Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Dessanlar. Saýatly Hemra
258 Türkmen halk döredijiligi Aýrylyp ata-eneden, Jennetiň bagyna düşmüş. Bu baglaryň gül-lälesi, Çöl-deşteleriň gandalasy, Perhadyň ahy-nalasy, Şiriniň dagyna düşmüş. Geldi ýene seýil çagy, Pyýalany doldur, sagy, Iki zülpüň bolup ýagy, Her dem ýaňagyna düşmüş. Ol perini gören çagda, Läleler açylar bagda, Uzyn boýly, giň gujakda, Höwesim agyna düşmüş. Ýalňyz başym galdy derde, Akyl-huş galmady serde, Myhman bolman özge ýerde, Ýaryň otagyna düşmüş. Göwün her dem gaýnap joşmaz, Yşkyň oduna tutaşmaz, Hemra özge ýere düşmez, Ýaryň gujagyna düşmüş. Elgaraz, Hemra sözüni tamam etdi. Kenizler Hemrany golundan tu- tup, Saýat hanyň ýanyna alyp bardylar. Hemra Saýat hany görüp, iki elini gowşuryp salam berdi. Kyrk gez köşgüň üstünde oturan Saýat ýüzündäki dokuz gabat perdäni serpip, Hemranyň salamyny aleýk alyp, onuň gara gözüne, güler ýüzüne, şirin sözüne, galam gaşyna, hünji dişine gözi düşüp, huşy başyndan uçdy. Hemra hem tylla tagtyň üstünde oturan şa sypatly Saýadyň ýüzüniň köşge röwşen berip duranyny görüp, biygtyýar beýhuş boldy. Kenizler huş gülünden getirip, Saýat bilen Hemra ysgatdy- lar. Ikisi hem huşuna geldiler. Saýat han: 259 − Eý, baba, ogluň hiç bir aýby ýok, emma bir aýby bar − diýdi. Aşyk Ahmet: − Eý, Saýat han, sözüňi bilip aýt, meniň oglumyň päkizelikden başga aýby ýokdur − diýdi. Onda Saýat han: − Ýigidiň saz-söhbetden habary bolmasa, köp aýypdyr − diýdi. Onda Aşyk Ahmet: − Eý, Saýat han, meniň oglumyň bileni sazdyr, eşideni sözdür − diýdi. Onda Saýat han: − Hemra saz beriň! – diýdi. Kenizler saz getirip berdiler. Hemra bir pasyl saz çaldy. Onuň sazy Saýat hana hoş ýakdy. Saýat han: − Eý, oglan, berekella sazyňa seniň, sözüňi hem eşideliň! − diýdi. Hemra Saýat hana nazar kyldy. Görse, dokuz gat lybasyň üstünde Saýat hanyň mämeleri mälim bolup dur. Hemra muny görüp, sazyny biygtyýar eline alyp, bir gazal aýtdy: Gidende − zemistan, gelende − bahar, Sowsanly, sünbülli ak mämeleriň. Ýüzüň görgeç gitdi akyl-hyýalym, Düşermi gollara sag mämeleriň? Garşydan rakyplar ne diýrler bize, Aşyk-magşugynyň jebrine döze, Säheriň çagynda görüner göze, Goýupdyr synama, dag mämeleriň. Gyzlaryň elinde altyn pyýala, Däli göwnüm görüp, gitdi hyýala, Ýuka köýnek geýip çyksaň şemala, Ýöräňde titreşer ak mämeleriň. Kadyr möwlam göz üstüne gaş bermiş, Laglydan, merjenden, dürden diş bermiş, Ak göwsüňde ýumarlanyp baş bermiş, Gülende titreşer çag mämeleriň. Dessanlar. Saýatly Hemra 260 Türkmen halk döredijiligi Gyzyl güli desselemiş ýaryna, Her kim arzuw çeker öz didaryna, Boýy meňzär Gürjüstanyň naryna, Beýazlykdan, gardan ak mämeleriň. Ýüzüňi meňzetdim Aý bilen Güne, Bir tersa gyzydyr hiç gelmez dine, Aşyk Hemra aglap, bakar ýüzüne, Bal bilen ýugrulan ýag mämeleriň. Hemra sözüni tamam etdi. Saýat hanyň gahary gelip: − Bu köpek ogly «tersa gyzy» diýýär. Atasy oglundan beter, ogly atasyndan. Eý, Banu keniz, bulary daragtdan asyp, tä ölinçä uruň! − diýdi. Kenizler goja kişini ogly bilen agaçdan asyp urup başladylar. Hemra Saýat handan aman diläp, bir söz diýdi: Gurbanyň bolaýyn seniň, Saýat hanym, aman-aman! Köp intizar etme meni, Bal Saýadym, aman-aman! Akyl-huşym gitdi serden, Jyda düşdi bal-y-perden, Seniň üçin Yrak ýerden, Men gelmişem, aman-aman! Gahar etme, söwer ýarym, Bag içinde alma-narym, Saňa diýrem ahy-zarym, Han Saýadym, aman-aman! Hemra diýer, ýandym oda, Gollarynda gülgün bada, Arz eýlerem perizada, Bal Saýadym, aman-aman! Elgaraz, Hemra sözüni tamam etdi. Saýat han: 261 − Hemra biziň elimizden aman diledi. Munda alyp geliň − diýdi. Kenizler Aşyk Ahmedi goýup, Hemrany Saýat hanyň aldyna alyp geldiler. Hemra atasynyň asylyp durşuny görüp, ony halas etmegi Saýat handan diläp, zar-zar aglap, söz diýdi: Bir arzym bar gözelleriň hanyna, Aýdaýynmy, aýtmaýynmy, ne diýr sen?! Asly göwher kän gelipdir şanyna, Aýdaýynmy, aýtmaýynmy, ne diýr sen?! Ozal başda han tagtyna han çykar, Aglap gözden ýaş ornuna gan çykar, Näzli ýara arz edinçä jan çykar, Aýdaýynmy, aýtmaýynmy, ne diýr sen?! Men neýläýin, jyda düşdüm gülümden, Aýralygy beter bildim ölümden, Gorkym köpdür − hata çykar dilimden, Aýdaýynmy, aýtmaýynmy, ne diýr sen?! Garyp bilbil gona bilmez gülşene, Ýardan bize habar geldi − nyşana, Bir sözüm aýdabilmen üýşene, Aýdaýynmy, aýtmaýynmy, ne diýr sen?! Hemra diýer, içim derde dolupdyr, Bilbil kibi işim pygan bolupdyr, Näzlim, senden bir dilegim galypdyr, Aýdaýynmy, aýtmaýynmy, ne diýr sen! Elkyssa, Hemra sözüni tamam etdi. Saýat han görse, Hemranyň atasy heniz hem asylyp dur. Ol: «Eý, biynsap kenizler, goja kişini tizden düşürip, hüjrä eltiň!» diýdi. Kenizler Aşyk Ahmedi düşürip, hüjrä eltdiler. Saýat han Hemrany bir munakgap öýe eltip, ýagşy gyrmyzy lybaslar geýdirip, ikisi aýşy- eşrete meşgul boldy. Günlerde bir gün Saýat han: Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling