Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Şadessanlar. Görogly
162 Türkmen halk döredijiligi lendir – diýip, Gülendam özüniň başyndan geçenleri birin-birin gürrüň edip berdi. Soň ýene: – Ataň «Garry duşman dost bolmaz» diýip aýdandyr. Bu hem kakaň ganym duşmanydyr. Ol meni alyp gider, senden aýrar. Emma sen bir hile tap-da, şonuň atyny öz tohum gylýalyňa tohumlyga dile. Onuňam aty suw atynyň tohumyndandyr. Seniňem gylýalyň suw atynyň tohumydyr. Ondan dogan at saňa iru-giç peýda berer – diýip, nähilelik bilen ondan aty dileme- lidigini öwretdi. Ol ýene: – Menem elimden gelen hileleri ederin, ahyry bolmasa, senem öz maňlaýyňdakyny gör, menem maňlaýyma gelenini görerin – diýdi. Görogly Arabyň gelen ugruna baka tohum gylýalyny sürüp gitdi. Reýhanarap atyny sürüp gelýärkä, birden tokaýyň içinde gezip ýören Görog- la gözi düşdi: – Eý, oglan, bäri dur – diýip gygyrdy. Görogly ýanyna gelip: – Hä, aga, näme etjek? – diýdi. – Sen kim, kimiň ogly bolarsyň? – Meniň adym Röwşen, kakama Adybeg, atama hem Jygalybeg diýer- ler – diýdi. Reýhanarap öz içinden: «Dogry tapan ekenim» diýip begendi-de: – Eý, oglan, öýüňiz nirede? Sen maňa öýüňizi görkez – diýdi. Onda Görogly: – Aga, meniň şu tohum gylýalym höwre gelipdir. Çola ýerde höwür aty tapman heläk bolup ýörün. Sen şu atyňy maňa höwre ber. Men soň seni öýümize alyp baraýyn – diýdi. Reýhanarap öz içinden: «Bir sapar höwre goýamda näme bolýar, be- reýin» diýip pikir etdi-de: – Al – diýip, atyndan düşdi, jylawyny Göroglynyň eline berdi. Görogly Arabyň atyny özüniň tohum gylýalyna üç sapar çekdi. Ondan soň Arabyň öňüne düşüp, çatmalaryna eltdi. Şol wagt Gülendam öýden çykyp, çatma arkasyny berip otyrdy welin, zaňňar Arap Gülendamy gören badyna: – How, zaňňar, oturma, mün atyň syrtyna! – diýip gygyrdy. Gülendam «Bu meýdi ýykylan, gara zalym ýene meni yzarlap tapdy-ow. Indi men munuň elinden nädip sypyp bilerkäm?» diýip, içinden oýlandy-da: – Indi meniň boljagym bolup, boýam siňipdir, Arap aga, indi meni il- jaýymdan gozgama – diýdi. – Gepiňi köpeltme, heleý, şakyr-şukuryňy az et-de, mün atyň ardyna – diýip, gaşlaryny çytyp, Gülendama hyrsyz seretdi: 163 – Arap aga, meniň-ä zarym bar-da, zorum ýok. Bu neresse oglan bilen bu batyl biçärede näme ýazyk bar? Meni bulardan aýyrmaga neneň dözjek. Sen dözeňde-de, men dözmen. Onuň üçin meni ornumdan gozga- jak bolup, azar bermäňi bes et indi – diýip, bir diýen ýerini tutdy. Reýhanarap ahyr bolmajagyny bildi-de: – Eýsem bolsa, bir suw ber, içeýin, öz goluň bilen beren suwuňy içip, öz ýoluma gideýin – diýdi. Gülendam biçäre «Arabyň rehimi indi» diýip begenip içeri girip, Adybegden galan tylla jamy suwdan dolduryp, Araba uzatdy. Reýhanarap Gülendamyň goşaryndan tutdy-da, ýokaryk bir dartdy welin, ol atyň üstünde peýda bolanyny duýman galdy. Soň elindäki jamyň suwuny serpdi-de, Gülendamy atyň öňüne kese basyp, çaldy ata gamçyny, Gülendam atyň üstünde kese ýatan ýerinde dat-perýat edip, uly ili bilen gygyrdy. Onuň sesi daglara düşüp, ýaňlanyp gitdi. Görogly bolsa ýaş oglan. Elinden hiç zat gelenok. Yzynda aglap galdy. Jygalybeg hem töweregini sermenip oturan kör adam, bu hem çatmaň içinde aglap galdy... ...Görogly gözüni açyp garasa, ýaňy daň saz berip, älem-jahan ýagty- lyp ugrapdyr: – Alla, bu niçik ahwal bolduka? – diýip, ýerinden turup, töweregine bir seretse, taýy hol gözýetim ýerde otlap ýör. Görogly taýyny görüp, wagty hoş bolup, atyny, özüni mübärekläp, bäş keleme söz aýdar gerek, gör-bak, näme diýýär: Bedew atyň taryhyny aýdaly, Her hünäri üç ýaşynda bellidir; Boz duman aýakly, bäzbent toýnakly, Gözi dag başynda, burny ýellidir. Üç ýaşyndan gadam goýsa bäşine, Ulalanda, gol ýetmesin başyna, Awçy kimin gözi degre-daşyna, Ugrasa söweşe, bäsi bellidir. Iner dek mes bolar ýedi ýaşynda, Ýetse ganymlary goýmaz gaşynda, Laçyn kimin gözi degre-daşynda, Gyratyň owazy-sesi bellidir. Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling