Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Efsanalar
98 Türkmen halk döredijiligi Şeýtan «eşegi» Halypa bagşylar: «Dutary Eflatun ýasapdyr» diýip aýdardylar. Günlerde bir gün Eflatun hat ýazmakdan ýadap, Güne kakap ýatan tut agajynyň üstünde oturypdyr. Akyldar nirede otursa-da, pikir eder eken. Tudy eli bilen elläp: «Şundan bir zat ýasap bolmazmyka?!» diýip, içini gep- ledipdir: Paltadyr teşesini eline alyp, tut agajyny ýonup başlapdyr. Okara ýaly bir zat ýasap, oňa sap dakypdyr, ýel çykar ýaly deşik edipdir. Kakan içegäni dakyp, çalyp görüpdir. Ses çykmandyr. Deşiklerini, kirşini barlap, ýene çalypdyr. Guraldan ses çykmandyr. Lapy keç bolan akyldar: «Nädende guraldan ses çykarka?» diýip, köp pikir edipdir. Paýhasyny bir ýere jemläp bilmändir. Çykalga tapman, garanjaklap durka, bir ýerden şeýtan gelip: − Meniň adymy goşsaň, ýasan guralyňdan ses çykar ýaly edeýin – diýipdir. Eflatun gysyk däl eken. – Bolýar – diýipdir. – Seniň adyňy şu guralyň içine goşaýyn. Şeýtan ýerde ýatan kiçijik çöpi iki bölüp, bir bölegini guralyň kirşiniň aşagyna goýupdyr-da: − Hany, indi çal bakaly, ses çykarmyka, çykmazmyka? – diýipdir. Eflatun çalypdyr. Guraldan şirin ses çykypdyr. Şeýtan: − Akyldar, ady näme? – diýip sorapdyr. − Ýasap durşum, heniz adyny bilemok. − Goşa tary bar eken. Goý, bu guralyň ady dutar bolsun. Şeýdip, dutar döredilipdir. Şeýtanyň goýan çöpüne bolsa «şeýtan eşek”diýip at beripdirler. Ussa Guşuň minarasy Gadym zamanda elinden dür dökülýän daş ussasy bar eken. Owadan, haşamly, Gün bilen çaknyşýan ululy-kiçili minaralary salmakda onuň bilen bäsleşäýjek ussa tapylmanmyş. Onuň salan minaralaryny görmäge çar ta- rapdan adam bary Horezme gelip durmuş, gelip durmuş. Her kim owadan zady görjek, owadan minaralary, köşkleri saldyrjak. Hanlar, şalar Horezme gelip, ussa hödürläbilen zadyny hödürläp, öz ýurduna äkitjek bolýarmyş. Ussa «Towşana dogduk depe» diýip, Horezmden çykmanmyş. Günlerde bir gün Horezm şasy emeldarlaryny çagyryp, matlabyny orta atanmyş: 99 − Men garradym, dyzymdan kuwwat, gözümden nur gitdi. Ölmänkäm gözellikde Gün bilen bäsleşýän bir minara saldyrmak niýetim bar. Wezir-wekiller, ähli ulamalar şanyň niýetini mübäreklänmişler. Şa-da ertesi ussany ýanyna çagyryp: − Ussa, maňa bir minara salyp ber. Boýy, gözelligi Gün bilen bäsleşsin. Gören haýranda, görmedik armanda bolsun. Harajady menden, ussatlyk senden. Eger minarany diýşim ýaly edip salsaň, ýeke dikrarym seniňki – diýipdir. Şalykda gyt zat barmy?! Sanly günde ussa gerek zatlary tapyp be- ripdirler. Ussa nakgaşlary, hünärli adamlary ýygnap, minara salmaga başlapdyr. Şanyň, wezir-wekilleriň, tutuş Horezm halkynyň ünsi ussanyň salýan minarasyndamyşyn. Şanyň gyzy hem aram-aram minarany gör- mäge gelýärmişin. Bir güni gyzyň gözi ussa düşenmişin. Ussa hem gyzy görüp, ikisi aşyk-magşuk bolanmyşyn. Agyr güzaplardan soň minara bitere gelenmişin. Minarany gören şa ussanyň ussatlygyna haýran galyp, içinden «Aperin» diýenmişin. Minara bolsa Günüň şöhlesi bilen çaknyşyp, müň dürli öwsüp duranmyşyn. Şa: «Ussany sag-aman ibersem, ýene başga ýerde şunuň ýaly minara salar. Üstesine gyzymy hem alyp gider. Gowusy, muny minaradan düşenden öldürdeýin» diýip içini gepledenmiş-de, wezir-wekillerini, ulamalaryny çagyryp, niýetini mälim edenmiş. Olar hem ýene «Aperin» diýipdirler. Temen haltada ýatmaz. Bu habar gyzyň gulagyna ýeten. Ol hem ussanyň ýerdäki şägirdine aýdan. Şägirdi ýerde kerpiçleri, gerek-ýarak zatlary rejeläp ýokary iberýän ekeni. Bu gezek ol bir kerpije şanyň niýetini ýazyp iberipdir. Ussa-da şägirdine ýelim bilen kagyz ibermegini haýyş edipdir. Şägirdi ýelim bilen kagyzy ussa ýetiripdir. Ussa kagyzdan ganat ýasap, gudrat bilen asman sary uçup gidipdir. Aýdyşlaryna görä, ol şol uçup barşyna Porsudaky Buldumsaz diýen ýere baryp düşenmiş. Şol ýerde: «Indi boldum saz» diýip aýdanmyş. Hä- zirki Buldumsaz diýen at şondan galan. Ussa Guş ady şundan soň dakylan. Ol Buldumsazda dynç alyp, şol uçuşyna Buhara baran. Ol ýerde hem edil Horezmdäki ýaly owadan minarany salan. Şeýdip, Köneürgençdäki minara peýda bolan. Halky kyssalar. Efsanalar 100 Türkmen halk döredijiligi Baba Omaryň ölümi Gadym eýýamda Baba Omar diýen adam ýaşapdyr. Ol jan alyjy Ezraýyl bilen dost bolupdyr. Günlerde bir gün, Ezraýyl Baba Omaryň ýanyna gelip: − Dünýäde isleýän zatlaryňy menden sora. Haýyşlaryňy ýerine ýeti- rerin – diýipdir. Onda Omar: − Wagtym dolup, janymy aljak bolanyňda öňünden maňa habar et. Dost-ýarlarym, dogan-garyndaşym bilen hoşlaşaýyn. Şu islegimi ýerine ýetirseň, dost, senden razy bolaryn – diýip aýdypdyr. Baba Omar wagtyň geçmegi bilen segsen ýedi ýaşap garrapdyr. Bir gün Ezraýyl gapydan gülüp giripdir: − Dost, wagtyň ýetdi, amanadyňy tabşyr. − Ezraýyl, munyň bolmaýar. Sen meniň haýyşymy ýerine ýetirmediň. Name üçin öňünden habar etmediň? − Men saňa köp habar etdim. Saç-sakgalyň agardy. Biliňden medet, dyzyňdan kuwwat gitdi. Indi sandan galdyň, garradyň. Ezraýyl Omaryň janyny almaga häzirlenipdir. Onda Baba Omar: – Dost, meni bagyşla, garranymy bilmändirin. Mümkin bolsa, maňa bir gün puryja ber – diýip ýalbarypdyr. Ezraýyl dostunyň ýüzünden geçip bilmän, bir günlük rugsat berip gidipdir. Baba Omar gijesi bilen ýatman, özi ýaly on adam ýasap, olara öz egin-eşigini geýdiripdir. «Ezraýyl gelse, şularyň biriniň janyny alar. Men diri galaryn» diýip, Baba Omar gaçyp gidipdir. Ertesi Ezraýyl Baba Omaryň jaýyna gelip, ony çagyrypdyr. Ýerli- ýerden «Lepbeý-de, lepbeý» bolşup, on sany «Baba Omar» jogap berip- dir. Ezraýyl aljyrap, olaryň haýsynyň janyny aljagyny bilmändir. Ahyr ol Taňrynyň ýanyna baryp, bolan işleri aýdypdyr. Taňry oňa: «Olar emeli «Baba Omarlardyr”. Sen ýanyňa Jebraýyly alyp, pylan ýerde onuň gabryny gazyberiň. Onuň özi baryp şol çukura girer» diýipdir. Bular Taňrynyň aýdan ýerine baryp, gabyr gazyberipdirler. Baba Omar hem şol gaçyp barşyna olaryň üstünden barypdyr. Görse, iki sany adam, biri: «Uzyn bolar», beýlekisi: «Gysga bolar» diýip dawalaşyp durlar. Baba Omar olaryň näme üçin dawalaşýandygyny bilmek üçin ýanlaryna baryp salam beripdir. Salamyny alypdyrlar. Olar bir ölen adamyň gabrynyň uly ýa-da kiçidigini biljek bolýandyklaryny aýdypdyrlar. 101 Şol wagt Ezraýyl Baba Omary tanapdyr. Emma Omar ony tanamandyr. Baba Omar olardan ölen adamyň boýunyň nähilidigini sorapdyr. Olar ol adamyň boýunyň edil onuň özüniňki ýalydygyny aýdyp, çukura girmegi- ni sorapdyrlar. Baba Omar çukura girende, Ezraýyl onuň ýakasyndan tutup, «Amanadyňy tabşyr» diýip janyny alypdyr. Baba Omar şeýdip dünýäden ötüpdir. Halky kyssalar. Efsanalar |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling