Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
74 Türkmen halk döredijiligi my? – diýip gatyrgynypdyr. Jaýda gopgun turupdyr. Bularyň galmagalyna beýleki ýoldaşlarynyň biri turupdyr. Dawalaryny çözjek bolsa, ýanyndaky ýoldaşy sakgalyndan aslyşýan ýaly bolupdyr: − Näme sakgalymdan tutýarsyň, goýber, haw, sakgalymy − diýip, olam ýatan adama gygyrypdyr. Hiç zatdan habarsyz ýatan ýoldaşy hem turup, gaharyna oňa to- pulypdyr. Bu dört myhman biri-birine gygyryp, öýde ala gopgun tu- ruzypdyrlar. Myhmanlaryň galmagalyna öý eýeleri hem oýanypdyr. Äri turjak bolanda, aýaly sakgalyndan çekýändir öýdüp: − Eý, heleý, näme üçin sakgalymdan tutýarsyň. Goýber, diýdim men saňa, dälirediňmi? Şundanam bir oýun bormy?! – diýip, aýalyny urmaga başlapdyr. Aýaly hem: − Dat, goňşular ýeteweriň! – diýip, uly goh turuzýar. Goňşulary jaýdakylary köşeşdiripdirler. Ýartygulak bolsa çuwalyň aşagynda ýatybe- ripdir. Myhmanlar «Bu öýde bir bela bar, biz bir basym gaýdaly diýşip, daň bilen turup gaçypdyrlar. Är-aýal ikisi hem gorkularyna bu jyny öýlerinden kowmak üçin, işandan doga almaga gidipdirler. Ýartygulak hem öý eýesi aýalyň gyňajynyň aşagynda gizlenip, işanyň ýanyna ugrapdyr. Bular işanyň ýanyna baryp: − Işan aga, şu gün üç gün boldy, biziň öýümize jyn giripdir. Şoňa bir doga berseňiz − diýipdirler. Işan hem hasyr-husur kagyzyň ýüzüne bir zatlar ýazyp: − Ine, şu iki dogany alyp git, birini äriň dakynsyn, birini özüň dakyn – diýip, ol aýalyň getiren aklygyny alyp, olary tizden-tiz ugradyp goýberýär. Ýartygulak hem ýolda galyp, öýlerine barýar. Ol kakasy, ejesi bilen gujaklaşyp görüşýär. Kakasy-ejesi aşa şatlanypdyrlar. Ýartygulak başyndan geçenleri birin-birin gürrüň berip: − Kaka, pylan çopanda bir öweç, pylan çopanda bir öweç algymyz bar – diýip, gaty kän çopany sanapdyr. Kakasy gidip, çopanlardan algylaryny alyp, ýygnap, bir süri öweji öňüne salyp, alyp gelipdir. Olar ogullarynyň kömegi bilen mally bo- lupdyrlar. Ýartygulak hem ejesi, kakasy bilen maksat-myradyna ýetipdir. 75 Hudaýberdi gorkak bilen tilki Bir bar eken, bir ýok eken, Hudaýberdi diýen bir adam bar eken. Onuň iki aýaly bar eken. Bir günden bir gün munuň aýallarynyň her haýsy bir alaça dokapdyr. Hudaýberdi bu alaçalary satmak üçin ýabysyny münüp, bazara ugranda, aýallary halwa-süýji sargaýarlar. Ol ýabysyny loňkuldadyp barýarka, öňünden bir tilki çykyp: − Hudaýberdi, nirä gitjek, how! − diýýär. Hudaýberdi gorkak: − Aý, aýallarym bir-iki alaça dokapdyrlar-da, «Şony satyp gel» diýip iberdiler − diýýär. Onda tilki: − Bazarda satjak bolup ýörme-de, maňa sataý, häli bazardan gaýdaňda puluňy öňüňden çykarar-da beräýerin − diýýär. Hudaýberdi gorkak: − Boljak onda, sen meni köp garaşdyrman, bazardan gelýänçäm öňümden çykaryp, taýyn edip durgun! − diýýär. Tilki: − Aý, sen arkaýyn bolaý, öňüňde puluňy taýýar edip goýaryn − diýýär. Hudaýberdi gorkak munuň sözüne ynanyp, bazara gidýär, baryp bazarda gezen bolup ýör. Bazary pulsuz bazarlap, ol aýallarynyň sargan zatlaryny hem alyp bilmeýär. Onsoň ýabyjygyny münüp, ýene yzyna gaýdýar. Ýolda tilkiden pul aljak adam, ýabyň üstünde telpegini gyşyjak atan bolup, hiňlenip gelýär. Hälki alaçasyny satan ýerine gelse, tilki ni- rede, zat nirede, pul nirede − gum-gukluk. Hudaýberdi gorkak aňalyp, durup-durup, kän garaşyp gaýdýar. Öýüne gelýär, ýabydan düşüp, boş horjuny goltuklap öýüne girýär. Aýallarynyň her haýsy bir ýerden: − Süýji äkeldiňmi? Halwa äkeldiňmi? − diýşip, munuň horjunyny barlap görseler, horjun boş. Onsoň olar: − Ýeri, näme, sargan zadymyzy almansyň? − diýip soraýarlar. Hu- daýberdi gorkak: − Aý, heleý, tilki: «Puluňy ýoluňa çykararyn» diýip, alaçalary aldy. Bazardan dolanyp gelsem, tilkem ýok, zadam ýok − diýýär. Onsoň aýallary onuň üstüne gygyryp başlaýarlar. − Sen nähili adam? Ýogsam-da, tilkiden pul alarmyň? Tilki bilen Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling