Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
SAÝATLY HEMRA
(Bölekler) Hemra toý wagtynda Garapudak söwdagärden Mämmet han patyşanyň gyzy Saýat han hakynda eşidýär. Hemra dost-ýarlarynyň, aýaly Selbiniýazyň töwallasyna gulak asman, Saýadyň ýanyna gidermen bolýar. Ahyry Selbiniýazy Hemra rugsat berýär. Onuň bilen atasy Aşyk Ahmet hem gidýär. Birnäçe menzil ýol geçenden soň, olaryň öňünden bir çarbag çykýar. Gyzylalma şäherindäki bu bagyň suw geçýän ýerinden Aşyk Ahmet bagyň içine girýär. Görse, ajap bir ýagşy bag eken, güller açylyp, bilbiller saýrap, gumrular dem tartyp, tawuslar silkinip, totular kah-kah urup, miweler dökülip, şahalar elwan urup, bulaklar her tarapa akyp barýar. Aşyk Ahmet daragtlary kakyp, almalary iýmäge başlady. Doýandan soň almalarynyň ýarsyny iýip, ýarsyny taşlady. Käwagt eline taýak alyp, daragtlary urup ýapraklary düşürip, silkip pudaklary syndyrdy. Indi sözi Mämmet han patyşanyň gyzy Saýat handan eşideliň. Çäşge wagty Saýat han baga tomaşa edip ýördi. Ol görse, bir goja kişi alma agaçlaryny ýykyp-ýumrup, miwesini iýip ýör. Saýat han kenizlerine: «Mysapyr adamdyr, doýup, çykyp gitsin» diýdi. Aşyk Ahmet iýip doýan- dan soňra, almalaryň ýarsyny iýip, ýarsyny taşlamaga başlady, daragtlary silkip syndyryberdi, goluna bir taýak alyp, urup ýapraklaryny düşüriberdi. Saýat han ony görüp, iki kenizini iberdi: «Baryň görüň bir ogry bagy harap kyldy, kowup iberiň» diýdi. Ondan soň kenizler gelip: − Baba, bu bag patyşalyk bagdyr, tizräk çykyp gitgin, eger bagban görse, heläk kylar − diýdiler. Aşyk Ahmet: − Kimiň bagydyr? − diýdi. Kenizler: − Saýat hanyň bagydyr − diýdiler. Onda Aşyk Ahmet: − Bu öz bagym eken − diýip, ýene agaçlary urup başlady. Keniz gelip Aşyk Ahmediň golundan tutup uruberdi. Onda Aşyk Ah- met: «Eý, köşeklerim, sag goluma urmaň, sagymda sazym bar, synmasyn» diýdi. Onda kenizler: «Garry baba sazanda eken. Sazanda kişi bolsa ur- maýly. Saýat hana aýdaly» diýip, baryp Saýat hana aýtdylar. − Eý, Saýat han, baba sazanda eken. Onda Saýat han: − Andag bolsa, alyp geliň! − diýdi. Kenizler baryp, Aşyk Ahmediň golundan tutup, Saýat hanyň ýanyna alyp geldiler. 253 253 Babanyň gözi kyrk gez ýokarda köşkde oturan Saýat hana düşdi. Aý diýse, agzy bar, Gün diýse gözi bar. Misli mahytap mysaly, galam gaşly, hünji dişli, gara saçly, agy ak, gyzyly gyzyl, hal-hal, menek-menek, daky- nan tylla merjenleri ýüzüne dökülip, görküne görk goşýar. Elinde tylladan bilezik, her bilezikde bäş ýüzük. Keten köýnek egninde, ýüpek ýaglyk başynda, tylla heýkel döşünde. Endamyna sepen atyrynyň ysy baryp, Aşyk Ahmediň burnuna dykyldy. Aşyk Ahmet salam berip durdy. Saýat han aleýk alyp: − Eý, baba, kaýdan gelip, kaýda barar sen? − diýdi. Onda Aşyk Ahmet Saýat hanyň jemalyny görüp, yşk söwdasy başyna düşüp, öz göwnünden: «Hemra bolsa ýaşdyr, oňa Selbiniýaz hem bolar» diýip, oňa aşyk boldy. Saýat han hem Aşyk Ahmediň özüne göwnüniň gidenini bilip, sowal sorap, bir söz diýdi. Aşyk Ahmet hem jogap berdi. Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling