Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- Saýat han: Muhabbet ýolundan güzer etmediň, Bakyp öz-özüňe nazar etmediň, Meniň gazabymdan heder etmediň, Neçün tirdiň almalary bagymda! Aşyk Ahmet
- Saýat han: Bagbanlarym gol uzatmaz bagyma, Binalar salmyşam soly-sagyma, Birugsat girip sen meniň bagyma, Neçün tirdiň almalary bagymda! Aşyk Ahmet
Saýat han:
Goja kişi, günähiňe kaýyl sen, Neçün tirdiň almalary bagymda?! Gözelleriň jemalyna maýyl sen, Neçün tirdiň almalary bagymda?! Aşyk Ahmet: Peri-peýker, ulug günä kylmyşam, Tirmişem bir niçe alma bagyňda. Günäkärem, günähimi bilmişem, Tirmişem bir niçe alma bagyňda. Saýat han: Muhabbet ýolundan güzer etmediň, Bakyp öz-özüňe nazar etmediň, Meniň gazabymdan heder etmediň, Neçün tirdiň almalary bagymda?! Aşyk Ahmet: Seniň ady-owazaňa gelmişem, Herne diýeniňi kabul kylmyşam, Dessanlar. Saýatly Hemra 254 Türkmen halk döredijiligi Bir guluň men, hyzmatyňda bolmuşam, Gahar edip ganyma galma bagyňda. Saýat han: Bagbanlarym gol uzatmaz bagyma, Binalar salmyşam soly-sagyma, Birugsat girip sen meniň bagyma, Neçün tirdiň almalary bagymda?! Aşyk Ahmet: Bakyşyň meňzetdim algyr laçyna, Her halyň bermenem Çyny-Maçyna, Myradym bar − girsem goýnuň içine, Bu garyp janymy alma bagyňda. Saýat han: Saýat han diýr, gyzlar şahy-hubandyr, Gülüp oýnaşmaga şirin zybandyr, Urar men, söger men, höküm rowandyr, Neçün tirdiň almalary bagymda?! Aşyk Ahmet: Aşyk Ahmet diýr, nädir günähim? Ýazygym geçirgeý, kadyr ylahym, Iltimas eýlerem, periler şahym, Perwana dek oda salma bagyňda! Elgaraz, bular sözlerini tamam etdiler. Saýat han: «Eý, kenizler, bu goja kişi: «Myradym bar − girsem goýnuň içine» diýýär» diýdi. «Meni özüne laýyk görüp, maňa aşyk bolupdyr» diýip, Saýat hanyň gahary gelip: «Muňa kyrk taýak uruň!» diýdi. Kenizler kyrk taýak taýýar kyldylar. Emma Saýat hanyň Banu keniz diýen bir akylly kenizi bardy. Ol: − Eý, Saýat han, kyrk taýak ursak, bu baba tike-tike bolup gider. Onuň goluna sazyny beriň. Ýene saz çalsyn, sazyna gulak salaly. Bu ge- zek manysyna ýagşy pähim ederis, eger manysy bolmasa, uraly − diýdi. Aşyk Ahmet Saýat hanyň gaharynyň gelenini bilip, bir gazal aýtdy. 255 Nägehandan gelip bagban bolmuşam, Gözlerim sataşdy ýar almasyna. Günäkärem, günähimi bilmişem, Gerden uzatmyşam nar almasyna. Bagbanyň mesgeni bar ýagşy gerek, Ýar göwün almaga ýar ýagşy gerek, Pygan bagrym ýaşy, ýar ýagşy gerek, Ýar göwnün ýykypdyr ýar almasyna. Men söwmüşem perileriň birisin, Biri − lamdyr, biri − jimdir, biri − sin, Biri − awdyr, biri − awçy, biri - sin, Biri aw ganlydyr ýar almasyna. Geldi gara bulut bir ýagyn eýlär, Tutdy gök ýüzüni bir ýagyn eýlär, Müşgil hal bolanda, bir ýagy eýlär, Saýat han myrady ýar almasyna. Elgaraz, Aşyk Ahmet sözüni tamam etdi. Onda Saýat han: − Eý, baba, ýoldaşyň barmy? − diýdi. Onda Aşyk Ahmet: − Meniň bir oglum bar, adyna Aşyk Hemra diýerler, saňa aşyk bolup geldi − diýdi. Onda Saýat han: − Eý, baba, bu sözi ozaldan aýtsaň bolmadymy? Munça gazap gördüň. Onuň ýaly bolsa ogluňy alyp gel! − diýdi. Onda Aşyk Ahmet: − Eý, gurbanyň bolaýyn, Saýat han, meniň mert oglum bardyr. Biziň ýurtda ata çakylygyna ogul gelmez. Onda hem seniň sözüň synmasyn − diýip, Hemrany çagyryp, bir gazal aýtdy: Gel, balam, seni istäýin, Islegiň bagdadyr-bagda. Herne bela men dözeýin, Saýat han bagdadyr-bagda. Dessanlar. Saýatly Hemra 256 Türkmen halk döredijiligi Mahy-minewwerdir ýüzi, Şekerden şirindir sözi, Mämmet han patyşanyň gyzy, Saýat han bagdadyr-bagda. Meniň akyl-huşym alan, Başyma köp söwda salan, Gaýyn ata taýak çalan, Batyr gyz bagdadyr-bagda. Synasy daglaryň gary, Mämesi Gürjüstan nary, Kyrk sany gyzyň serdary, Bal Saýat bagdadyr-bagda. Söhbeti bar sazlar bilen, Ördegi bar gazlar bilen, On üç, on dört gyzlar bilen, Saýat han bagdadyr-bagda. Ýar bagyna girer bolsaň, Gyzyl gülün tirer bolsaň, Saýat hany görer bolsaň, Bal Saýat bagdadyr-bagda. Gel, Ahmet, uýgun Allaga, Ýüzüň dönder kyblagäge, Diýdiler: «Gelsin Hemraga», Saýat han bagdadyr-bagda. Elgaraz, Aşyk Ahmet sözüni tamam edip, bir sagat durdy. Emma Hemra gelmedi. Saýat han Jahan, Gülperi diýen iki kenizini «Baryň, getiriň!» diýip iberdi. Kenizler baryp görseler, Hemra bir eziz oglan eken. Aý diýseň agzy bar, Gün diýseň gözi bar, suw içse alkymyndan, käşir iýse byky- nyndan görünýär. Kellesinde altyn jyga, bilinde zerrin kemer, aýagynda sagry ädik. Bu lybas Hemranyň görküne görk goşýar. Kenizleriň yşgy 257 düşüp, huşy başyndan gidip, ýykylyp ýatyberdiler. Hemra bulary görüp, tomaşa edip oturyberdi. Kenizler bir sagatdan soň, huşlaryna geldiler. Gülperi Hemra aşyk bolup, bir gazal aýtdy: Sadagaň bolaýyn, gül ýüzli ýarym, Gel, ikimiz zowky-sapa süreli. Saňa pida bolsun bu şirin janym, Gel, ikimiz zowky-sapa süreli. Bu baglaryň almasy bar, nary bar, Injiri bar, engury bar, bary bar, Ak ýüzümiň nokat kimin haly bar, Gel, ikimiz zowky-sapa süreli. Bu baglaryň alma, nary bişipdir, Injir, şetdalysy hetden aşypdyr, Gyzyl gül üstüne şebnem düşüpdir, Gel, ikimiz zowky-sapa süreli. Gülperi diýr, saňa gurban bolaýyn, Gol uzadyp, ýar, boýnuňa salaýyn, Ak synam üstünden ýoluň bereýin, Gel, ikimiz zowky-sapa süreli. Elgaraz, Gülperi sözüni tamam etdi. Hemra: − Eý, kenizler, men siz üçin gelemok, Saýat han üçin geldim − diýdi. Kenizler hem: − Eýle bolsa, bizi taryp edip, bir gazal aýt! − diýdiler. Hemra keniz- leri taryp edip, bir gazal aýtdy: Agalar, bir gözel gördüm, Saçy aýagyna düşmüş. Dakynypdyr heýkel, tumar, Her dem gujagyna düşmüş. Gollary çykmaz hynadan, Parh edip bolmaz sonadan, * 17. Sargyt № 3166 Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling