Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Şadessanlar. Görogly
160 Türkmen halk döredijiligi Bu – patyşa bolansoň, galandarlar, mundan sustlary basylyp, set-hezar gysylýarlar. Beýleki oturanlardan ses-üýn çykmansoň, olaryň ýaşulusy Abdylla galandar: – Tagsyr, patyşahym, size gürrüň bersek, şu ýoldan gelýärkäk, Üçgümmez dagynda bir çertekde myhman bolduk, şonda bir maşgala gördük, dünýäde Hakyň ýaradany iki bolsa, biri şol, ýeke bolsa-da özi şol. Şony saňa taryp edip, bäş keleme söz aýdyp bereli, onsoň meýhanadan kowmajak bolsaň, bizi gysyndyryp oturma – diýdi. Reýhanarap: – Hany, aýdyp beriň – diýenden soň, şu ýerde Abdylla galandar Gü- lendamy taryp edip, bir gazal aýdar boldy, gör-bak, näme diýýär: Arzymny eşitgil, arabyň şahy, Gülendam dek söwer ýary görmedim. On dördi gijäniň minewwer mahy, Gülendam dek söwer ýary görmedim. Gollary hynaly, bendinde ýüzük, Edep bilen sözlär, gözleri süzük, Suraýyl gerdenli, billeri näzik, Gülendam dek söwer ýary görmedim. Ýüregmizden çykmaz dag üzre dagy, Hup, näzik ýasalmyş başdan-aýagy, Ter gunçaly täze guçmaly çagy, Gülendam dek söwer ýary görmedim. Men çykmyşam Käbä edip erada, Barça gulny hak ýetirsin myrada, Abdylla diýr, bu ýalançy dünýäde Gülendam dek söwer ýary görmedim. Abdylla galandar sözüni tamam etdi. Arap zaňňar tarsa ýerinden turup, «ah» diýip gursagyna bir urup, çiň arkan gaýdyberdi. Essinden aýylyp, çaşyp ýatyr zaňňar. Galandarlar haýran boldular. «Muňa ne jyn urdy, tutgaýlymyka, hernä ahyry bize tawan bolman, ölmän galsa ýagşy» diýşip, başlaryny dyzlarynyň üstüne goýup oturdylar. Şol ýatyşyna üç sagatdan soň özüne gelip, diwanyna ümläp goýberdi. Diwanbegi baryp, 161 şanyň gaznasyndan zerli serpaýdan alyp getirip, galandarlaryň her haýsynyň öňünde bir serpaý epläp goýdy. Galandarlar serpaýy geýip, gomparyşyp, baş egşip, gulluk edip oturdylar. Onsoň Abdylla galandar: – Tagsyr, patyşahym, bu nämäniň serpaýy, nämäniň berimi, peşgeşi- engamy? – diýip sorady. Reýhanarap: – How, galandarlar, siz Hudaý tarapyndan gelen eziz myhmanlar ekeniňiz. Gülendam diýen gyz Şirwan welaýatynyň gyzydy. Men onuň üçin köp muşakgaty başdan geçirdim. Bir topar adam şol gyz üçin meniň elimden öldi. Iň soňunda ene-atasynyňam başyna ýetip, gyzy erkine goý- man, zorlap kejebä salyp gel-ýärkäm, bir bölek atly üstüme dökülip, ony elimden alyp galdy. Urşaýyn diýsem gapyldym, ýaraglarym bentdi, ýa- raglary almaga pursat bolmady. Onsoň kejebäni taşlap, atym bilen özüm gaçyp gutuldym. Men ol kyrk atlynyň: Yspyhan, Nisbijahan, Nyşapur, Sebziwar, Kerman, Osman, Häzirbeýjan, Şirwan, Töwriz – haýsy ýurduň adamy ekenligini bilmän, ah urup, arman edip ýördüm. Asyl ol zaňňar-a bu sanan şäherlerimden başga ýerde ekeni. Men ony hökman gaýdyp alaryn – diýip, öz işiniň ugruna turuberdi. Indi habary kimden al, Abdylla galandardan al. Abdylla galandar dessine özüniň ýalňyşandygyny bildi-de: – Haw, galandarlar, sogap diýip, günäniň lomaýyna batdyk gerek. Ol bigünä bendeleriň ýekeje sygryny soýduryp, duzuny iýip, iň soňunda hem bu ýere gelip, olaryň gürrüňini edip, günäkär bolduk. Indi meniň diýenimi etseňiz, munuň serpaýynyňam, zadynyňam..., duzunyň bolsa, gurbany gideýin. Şu gijeden gaýra galman, atlanaýlyň – diýdi. Galandarlar eginlerindäki serpaýlary çykaryp, meýhananyň ortasyna bulap urdular-da, şol gijäniň özünde atlanyp, ol ýerden çykyp gitdiler. Galandarlaryň biwagt atlanandyklary Arabyň piňine-de däl. Ol dessine gar- ry atyny zerteň-zeberteň eýerläp, oňa zer-zerefşan jul salyp mündi. Öz ýetik ýeri, belet ýoly bolansoň, basdy ata gamçyny. Birnäçe gün ýol ýöräp, bardy bärden yňdaryp. Arabyň aty Göroglynyň tohum gylýalynyň ysyny alyp, bir aýylganç kişňedi, sesi tokaýlara, dag-daşlara ýaňlanyp gitdi. Görog- ly ýeňňesiniň ýanyna ylgap bardy-da: – Bu gorkunç ses nämäniň sesi, ýeňňe jan? – diýip sorady. Gülendam: – Men bu sesi güman edýän, Röwşen jan. Seniň kakaň dadyma ýetişip, meni bir zalym arap şasynyň elinden alyp galypdy. Megerem bolsa, bu ses şol zalymyň atynyň sesidir. Biziň bu ýerdedigimizi ol bir ýerden eşidip ge- * 11. Sargyt № 3166 Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling