Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
82 Türkmen halk döredijiligi Patyşa derrew şol oglany çagyryp: − Baryň, maksadyňyza ýetiň! – diýip ugradyp goýberipdir. Patyşa beýleki gyzlara garap: − Ýeri, siz näme diýdiňiz? − diýip, ortanjydan soraýar. Ortanjy gyz: − Eý, patyşahym, meniň hem şeýle bir artyk diýen zadym ýok, ýöne pylan söwdagäriň gyzy ýa-da gelni bolsam diýdim − diýýär. Patyşa hem şol söwdagäriň ogluny çagyryp: − Baryň, maksadyňyza ýetiň! − diýip berip goýberipdir. Şirwan patyşa: − Ýeri, gyz, indi sen aýt, agşam näme gürrüň etdiň? – diýýär. Güljahan: − Hawa, patyşamyz, agşam men: «Patyşanyň aýaly bolsam, ol hem- me hazynasynyň açaryny maňa berse, men hem ony garyplara paýlasam, özi hem men daş çykamda köwşümi äberse, içeri giremde köwşümi ýyg- nasa» diýip, bolsady ekdim − diýýär. Patyşa: − Seniň hemme bolsadyň bilen razylaşardym, emma şu «köwşümi äberse hem ýygnasa» diýen sözüň bilen ylalaşyp bolmaz − diýip, gaty gaharlanypdyr-da − Seni öldürjek! – diýip, jellady çagyrypdyr. Jellatlar Güljahany äkitmek üçin gelipdir welin, wezirler patyşa ýüzlenip: − Patyşamyz, sen bir ýaş gyz bilen deň bolup durma-da, gowusy, sen bu gyzy bir ymgyr çöle taşlatsaň hem bolar. Bu bir aýal maşgala, elinden hiç zat gelmez, öz-özi aç-suwsuz ölüp gider − diýipdirler. Patyşa wezirleriniň maslahatyny makul bilip, gyzyň günäsini ge- çipdir-de, birazajyk azyk bilen ony bir ymgyr çöle taşladypdyr. Gül- jahan bu ymgyr çölde bir gije-gündizläp niräk gitjegini bilmän, uklap ýatypdyr. Ahyry başyny galdyryp о ýan-bu ýan seretse, onuň gözüne hiç zat görünmändir, iňlär siňek ýokmuş. Birdenem, ýokarsyna seretse, ynha, hol uzakda her dürli guş uçup ýören eken. Guşlar bir tarapa uçup gidýärler-de, ýene yzyna öwrülýärler. Güljahan: − Aý, şu ýan tarapda suw bar bolsa gerek, hemme guş şol tarapa uçýar, belki, oba hem bardyr − diýip, şol ýana baka ýuwaş-ýuwaş gyr- myldaberipdir. Howa bolsa örän yssy, pahyr Güljahan suwsap, yraň atyp barýar, aýagy zordan ädilýär. Güljahan ýöräp-ýöräp halys bolýar, eňkamy gidýär. Her hili janawerler gyzyň ýanyndan seňkildeşip, agyzlaryny açур, haslaşyp barýarlar. Olaryň munuň bilen işleri ýok. Olaram suwsap barýan janawerler eken. Gyz bularyň hem şol tarapa barýanyny görüp, «Şu 83 tarapda suw bar bolsa gerek, suwa bir tizräk ýetsemdim» diýip, umyt edip ýöräp barýar. Güljahanyň aýaklary gabarypdyr, ýüz-gözleri Güne ýanypdyr. Ol zordan yraň atyp, az ýöräp, köp ýöräp, ahyry, ynha, bir agajyň düýbüne ýetýär. Baryp görse, bir çeşme akyp ýatyr. Çeşmäniň başyndaky her dürli haýwanlaryň, guşlaryň sany-sajagy ýokmuşyn. Gül- jahan bu suwdan içip, agajyň düýbünde oýaly-ukuly ýatyr. Ol çeşmäniň boýundaky haýwanlaryň käbirinden birneme heder edýär. Näme-de bolsa, bu gije Güljahan şu ýerde ýatmakçy bolup, özüne ýerjagaz edinýär. Ol oýaly-ukuly ýatyrka, Gün ýaşyp, iňrik garalýar. Şol wagt ýaňky agajyň başyna üç sany guş uçup gelip gonýar. Guşlar agajyň başynda gonup, bir salym oturanlaryndan soň, özara: − Geliň, bir salym gürrüň edişeliň − diýişýärler. − Gel, men şu ýatan myhman gyza bir gürrüň edip bereýin − diýip, guşlaryň biri gürrüňe başlaýar: − Ynha, şu ýatan gyz Şirwan patyşa tarapyndan köp horluklara seze- war edildi, köp azap çekip, şu ýere geldi. Indi bu gyz ertir Gün dogmanka turup, Gün çykan badyna şu agaçdan Günüň dogýan tarapyna garşy kyrk ädim ölçäp, şol ýeri gazsa, bir uly hazyna tapar. Onuň ýaly hazyna hiç bir patyşada ýok. Ol hazyna Nuh eýýamda pylan patyşadan galandyr. Şol hazynany agtarmaga başlar welin, üstünden bir tagta çykar, ol tagtada hem şu ýatan gyzyň ady ýazylandyr. Şu miras hem şunuňky bolmaly. Başga adama nesip edip bilmez. Ynha, ondan soň, şu çeşmäniň boýuny syryp gidiberse, ahyry bir baýyrlyga, daglyga barar. Şol dagyň pylan deresiniň pylan ýerinde bir gowak bar, şoňa girip gidiberse, bir çarbaglyga ýeter. Ol çarbaglyk pylan periniňki. Ol jahan perileriniň patyşasy bolan. Şonuň hazynasy şu gyza miras galdyrylan, häzir onuň bir sakçysy bar. Gyz şol sakçynyň ýanyna baryp, adyny aýtsa, sakçy hazynalarynyň açaryny be- rer. Olary alandan soň, şu çeşmäniň boýundaky pylan meýdandan käriz gazdyryp, şäher saldyrsa, iň döwletli patyşalaryň biri bolar. Şirwanadyl patyşa hakdaky eken bolsadysy hem gögerer. Soňra guşlar uçup ötagidipdir. Güljahan bu guşuň gürrüňiniň ählisini bir-bir diňläpdir. Ertir irden turup, gündogara baka kyrk ädim ölçäp, agajyň bir şahasyndan çiş edip, şol ýeri gazyp başlapdyr. Ol birazajyk gazyp başlapdyr welin, ýaňky guşlaryň aýdyşy ýaly, bir tagta çykýar. Onuň ýüzünde «Güljahan» diýlip ýazylypdyr. Onuň yzynda «Pylan wagtda dünýäden öten pylan patyşadan çöle taşlanan Güljahana» diýlip ýazylan. Güljahan bu hazynadan bir harjylyk alýar-da, şol töwerekde ýerleşýän Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling