Türkmen halk döredijiligi


Download 1.41 Mb.
Pdf ko'rish
bet83/109
Sana31.01.2023
Hajmi1.41 Mb.
#1144816
1   ...   79   80   81   82   83   84   85   86   ...   109
Bog'liq
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Dessanlar. Şasenem – Garyp


222
Türkmen halk döredijiligi
Garyby enesi birlikde şäherden kowup çykarmaklyga buýruk berdi.
Patyşanyň buýrugyna görä, Garyp bilen enesini şäherden kowup 
çykardylar.
Şäherden uzak çölde Hasan weziriň bir jaýy bar erdi. Garybyň enesi 
gyzyny hem Garyby alyp baryp, şol jaýda ýerleşdi. Emma tiz wagtdan 
Garybyň ýakyn garyndaşlary gelip:
− Garyp bu ýerde dursa, Şaapbas Garyby öldürer – diýip, gorku-
laryndan ony alyp gitdiler. Garyby öz ýurtlaryna eltip çopançylyga ber-
diler.
Garyp mal bakyp ýören ýerinde çopanlaryň biri bilen dost boldy. 
Günlerde bir gün Garyp Şasenemden aýra düşüp, näçe wagtdan bäri 
mal bakýanyny hasaplady. Görse, Şasenemden aýra düşeni bäri bäş ýyl 
bolupdyr. Şasenemiň yşky ýüregine düşüp, zar aglap, öz ýakyn dosty 
çopanyň ýanyna gelip:
− Eý, dost, meniň yzymda ýarym galdy, bu çopançylykdan çykaýyn 
diýsem, mal eýesi göýbermeýär, men munda bagly bolup galdym. Indi 
bu dertden gutulyp, ýaryma gowşar ýaly, maňa bir maslahat ber – diýdi.
Onda çopan dosty:
− Eý, Garyp, sen her gün oba baranyňda, bu mallaryň bir-iki 
sanysyny meýdanda taşlap bar. Ondan soň bu mallaryň eýesi seni çopan-
çylykdan kowar. Sen bolsaň, bu işden gutulyp, Şasenemiň ýanyna baryp 
bilersiň – diýdi.
Garyp bu maslahaty makul bilip, dostuna garap bir gazal aýtdy:
Bäş ýyl boldy, aýra düşdüm ýarymdan,
Alajym ýok, ýara bara bilmedim.
Hiç kim habar almaz meniň halymdan,
Alajym ýok, ýara bara bilmedim.
Ötenden, geçenden habar alaly
Sözlegende, şirin dili senaly,
On barmagy bogun-bogun hynaly,
Alajym ýok, ýara bara bilmedim.
Bäş ýyl boldy, men gelmişem amana,
Senem janyň bary-ýogy gümana,


223
Kişi ýardan aýra düşse ýamana,
Alajym ýok, ýara bara bilmedim.
Bäş ýyldyr, synamda köpdür armanym,
Çykar boldy indi tenimden janym,
Gije-gündiz pikrim − Senem soltanym,
Alajym ýok, ýara bara bilmedim.
Barçany ýaradan kadyr Hudaýym,
Şasenem gyz diýrler, köňlüm hoşgähim,
Garyp aýdar, tilimdedir senahym,
Alajym ýok, ýara bara bilmedim.
Ondan soň Garyp her günde mallardan birden-ikiden meýdanda taşlap 
ugrady. Birnäçe günden soň, mal eýesi görse, malyň ýarysy ýok bolupdyr.
Ondan soň mal eýesi: «Bu çopany kowup, başga bir çopan saklaýyn» 
diýip, Garyby kowupdyr.
Garyp çopanlykdan boşap, ýola düşdi, Hudaýa ýalbaryp: «Sen meni 
ýara ýetir» diýip, bir gazal aýtdy:
Owwal ýaradan Hudaýym,
Özüň ýetir ýara meni.
Tilimde bardyr senahym,
Özüň ýetir ýara meni.
Hakyň ýolunda rähberler,
Hatyp olturgan münberler,
Sährada gezen çiltenler,
Özüň ýetir ýara meni.
Gözde ýaşym akar seýlan,
Bize kysmat beýle bolan,
Behakgy hazreti Pälwan,
Özüň ýetir ýara meni.
Bu synamyz boldy ýara,
Beýan eýläýin bir para,
Dessanlar. Şasenem – Garyp


224
Türkmen halk döredijiligi
Şeýhi-Halyl Weýsilkara,
Özüň ýetir ýara meni.
Garyp diýr, nedir günähim?
Tilimde ýardyr senahym,
Owwal-ahyr bir allahym,
Özüň ýetir ýara meni.
Garyp gözi girýan, bagry girýan, birnäçe menzil ýol ýöräp, Diýarbe-
kire geldi. Şasenenemi gözläp, Diýarbekiriň mekdebine bardy. Ol ýerde 
Şasenemi tapmady. Soň mekdepde okaýan oglanlardan sorady. Oglanlar:
− Şaapbas Şawezir diýen ýerde bir köşk saldyryp, Şasenemi kyrk 
keniz bilen şol köşkde goýupdyr – diýdiler.
Garyp Şasenemi yzlap, şol köşge barmakçy boldy. Ol köşge 
barmagyň çäresini agtardy.
Garyp bir adamdan: «Şasenem geljekmiş» diýen habary eşitdi. Bu 
habary eşitgeç, Garyp bir garry aýalyň öýüne bardy. Ol garry aýal bilen 
kyýamatlyk ene-ogul boldular. Garyp:
− Eý, ene, ertir Şasenem gul almak üçin «Bende bazaryna» geljekmiş. 
Ertir meni «Bende bazaryna» alyp çykyp satyň. Bahamy bolsa müň tylla 
diýersiňiz. Eger-de Şasenem «Bu kel guluň näme hünäri bar?» diýip so-
rasa, «Bu kel gulum sazanda-aşykdyr» diýersiňiz – diýdi.
Ene Garybyň sözi bilen razylaşdy. Ertesi ir bilen Garyp kellesi-
ne garyn geýdi, ýüzüne gara sürtüp, bir hebeşi gul sypatyna girdi. Ene 
Garyby «Bende bazaryna» alyp gitdi. 
Şasenem atlanyp geldi, aýlanyp, gullaryň bahasyny sorady. Soň 
enäniň gulunyň bahasyny sorady. Ene:
− Gulumyň bahasy müň tylla – diýdi. 
Şasenem:
− Ýagşy gullaryň bahasy otuz-kyrk dinardyr, seniň kel guluň bahasy 
örän gymmat, munuň sebäbi näme? – diýdi. Ene:
− Meniň gulum sazanda-aşykdyr − diýdi.
Şasenem:
− Guluňa aýt, bir bent aýdyp bersin – diýdi.
Bazarda gezip ýören bir adamyň golunda iki sany dutary bardy. 
Garyp onuň birini goluna alyp, bir gazal aýtdy:


225
Gulak salyp, eşit meniň arzymy,
Alar bolsaň, gul jaýyna al, Senem.
Kişi bilmez meniň asly-zatymy,
Alar bolsaň, gul jaýyna al, Senem.
Bu bir günlük öter dünýäýi-pany,
Köp bolar aşyka magşuknyň aly,
Göwherşinas bolsaň, göwheri tany,
Alar bolsaň, gul jaýyna al, Senem.
Jany alar ter hynaly gollary,
Aşyky köýdürer şirin tilleri,
Jepakeş bolarlar Bagdat gullary,
Alar bolsaň, gul jaýyna al, Senem.
Akyl bolsaň, bu magnyny pähm eýle,
Giriftary jemalyň men, rehm eýle,
Rakyplar elinden bu gün wehim eýle,
Alar bolsaň, gul jaýyna al, Senem.
Rakyplar elinden pynhan kyl meni,
Hyrydar sen, bu gün satyn al meni,
Garyp aýdar, hak aşyk men, bil meni,
Alar bolsaň, gul jaýyna al, Senem.
Ondan soň Şasenem:
− Eý, ene, guluňa aýt, ýene bir bent aýtsyn – diýdi.
Onda ene Garyba ýüzlenip:
− Eý, kel, ýene bir bent aýt! – diýdi. Garyp ýene bir gazal aýtdy. Gör, 
bak, näme diýýär:
Güler ýüzli, serwi katly nigärim,
Bu sözüň pähmine ýetsek, ne boldy?
Barça mahluk bizge duşman, dildarym,
Rakyplardan heder edsek, ne boldy?
* 15. Sargyt № 3166

Download 1.41 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   79   80   81   82   83   84   85   86   ...   109




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling