Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Dessanlar. Saýatly Hemra
262 Türkmen halk döredijiligi − Eý, Hemra jan, ataňy ýurduňyza gaýtarsak, niçik bolar, her niçik bolsa hem gaýyn ata ady bar, men uýalar men − diýdi. Hemra: − Köp ýagşy bolar − diýdi. Saýat han: − Baryň, Aşyk Ahmedi çagyryp geliň! − diýdi. Kenizler çagyryp geldiler. Saýat han: − Eý, baba, ogluňy bize tabşyryp öz ýurduňyza baryp, mal-mülküňize serenjam beriň − diýdi. Onda Aşyk Ahmet: − Eý, Saýat han, meniň bu dünýäde barym-ýogum, ýeke perzendim Hemra jandyr. Men mundan aýrylyp, ýurdumda ne işim bar?! − diýdi. Saýat han: − Eý, baba, siz Hemra jandan hatyrjem boluň! Men oňa sizden ýagşyrak garar men, siz ertir gaýdyň! − diýdi. Aşyk Ahmet biçäre näderini bilmän: − Her niçik bolsa-da, seniň sözüň ýerde galmasyn, Hemra jany ýagşy saklaň! − diýip, bäş keleme söz diýdi: Indi men gider men Häzirbeýjana, Saýat han, Hemrany saňa tabşyrdym. Sizleri tabşyrdym − kadyr subhana, Saýat han, Hemrany saňa tabşyrdym. Düşüpdir goluňa bir asly dana, Jemalyň bermenem ýagty jahana, Ýusup deýin salma ony zyndana, Saýat han, Hemrany saňa tabşyrdym. Hemra ýaşdyr, bilmedigin bildiriň, Urman, sökmän şadyýana güldürdiň, Ýa, gözüm görmesin, meni öldürdiň, Saýat han, Hemrany saňa tabşyrdym. Ahmediň dünýäde ýeke zürýady, Indi aýralykdan ederem dady, Bilimiň kuwwaty, göwnümiň şady, Saýat han, Hemrany saňa tabşyrdym. Elgaraz, Aşyk Ahmet sözüni tamam etdi. Saýat han: 263 − Eý, baba, Hemradan hatyrjem boluň! Özüm oňa ýagşy garaşyk eder men − diýip, bir söz diýdi: Baba jan, gider sen Häzirbeýjana, Goja, sen ogluňdan hatyrjem bolgun! Hemrany bermes men ýagty jahana, Baba, sen ogluňdan hatyrjem bolgun! Bu gün ýar hyýaly ýadyma düşdi, Akyl-huşym bary serimden uçdy, Gökdäki dilegim ýerde gowuşdy, Baba, sen ogluňdan hatyrjem bolgun! Ogluň üçin pynhan-pynhan ýerim bar, Niçe dürli injirim bar, narym bar, Mundan zyýat aýtsam, haýa-şerim bar, Baba, sen ogluňdan hatyrjem bolgun! Gulap suwdan berip, ýüzün päklär men, Aşyk haky üçin eziz saklar men, Ýanymdan aýrylsa, ogluň ýoklar men, Baba, sen ogluňdan hatyrjem bolgun! Saýat han diýr, aýdan sözüň tutar men, Ynanmasaň, baba, güwä öter men, Golum ýassap, ýüzün ýelpäp ýatar men, Baba, sen ogluňdan hatyrjem bolgun! Elgaraz, Saýat sözüni tamam etdi. Ahmet hem Hemradan hatyrjem bolup, Häzirbeýjana gider boldy. Saýat han: «Eý, Banu keniz, ýagşy, şahana lybaslardan, serpaýlardan alyp gel! Bir ýagşy aty hem bezäp getir!» diýdi. Aşyk Ahmede şahana lybaslar geýdirip, ýarag-esbabyny şaý edip, ýol enjamyny tutup, iki sany hyzmatkär berip, şäherden çykaryp, ak pata berip, ýola saldylar. Hemra atasy bilen hoşlaşyp, Saýat hanyň ýanynda galdy. Emma Aşyk Ahmet Saýat hanyň köşgünden çykyp, ýolda gidip Dessanlar. Saýatly Hemra 264 Türkmen halk döredijiligi barýardy. Mämmet han patyşanyň garawullary muňa uçradylar. Olar «Eý, baba, nirden gelip, nirä barar sen? « diýdiler. Aşyk Ahmet: «Eger men Saýat hanyň köşgünden geler men diýsem, Hemra jan bir bela duçar bolar» diýip, haýrany-serasyma bolup, näme diýjegini bilmän gorkup durdy. Onda garawullar: «Hakyt, bu baba ýol urup ýören garakçy eken» diýip tutdular, elini arkasyna daňyp öldürer boldular. Aşyk Ahmet pirlerden medet diläp: «Arman bilen öler boldum» diýip, her ýana bakyberdi. Görse, bir bölek durna Häzirbeýjan tarapa garap uçup barýar. Aşyk Ahmet, ölüm ýakasyndan tutan dek bolup, şol durnalara garap, gaýybana Häzirbeýjana durnalardan salam gönderip, olara garap, bir söz diýdi: Durnam gitseň, Häzirbeýjan iline, Barsaň, näzli ýara salam diýgeý sen! Ýürek-bagrym bölek-bölek bölüne, Barsaň, söwer ýara salam diýgeý sen! Arman bilen bagladylar golumy, Şahymerdan bent eýledi ýolumy, Durnam, barsaň, meniň arzy-halymy, Kowmy-gardaşlara salam diýgeý sen! Ýaman ýolda gezen taňrydan tapar, Kyýamat gününde harasat gopar, Durnam, meniň arzym ol ýara apar, «Didar kyýamata galdy» diýgeý sen! Mundan gitseň, Häzirbeýjana ýerine, Gara bagrym suw boluban erine, Barsaň, aýtgyn ala gözli Şirine, «Aşyk Ahmet ýaryň öldi» diýgeý sen! Elgaraz, Aşyk Ahmet sözüni tamam etdi. Durnalar Aşyk Ahmediň üstünde döwür gurap aýlanyberdiler. Garawullar bu alamaty görüp, haýran bolup, bir-birine «Bu kişi keramatly öwülýä bolmasyn» diýşiberdiler. Ga- rawul başysy: 265 − Eý, baba, eger sen bu durnalary ýanyňa düşüribilseň, mal-esbabyň bilen seni azat kylaly. Eger düşüribilmeseň, öldürermiz − diýdi. Onda Aşyk Ahmet: − Siz meniň goluma sazymy beriň, özüňiz hem bir pynhan ýerde garap duruň! − diýdi. Garawullar Aşyk Ahmediň sazyny berip, bir pynhan ýere baryp garap durdular. Aşyk Ahmet sazyny belent-belent gurup, şol durnalara garap, bir söz diýdi: Depesinden şalyk laçyn salyna, Ýa, Reb, niçik geçer haly durnanyň?! Jygalary tel-tel bolup bölüne, Onda niçik geçer haly durnanyň?! Bu durnalar hemdem bolup hemişe, Çekiler sahraga, barmaz gamyşa, Begler jygasyny gaplar kümüşe, Saýrasa, gök öwser dili durnanyň. Durnam, howa uçma, gözüň gamaşar, Niçe taryp etsem, saňa ýaraşar, Al howada gözüň uzaga düşer, Saýrasa, gök öwser dili durnanyň. Men bir biçäre men, göwnüm kemine, Eýäm şypa bersin göwnüm gamyna, Ýaz bolsa ýüzlener yrak zemine, Gyş bolsa Bagdatdyr ili durnanyň. Indi sizler geliň meniň ýanyma, Ýogsa bu zalymlar galar ganyma, Rehim eýläň meniň garyp janyma, Aşyk Ahmet, garyp guly durnanyň. Elgaraz, Aşyk Ahmet sözüni tamam etdi. Durnalar bu owazy eşidip, Aşyk Ahmediň üstüne iniberdiler. Garawullar bu wakany görüp: «Bu goja kişi öwülýä eken» diýip, gelip Aşyk Ahmediň aýagyna ýykyldylar, serpaýlaryny, tyllalaryny berip: «Eý, baba, biziň günämizi geçiň! Bize Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling