Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
88 Türkmen halk döredijiligi eşidäýmeli eken. Pylan ýerde bir täze salnan şäher bar, onun patyşasy bar welin, sahylykda, adyllykda dünýäde onuň taýy ýokdur. Onuň köşgüniň sekiz gapysy bar, onuň bir gapysyndan baranyňda seniň hemme gapyňdan baranyňça berýär, süýji dilli, sözüň gysgasy, men indi başymy alyp, şonuň ýurduna gideýin-le, onuň ýaly dünýäde ýok ekeni, bulardan agzyň ýag- jarjak däl − diýip, saraýdan çykyp gidiberenmişin. Ol şol gelşine derrew ýaňky myhman ýerine gelip, çaý-çörek iýip, atyny münüp, öz ýurduna baka ugrapdyr. Ol az ýöräp, köp ýöräp, şäherine gelip, ol gije özüniň öýünde ýatyp, ertesi patyşanyň ýanyna sa- lama barypdyr. Wezir Şirwan patyşanyňkyda bitiren işleriniň hemmesini boýdan-başa gürrüň beripdir. Güljahan muňa begenip, özüniň wezirine uçursyz köp sylag-enjam beripdir. Güljahan wezirine: − Şäheriň abadançylygyny öňküden hem has gowy oňaryň. Şirwan patyşa galandar geýiminde biziň şäherimizi görmäge geler, siz habardar boluň, ol şähere gelende, maňa mälim ediň − diýip tabşyrypdyr. Indi sözi Şirwanadyl patyşadan eşidiň. Şirwanadyla bu gedaý şeýle sözleri aýdyp gidenden soň, onuň ýüreginde şol şäheri hem onuň patyşasyny görmek höwesi düşüpdir. Ol derrew gowy görýän iki wezirini çagyryp: − Indi şol gedaýyň aýdan şäherini hem-de onuň adyl patyşasyny gidip göreliň − diýýär. Wezirler: − Bolýar, patyşamyz, haçan gitseňiz, biz taýyn − diýipdirler. Şeýlelik bilen, Şirwanadyl wezirleri bilen her haýsy bir ata münüp, diwana eginbaşly, eginlerinden ullakan bir torba asyp ýola düşüpdirler. Bular birnäçe gün ýol ýöräp, sorap-idäp, ahyr Güljahan patyşanyň şäherine gelip, derwezeden giripdirler. Bularyň gelenini ilki garawullar görüp, der- rew ylgap baryp, diwana geýimli üç del adamyň şähere gelenini habar berýärler. Güljahan patyşa bu gelenleriň Şirwan patyşadygyny aňyp, derrew köşgüne öňküden hem beter zynat berip, her ýerinde-her ýerinde garawul goýupdyr. Özi bolsa täze-täze gymmat baha patyşa geýimlerin- den geýnip, başyna täç goýup oturyberýär. Öz ýanynda bir hum gyzyl goýupdyr, näme, ol ony tapman duranok. Şirwanadyl wezirleri bilen bir saraýa baryp, çaý içip, çörek iýip, dem-dynçlaryny alyp, patyşanyň köşgüne tarap ugrapdyr. Soňra sorap- idäp, köşgüň gapysyndan baranlarynda, garawullar bulara: − Siz entek duruň, biz patyşadan sorap geleli, eger goýbermäge rug- sat berse, sizi goýbereli − diýip, patyşadan soramaga gidipdirler. 89 Patyşa bu gedaýlary köşge goýbermäge rugsat edýär. Şirwanadyl özüniň wezirleri bilen gedaý bolan bolup, köşgüň gapylaryndan girip başlapdyrlar. Gyzyň bulara beren zadynyň hiç hasaby bolmandyr. Ahyry sekizinji gapydan girenlerinde, bularyň gaby dolup, gyzyň beren gyzyl- laryny salmaga ýer tapmandyrlar. Bular artanyny jübülerine, goltuklaryna salyp gidiberjek bolupdyrlar weli, Güljahan patyşa: − Hany, entek duruň, myhmanhana baryp, nahar iýip gidiň. Biziň adatymyz şeýle, her kim gelse, ha gedaý, ha-da şa bolsun, myhman bolup gitmeli − diýip, bulary myhmanhana eltip, öňlerine saçak ýazyp, dürli nygmatlar döküpdir. Tabaklar tükel gyzyldan ýasalan eken. Tabaklary Güljahan Şirwanadyla berjek bolsa, ol almandyr. Güljahan patyşa: − Ýok, ol bolmaz, biziň adatymyz şeýle, kim myhman bolup, tabak- dan nahar iýse, biz tabagyny hem özüne berýäris − diýipdir. Hakykatdan hem, Güljahan patyşanyň adaty şeýle eken. Şundan soň, Şirwan patyşa iýen naharlarynyň tabaklaryny alypdyr. Güljahan: − Eý, myhmanlar, siz kän zat görensiňiz, siziň kimin gezende adam- lar nakyla, gürrüňe ökde bolarmyş, gowy nakyllar, gürrüň aýdyp berseňiz diňlärdik − diýipdir. Myhmanlar: − Bolýar, hormatly patyşamyz, ynha, agşam geler-de, saňa nakyl aýdyp beräýeris − diýipdirler. Şirwanadyl özüniň wezirleri bilen bu patyşanyň ýanyna nakyl aýdyp bermäge gelipdir. Güljahan: − Hany, haýsyňyz köp nakyl bilýärsiňiz, ilki haýsyňyz aýtjak? − diýip sorapdyr. Şirwan: − Ynha, biz tagsyr, rugsat bolsa, gürrüň edip bereris − diýipdir. Güljahan: − Bolýar, onda ol ikiňiz gidiň-de, dynjyňyzy alyň. Bu gije ýoldaşyňyz bilen biz gürrüň ederis − diýip, olary myhmanhana gaýtaryp, özi Şirwanadyl bilen bir öýde galyp, oňa nakyl aýtdyrypdyr. Güljahan her daýym aýakýoly bahanasy bilen daş çykyp gelmek üçin ýerinden turanda, ol dessine gol gowşuryp, onuň öňüne köwşüni getirýär, içerik girende bolsa, onuň köwüşlerini beýlede ýygnap otyr eken. Şeýdip, Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling