Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Şadessanlar. Görogly
168 Türkmen halk döredijiligi – Oglum, göwnüň näme islese aýdyber. Gök çaý içermiň, gara çaý içermiň, gant ezip iýermiň, nabat ezip iýermiň? – Şüle, süzme, ýahna, palaw, kebap ýaly naharlardan her gün dokuz dürli tagamy häzir etdi. Üç gün geçip, dördünji gün bolandan soň: – Hany, oglum, habaryňy ber, ugur haýyrly bolsun – diýdi. – Galandar, şu galada bir ok-ýaý barmyşyn, şol ok-ýaý üçin geldim – diýip, Görogly haýyr iş bilen gelenligini aýtdy. Galandar ol ýaýa belet bolansoň: – Köp ýagşy, oglum – diýip, ýanynda bar teňňesini hasaplap gördi. Puly 400 tümen tylla ýetmedi. Ýene byradarlaryndan, deň-duş, dost- ýarlaryndan karz-kowal alyp, 400 tümen tyllany jemläp, kisä salyp ugrady. – Bilip bolmaz, bardy-geldi, oglan çekip bilmese, puluny öz ýanym- dan bereýin – diýip, galandar öz içinden oýlandy-da, Göroglyny ussalaryň dükanyna alyp bardy. Ussalar: – A-haw, Abdylla galandar, bu oglan näme? – diýip soradylar. Abdyl- la galandar: – Hawa, ussalar, bu bir tanyş oglan, şu gala ýarag diýip gelipdir, onsoň siziň dükanyňyza alyp gaýtdym – diýdi. Päh, ussalaryň dükanam özüňize belli. «Ussa aga, bejerewer» diýip getirilip goýlan ok-ýaý köp. «Ine, halanyny alaýsyn» diýip, bir topar ok- ýaýy küdeläp, öňüne süýşürdiler. Görogly bulary agdar-düňder edip gördi, birini bu ýana zyňdy, birini o ýana zyňdy, hiç haýsy göwnündäki ýaly bolup çykmady. Ahyry Görogly: – Tapyp berseňiz-ä, düzüwrägini tapyp beriň, men bular bilen poz- zam oýnajak däl ahyryn – diýdi. Ussalaryň halypasy: – Oglan, seniň demiň ýaman şah görünýär-le, bir ok-ýaý bar, çy- karyp getirip goýsak, seniň ýaly oglan teýindenem galabilmez – diýip, Görogla göwnüniň ýetmeýänligini duýdurdy. Emma Görogly ussabaşynyň göwnüýetmezlik edenine oglanlyk edip gatyrganyp durmady-da: – Haý, ussa aga, «Güýji ýetmez göre galar» diýenleridir, her zat-da bolsa getiriň, bir görüp galaly – diýdi. Munuň ýerbe-ýer, jaýma-jaý ugruny tapyp, sugşuryp, salykatly gepleýşine ussalar täsin galdylar. – Munuň gepinde-sözünde-hä bimamla zat ýok eken, goý, höwes etse, görsün, güýjüni synasyn, ýüreginde arman galmasyn – diýşenlerinden soň, ussalaryň halypasy şägirtleriniň birine: 169 – Şol ok-ýaýy alyp çyk – diýip gygyrdy. Şägirdi şol ady belli ok-ýaýy bir hüjreden alyp çykdy. Dokuz gat teletinden gaby bar, ýeke-ýekeden gaplaryny çykaryp goýdy. Lagly- jöwahyrdan bejerilen ok-ýaý hüjräň içine ýalkym salyp dur. Göroglynyň sussy basyljak boldy, ýöne atasynyň: – Oglum, hiç ýerde gorkup, aljyrap, özüňi ýitiriji bolmagyn – diýen sözi ýadyna düşüp, özüni tiz dürsedi. Ýaýy aldy-da, şatyrdadyp çekiberdi. Ýaýyň iki başy eplenip, bir-birine ýetip tapyşyp gelýär. Töweregindäkiler: – Haý-haý oglan, güýjüň zor ekeni, ýaýy syndyryp barýarsyň, taşlaweri bäri – diýdiler. – Ussalar, «Är lebizden, koý bogazdan» diýenleri. «Muny çeken adam bolsa, bir pul bermän alýamyşyn» diýip eşidip geldik, çekdik, indi muny bize berersiňiz – diýip, Görogly ussalaryň ýüzüne seretdi. Ussalaryň halypasy: – Aý, ýog-a, birneme gol muzdumyzy bermeseň, biz ony bermeýäs – diýdi. – Şert diýeniň şert bolar ahyry! Ynha, bermeseň – diýip, Görogly ýaýy gezäberdi. – Haý, oglan, dälişgelik, bälçiklik gylygyňy goý. Dogry, muny çekdiň welin, mundan başga ýene bir şertimiz bar. Sen munuň okuny ýedi pilden geçirmelisiň, onsoň bu ýaý seniňki bolar – diýip, ussabaşy aýtdy. Görogly: – Köp ýagşy, ol şertiňizem bitirjek bolup göreli – diýdi. Şunluk bilen, köçä çykyp, ýedi pili hatara düzüp goýdular. Görogly keýmir oky ýaýa dolduryp, ýa şiri huda diýip, ýedi pili gabatlap, ras atyp goýberdi. Ol ýedi piliň içinden parran geçip gitdi, baryp galanyň demir derwezesine urdy. Piller bir gapdalyna agyp ýykyldy. – Haý, oglan, özüň ýaş bolsaň-da, gujur-gaýratyň zor ekeni, bar, ýaýy saňa bagyş etdik – diýdiler. Galandar dört ýüz tümen tyllany ussalaryň öňünde goýdy. Emma olar: – Ýok, galandar, wadamyz wada, şertimiz şertdir, çeken adam bol- sa, bir pul alman, mugt berjekdiris – diýip, wadalaryna pugtadyklaryny aýtdylar. – Aý, bolsa-da, oglana birneme haýyr bererine – yrymyna ýagşy, her zat-da bolsa alyň! – diýenden soň: Şadessanlar. Görogly 170 Türkmen halk döredijiligi – Gel, haýyrlaşmany orta saldyň – diýip, her ussa bir jüp tümen tyl- ladan alyp, dört ýüz tümen tyllanyň galanyny galandara gaýdyp berdiler. Görogly ýaýy alyp, ussalar bilen hoşlaşyp gaýdyberdi. Köçe bilen gelýärkä: – Oglum, seni ýene bir ýere elteýin – diýip, galandar ýene bir ussa- hana getirdi. Dükanyň içine seretseler, ynha, jaýyň bir burçunda bir ýaşyl naýza dur, Göroglynyň gözi şol naýzadan aýrylanok. Ussabaşy: – Eý, Abdylla sopy, bu nähili oglan? – diýip sorady. – Hawa, ussa aga, bu bir tanyş oglan. Şu gala ýarag diýip gelipdir. Senden şu naýzany diläp alyp bermäge geldim, näçe alsaň al-da, naýzaňy şu oglana ber, ussa aga – diýdi. – Ýok, Abdylla sopy, bu naýzany göterjek oglanyň piri gaty zor gerekdir. Bu naýza her gezip ýören salpy aýaga başartmaz. – Ýok, ussa aga, bu oglan biderek oglan däl. Baýaky ussalardaky lag- ly-jöwahyrdan ýasalan ok-ýaýy hem çekip aldy – diýen habary eşidenden soň, ussa haýran galyp, Göroglynyň ýüzüne seretdi-de: – Tüweleme, oglum, şol ýaý üçin goýlan şertleri berjaý edip, şol ok- ýaýy çekip almagy oňaran bolsaň, onda bu naýzanyň syrtynda durmagy- da oňararsyň – diýip, Abdylla galandara ýüzlendi: – Hawa, Abdylla sopy, bu oglanyň piri zor ekeni, bar, naýzany alsa alaýsyn, bar, bagyş etdik – diýdi. Görogly ýüwrüp baryp, naýzany aldy. Çykyberjek bolanda, ussa: – Aý, Abdylla sopy, munça bolanyna görä, goý, bu oglan indi ýarag şaýyny tutup gitsin. Munuň ýüreginde arman galmasyn – diýip, ýene bir jaýa girip, bir bukjany goltuklap getirdi. Bukjany açyp görseler, munuň tamamy ýarag ekeni, altyn ýakaly sowut, galkan, düýrme gylyç, şeşmer, aýpalta, tylla desseli gazma we başga şuňa meňzeş ýaraglar – tamamy, batyrlaryň göterýän ýaraglary eken. Görogly bulary görüp: – Bularyň hiç birindenem geçer ýaly däl, hemmesi häli-şindi gerek boljak ýaraglar – diýip, içini gepledip durdy. Abdylla galandar bolsa ussa bilen ylalaşyp, pullaryny töläp, bularyň hemmesini öz ýanyna geçirip gol- tuklap çykyberdi. Görogly hem naýzasyny süýräp gaýdyberdi. Aý, gepiň gysgasy, Yspyhanda Göroglynyň ýarag şaýyny tutan şu galandar boldy. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling