Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Rowaýatlar
108 Türkmen halk döredijiligi radaryn, hem özüm ýylanaryn, hemem garry enemi odunly ederin − diýip, ol Keýmir serdara jogap beripdir. Keýmir, dogrudan-da, bu gyzyň akyllydygyny aňyp: − Öýüňize gezelenje dagy baraýsak, garry eneňden başga bizi garşy aljak ýokmy? − diýip sorapdyr. Gyz hem säginmän: − Weý, bolman näme, bir ala köpegimiz bardyr welin, şol allaowara- dan habaryňy alar − diýip jogap gaýtarypdyr. Gyzyň dilewarlygyna ymykly göz ýetiren Keýmir kör bolsa olara barmagy ýüregine düwüp, öýleriniň salgysyny sorapdyr. Gyz: − Hataryň gaýra başyndaky kyrk naýzaly öý biziňkidir − diýipdir. Keýmir kör öz ýanyndan: «Be, ol nähili kyrk naýzaly bolýarka?» diýip pikire çümjek ýaly edipdir-de: «Ony hem görenimizden soň bilibiris» diýipdir. Soňra hem gyz bilen hoşlaşyp, ýoldaşyny yzyna tirkäp, ýoluny dowan etdiripdir. Bular beýleki etjek-goýjak işlerini bir ýüzli edip, agşamara hälki gyzyň obasyna dolanypdyrlar. Onýança bir ala köpek gabyrdap, bularyň öňünden çykypdyr. Keýmir kör ýoldaşyna: − Gyzyň garşylar diýen alaköpeg-ä şu bolmaly. Ana, ho duranam olaryň öýleri. «Kyrk naýzaly» diýmeginiň emmasy hem düşnükli boldy. Seret, durlukdyr serpiklerine çenli könelip, köp ýeri ýyrtylyp gidipdir-de, tärim hem uklary açylyşyp, naýza ýaly bolşup durlar. Şeýdip, bular at başyny şol öýe tarap öwrüpdirler. Bular baran mahaly gyzyň enesi goňşularyna giden eken. Onsoň gyz bulary edep bilen garşylap, töre geçmäge mürähet edipdir. Soňra çaý goýupdyr. Biraz wagt geçensoň, orta saçak ýazyp, bir okara gatyk, iki sany çemçe goýupdyr. Keýmir bilen ýoldaşy birbada alybermän, çörek getirilerine garaşyp oturypdyr. Emma gyz öz işi bilen gumra bolup ýören. Onsoň Keýmir ýoldaşyna gep atan kişi bolup, gyza kakdyryp: − Kadaýy kadany bilmez, nirede ösen jan sen? Bu ýerleriň däbidir-dä, gatykny berdi nansyz! – diýen. Gyz hem nämäniň nämedigine bada-bat düşünip, şeýle jogap beripdir: 109 − Bary-ýogy bilmeýen, nirden gelen myhman siz? Nanymyz bolsa, ýag goýardyk, gatykny berdik nansyz! Bu jogapdan soň, gyzyň dilewarlykda, pähim-paýhasda hiç kesden pes oturmajakdygyna göz ýetiren Keýmir onuň görk-görmegini hem içgin synlap ugraýar. Görse, gyzyň bir gözi çalaja çaşy eken. Onsoň ol oturan öýlerini synlan kişi bolup, ýene-de ýoldaşyna söz gatan ýaly edýär-de: − Hä-ä, öý-ä öý eken welin, arman, çagarygy azajyk gyşygrak eken − diýýär. Gyz bu sözüň hem özüne gönükdirilendigini aňyp: − Çagarygy gyşygam bolsa, tüssesi örän gowy çykýandyr − diýýär. Gyzyň beý diýmesiniň: «Gözi gyşygragam bolsa, akyl-huşy gaty dürsdür» diýen manyny aňladýanyna bada-bat düşünen Keýmir: «Hakyt göwheriň üstünden gelen ekenik. Tur, toý şaýyny tutaly» diýip, ýoldaşyny alyp, derrew obasyna gaýtmak bilen bolupdyr. Şeýdip, ol gyzy öz ogluna alyp berip, uly toý edipdir. Magtymguly − halkyň guly Magtymgulynyň atasy Döwletmämmet Azady magtym tiresinden Selim magtym diýen bir adam bilen kyýamatlyk dogan okaşypdyr. Ol wagtal-wagtal Döwletmämmediň öýüne gelip, bir-küç gün myhmançy- lykda bolar eken. Magtymguly Pyragy eneden bolanda, şol Selim magtym diýen adam Döwletmämmediň öýünde myhmançylykda ekeni. Döwletmämmet ýaňy bolan çagany Selim magtymyň öňüne berip: − Şu çaga seniň guluň bolsun! − diýipdir. Onda Selim magtym: − Goý, bu çaga halkyň guly bolsun! − diýip aýdypdyr. Şondan soň ol çaganyň ady kem-kemden Magtymguly bolup gidip- dir. Magtymguly özüniň bir goşgusynda atasy Döwletmämmet Azadynyň Selim magtym atly doganynyň bolandygyny ýatlap geçýär. Şol goşgynyň iň soňky bendi şeýle: Pyragy diýr, görseň jahyl wagtymyň, Säbilik saýasy gara bagtymyň, Atamyň dogany Selim magtymyň, Goýsalar, geçerin ýany biläni. Halky kyssalar. Rowaýatlar 110 Türkmen halk döredijiligi Guşy gonanda tut Magtymgulynyň ussahanasy adamsyz bolmaz eken. Kimsi ýüzük, kimsi göwüsbent, eýer, gamçy oňardar eken. Bir gün bir gelin Magtymgulynyň ussahanasyna gülýakasyny gaşlatmaga gelipdir. Magtymguly onuň gülýakasyna gaş oturtmaga başlapdyr. Ol birden gülýakany goýup, ýanyndaky döwet galamyny alyp, bir zatlar ýazyp başlapdyr. Bu zatlary synlap oturan gelin: − Şahyr aga, näme gyssandyňyz? − diýip sorapdyr. Onda Magtymguly: − Keýgim, ylham diýilýän zat bir uçup ýören guşdur. Ony gonanda tutmasaň, uçar gider. Gülýaka bolsa hiç ýere gitmez − diýipdir. Gelin ondan: − Şahyr aga, ol nähili guş bolýar? Görünýän zat ýok-la? − diýip sorapdyr. Magtymguly heniz syýasy guramadyk kagyzy eline alyp, gelne «Dilberiň» diýen goşgusyny okap beripdir. Orup gitdi Halk arasyndaky bir gürrüňe görä, bir gün şahyr men diýeniň başy jemlenipdir. Mejlisde şahyrlaryň biri: − Magtymguly şahyr ähli zat hakynda goşgy goşup, özgelere ýaz- maga zat goýmandyr. Biz indi näme hakda ýazarkak? − diýen meseläni orta atypdyr. Bu soraga şonda Kemine (başga bir golýazmada Zelili diýilýär) şeýle jogap beripdir: − Magtymguly bize ýazmaga zat goýman, söz meýdanynyň oragyny orup gitdi. Indi bize diňe onuň hoşasyny çöplemek galdy. «Söýli halan» Köne zamanda gökleň tiresinde Gara bagşy diýen ökde sazanda ýaşap ötüpdir. Gara bagşy degişgen, däljiremegi gowy görýän adam eken. Onuň barýan ýeri ala-ýaz bolar eken. Ili gülüşdirip, içini gyrar eken. Il Garanyň dälişge häsiýetini hasaba alyp, onuň adynyň yzyna «Däli» lakamyny dakypdyr. «Görogluda» Harmandäli, gökleňde Gara däli. Tapawudy, Gara erkek däli» diýip ýörer eken. Soň-soňlar ilat Gara däliniň ýerligini hasaba alyp, «Gökleň» lakamyny hem goşupdyr. Şeýdip, 111 Garanyň ady Garadäligökleň bolupdyr. Bu at türkmenleriň arasynda meşhur bolupdyr, pars, özbek halky Garadäligökleňiň sazyny eşidipdir. Aýdym-dessandan soňra Garadäligökleňe saz çaldyrypdyrlar. Onuň sazy ýürege ornar eken, gamgyn göwni şat, şat göwni gamgyn eder eken. Garadäligökleň saz döredipdir, öý-il içinde çalynýan sazlary gaýta- dan işläpdir. Garaz, ömrüni aýdym-saza bagyş edipdir. Ol bir gün gijäniň bir wagtyna çenli toýda saz çalypdyr. Emma adamlar onuň çalýan sazyndan ganyp bilmän, oňa tä daň atýança saz çaldyrypdyrlar. Toýuň bir gapdalynda erkekler, beýleki gapdalynda aýal- lar ýaý berip otyr eken. Garadäligökleň daň agarandan soň: − Adamlar, gulagyň garny ýok, siňegiň erni ýok − diýipdir. − Wagtam bir çene barypdyr. Indi bes edäýsek nähili bolarka? Aýallaryň arasynda oturan bir gelin: − Bagşy aga, eliňe gül bitsin! Göwnümiziň posuny artdyň. Sag bol. Dutaryňy gaba salmankaň bize heniz il eşitmedik bir saz çalyp ber − diýip haýyş edipdir. Garadäligökleň bir saz döredip ýör eken. Şol wagt tasa gelen saz onuň gulagynda ýaňlanypdyr. Sazanda eline dutary alyp, ýaňlanýan şol sazy çalyp başlapdyr. Sazanda dutaryň sesini barha gataldyp, elinde baryny saza siňdiripdir. Täze saz oturanlara ýarapdyr. Ýaňky gelin: − Bagşy aga, sazyňy ýene bir gezek çalsana − diýip haýyş edipdir. Garadäligökleň bu gezek sazy öňküdenem süýji edip çalypdyr. Gelin: − Bagşy aga, çalan sazyň ady näme? − diýip sorapdyr. Onda Garadäligökleň: − Gelin, siziň adyňyz näme? − diýip sorapdyr. − Söýli. − Goý, şu saz «Söýli halan» bolsun. Men bu sazy taslap ýördüm. Şu gün dolulygy bilen gulagymda ýaňlandy. Ony size çalyp berdim. Söýlä ýaran bolsa, saz ady bilen dünýä indi. Şeýlelikde, Garadäligökleňiň döreden bu sazy «Söýli halan» bolup, il arasyna ýaýrapdyr. «Ynsandyr saz öz ady bilen geler» diýenleri hak bolupdyr. Halky kyssalar. Rowaýatlar |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling