Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Dessanlar. Şasenem – Garyp
226 Türkmen halk döredijiligi Jemalyň görmäge men intizar men, Bu yşkyň derdinden men bikarar men, Ölinçäm, Senem jan, men hyrydar men, Sallanyp aldymga gelseň, ne boldy? Her kişi hakykat sözüni diýer, Munda maňa kylan mahşarda köýer, Şaapbas eşitse, derimi soýar, Akylym bu söze ýetseň, ne boldy? Her aşyk döwrüni sürer çagynda, Bilbiller saýraşar çemen bagynda, Men ýörir men aýralygyň dagynda, Senem jan, merhemet kylsaň, ne boldy? Garyp aşyk aýdar, pikrim ýetirdim, Seni görüp, men özümi ýitirdim, Azat başym bendi kylyp oturdym, Hyrydar sen, satyn alsaň, ne boldy? Garyp bu sözi aýdandan soň, Şasenem Garyby tanady. Onuň wysal yzlap, hebeşi sypatynda özüni gul edip, bende bazarynda satdyrandygyny aňlap, enäge müň tylla berip, Garyby satyn aldy. Şasenem ýaman gözden çekinip, Garyby şol gije gullaryň arasynda goýdy. Indi habary kimden al, Garypdan al. Garyp öz söwer ýaryndan bu işi gaty gördi. Ol: «Meni gullaryň arasynda goýdy» diýip, Şaseneme gaharlanyp, çykyp gitdi. Birnäçe menzil ýol ýöräp, Şasenemiň çarbagyna ýetişdi. Gör- se, uly çarbag. Garyp çarbagyň derwezesine arkasyny berip oturdy. Emma Şasenemiň habaryny ala bilmedi. «Men nähili ýol bilen Şasenem jana arzy- halymy aýdaýyn? Men bir gülgün ýaglyk bolsadym, Şasenem eline alardy. Ýa bir Kirmany şal bolsadym, Şasenem başyna orardy» diýip, Garyp bir gazal aýtdy: Ala gözli Şasenemiň Garyp düşdi illerine. Bir misgini aldamyşlar, Ýanyp-bişdik allaryna. 227 Men bir sonaly köl bolsam, Ýa bir jerenli çöl bolsam, Ýa bir şeýda bilbil bolsam, Gonsam ýaryň güllerine. Allahymdan saglyk alsam, Gözel şadan beglik alsam, Men bir gülgün ýaglyk bolsam, Senem alsa ellerine. Ýaryň katdyna dal bolsam, Ýüzüne goşa hal bolsam, Ýa bir kirmany şal bolsam, Senem çalsa billerine. Aşyk Garyp mesgen eýlär, Gözde ýaşyn tisgin eýlär, Bizi mundan misgin eýlär, Senem gitse illerine. Garyp bu sözi aýdyp, derwezäniň agzynda otyrdy. Bagban çykyp, bir hossarsyz ýigidiň gaýgyly oturanyny gördi. Ol Garybyň ýanyna gelip: − Eý, ýigit, haýsy bagyň güli sen, haýsy çemeniň bilbili sen, haýsy aşýandan perwaz eýläp, bu ýerlere gelip sen? Haýsy ýana baryr sen? − diýip sorady. Garyp: − Men şeýleden gelýärin. Bu ýerlerde ogullyk saklajak adam ýokmy- ka? Men ogulsyza ogul boljak − diýdi. Onda bagban: − Eý, oglum, beýle bolsa, sen maňa ogul bolaý − diýdi. Bular ata-ogul boldylar. Bagban Garyby öz öýüne alyp geldi. Garyp bagbana ogul bolup, obanyň sygyrlaryny bakardy. Günlerde bir gün Garyp öýe geldi. Şol gün bagban öýde ýokdy. Garyp enesine garap: − Eý, ene, atam niräk gitdi? − diýip sorady. Enesi: − Oglum, indi bahar boldy, nowruz gülleri açylypdyr. Ataň Şaseneme çemen baglap eltýär – diýdi. Garyp: − Atamyň ýanyna men-de barsam, maňa hem gül bersedi − diýdi. Eneligi: Dessanlar. Şasenem – Garyp 228 Türkmen halk döredijiligi − Oglum, ataň saňa-da gül berer − diýip, Garyby bagbanyň ýanyna alyp bardy-da: «Garyba-da gül beriň» diýdi. Bagban mamanyň sözüni kabul edip, Garyba hem gül berdi. Ertir ir bilen Garyp ýene çarbaga bardy. Güller açylypdyr. Bir bölek gülüň arasynda oturyp, güllerden alyp, bir çemeni zynat bilen baglady. Ony şol ýerde goýup, özi bagdan çykyp gaýtdy. Şol wagtda bagban gelip: − Bu gün gaflat basyp, giç galdym − diýip, alňasaklyk bilen çemen baglamaga meşgul boldy. Ol Garybyň çemen baglan ýerine bardy. Bir wagt bagbanyň gözi Garybyň baglan çemenine düşdi. Görse, özüniň bag- lan çemenlerinden hem owadan, oňat bir çemen eken. Bagban alňasaklyk bilen çemenlerini ýygnap ýörşüne, olaryň arasy bilen Garybyň baglan çemenini hem goşup, Şasenemiň huzuryna alyp bardy. Şasenem bagbanyň elten çemenlerini bir-bir gözden geçirdi. Görse, bir sany çemen oňat edilip baglanypdyr. Şasenem: − Eý, bagban, dogryňy aýt, bu çemeni kim baglady? − diýip, Garybyň baglan çemenini eline alyp, bagbana ýakynlaşyp, mylaýymlyk bilen sorady. Bagban: − Eý, jahan soltany, eşder bolsaň, men bir ýetim oglan saklap ýörün, ol çemen şonuň baglan çemenidir − diýdi. Bagbanyň «Bir ýetim oglan saklap ýörün» diýen sözi Şaseneme ýarady. Ol bagbana has ýakynrak süýşüp: − Hemişe şunuň ýaly çemen baglagyl! − diýip, hoşamatly sözler bilen bagbanyň ýüzüne gülüp bakdy. Bagban özüne edilen hoşamada ýalňyş düşünip: «Şasenem maňa aşyk bolan eken» diýen pikiri köňlüne getirdi. Ol şeýle umyt bilen Şaseneme garap bir gazal aýtdy: Men söýmüşem zyba Senem adyňy, Söýsem, öldürerler, söýmesem, ölem. Ile meşhur bolan asyl zatyňy, Diýsem, öldürerler, diýmesem, ölem. Gurban olam ýaryň kaddy-boýuna, Hoşwagt olam onuň eýlän toýuna, Her dem hylwat eýläp, barsam öýüne, Barsam, öldürerler, barmasam, ölem. 229 Näz-u-gamzaň ýanar humar gözüňden, Gurban olam şähti-şeker sözüňden, Gähi ýaňagyňdan gähi ýüzüňden, Öpsem, öldürerler, öpmesem, ölem. Men seni söýmüşem jan bilen dilden, Sen meni söýmäge gorkar sen ilden, Hytaýy barmakdan, hynaly goldan Tutsam, öldürerler, tutmasam, ölem. Bir hylwatda tutsam, ýaryň goluny, Gujaklasam, onuň inçe bilini, Agzyma salyban şirin dilini, Sorsam, öldürerler, sormasam, ölem. Men togap eder men aýak tozlaryň, Tarypyn eder men şeýda gyzlaryň. Gaýmak dodaklaryň, bal agyzlaryň, Emsem, öldürerler, emmesem ölem. Geliň, gulak salyň ýaryň oýnuna, Tylla heýkel dakynypdyr boýnuna, Goja bagban Şasenemiň goýnuna, Girsem, öldürerler, girmesem, ölem. Şasenem bagbandan bu sözleri eşidensoň gaharlanyp: − Eý, bagban, agzyňy ýygna, her kim öz hetdini bilse ýagşy! − diýip, gazap bilen garady. Bagban turup, bidir gitdi. Gelip Garyba: − Şasenem seniň baglan çemeniňi gowy gördi. Eý, Garyp, ýene çemen baglagyl! − diýdi. Garyp bagban bilen ýene baga baryp, çemen baglap, onuň içine bir gazalny pynhan kylyp goýdy. Bagban ony eltip, Şaseneme berdi. Şasenem gülnüň arasynda bir hat gördi, ol Garybyň düzen gazalydy, ony alyp okady. Onda, şeýle ýazylypdyr: Gulak salyp eşit meniň arzymny, Günbe-günden beter boldum derdiňden. Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling