu ýigitden 
gowulyk çykmaz. Eger maksadyň öldürtmek bolmasa, onda meni goýber 
– diýdi. 
– Eý, gyzym, maksat seni öldürtmek däl. Bu ýigit gaty 
gowy ýigit, ol bir içer ýaly suw sorady, men şol suwy seniň alyp 
bermegiňi oňa wada berdim, diňe şonuň üçin men seni getirdim
– diýip, Gülendam sypdyrmajak bolup, arkasyndan iteleýär. 
– Ýok, ýeňňe jan – diýip, Bibijanam Gülendamy arkanlygyna südür-
läp, Göroglynyň gözünden ýitip barýar. Görogly bu bolşy görüp, öz içinden:
– Men könelerden «Ýagşy söz ýylany hinden çykar» diýip eşidipdim. 
Gel, men şuňa hoşamatly bir söz aýdaýyn-la. Bizde söz gytmy näme?
– diýip, Bibijana garşy garap:
– Wah, Bibijan, gitmesene, bir suw bersene – diýip, bäş keleme söz 
aýdar gerek:
Garşym alyp duran dilber,
Näzlim, bir suw ber, içeýli,
Ter hynaly gollaryňdan,
Gyz-juwan, suw ber, içeýli. 
Menem geldim illerimden,
Seýran etsem gülleriňden,
Ter hynaly gollaryňdan,
Gyz-juwan, suw ber, içeýli. 
Senmisiň Arabyň gyzy,
Geýen donlaryň gyrmyzy,
Näz bilen köýdürme bizi,
Gyz-juwan, suw ber, içeýli. 


181
Goly hyzmatda baglyny,
Menzili Ýyldyz daglyny,
Tanyrmy sen Göroglyny,
Gyz-juwan, suw ber, içeýli. 
Bilbil gül diýp çeker zary,
Aşygyň köýmesin ary,
Göroglynyň söwer ýary,
Bibijan, suw ber, içeýli –
diýip, Görogly sözüni tamam etdi. 
Gülendam:
– Halha, «Bibijan» diýip, adyňam bilýän ekeni. Häý, Bibijan, bu 
ýigit seniň at-owazaňy eşidip, saňa aşyk bolup gelen bolmaga çemeli, 
muny namyrat gaýtarma-da, suw beräý, Bibijan – diýdi. 
– Alla, ýeňňe jan, «Ber-beri» kän aýtdyň. Indi men muňa suw be-
reýin, ýöne sen meniň yzymda habardarrak bolup durarsyň. 
– Men yzyňda duraryn, Bibijan. 
– Bolýar, ýagşy – diýip, Bibijan razy boldy. 
«Kasas kyýamata galmaz» diýenleri: Arap Gülendamy alyp gaý-
danda, Göroglynyň kakasyndan galan altyn jamy hem alyp gaýdypdyr. 
Bibijan bu jama suw dolduryp, haremhanadan gamza kakyp, daş çykdy. 
Uýalyp, ýüzüni keseräk tutdy-da, jamy Göroglynyň goluna uzatdy. Göro-
gly hem jyn ýaly çalasyn zaňňar: jamy goltugyna urdy-da, dessine bir 
elini ak goluň penjesinden, bir elini hem ak bilekde goýlan bilezigiň aňyr 
tarapyndan berk tutup, gyzy özüne baka çekdi welin, Bibijan top ýaly 
bolup, atyň üstüne düşdi. Azaby ýerine gowşan Görogly Bibijany alyp, 
Gyratyň başyny yzyna baka öwürmekçi boldy. Onda Bibijan:
– Eý, goç ýigit, meniň özüm gideýin, ýöne häzir meni goýber, öýe 
girip, zatlarymy alaýyn – diýdi. 
Gülendam-da:
– Dogry aýdýar, Röwşen jan, goýber elini, «gideýin» diýdi, indi özi 
gider – diýdi. Görogly hem onuň elini goýberdi. Päh, ýetişen maşgala, 
Bibijanyň-da göwni galkdy, içeri girip, zer-zerbap geýimlerini egnine 
geýdi, şaý-paýyny dakyndy, aýna-daragyny alyp, bukja saldy. Bukjasy-
nam goltuklap gelip, şaňňyrdap, atyň syrtyna mündi. Gülendam:
– Bar, Röwşen jan, alnyňy Hak açsyn, Arabyň ýürek ýagyn-a 

Download 1.41 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   66   67   68   69   70   71   72   73   ...   109




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling