Türkmen halk döredijiligi


Download 1.41 Mb.
Pdf ko'rish
bet28/109
Sana31.01.2023
Hajmi1.41 Mb.
#1144816
1   ...   24   25   26   27   28   29   30   31   ...   109
Bog'liq
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Halky kyssalar. Jadyly ertekiler


72
Türkmen halk döredijiligi
− Gyýw, haý-haý! – diýip gygyrypdyr. Möjek ses gelenini eşidýär 
eken. Emma nireden gelýänini bilmändir. Ol goýun iýmekden elli bizar 
bolup, gaçyp zordan özüni gutarypdyr. 
Biçäre möjek aç bolansoň, açlyga çydaman, ýene bir çopanyň goý-
nuna barypdyr. Möjek sürä ýakynlaşandan, Ýartygulak ýene:
− Aý, çopan, haw! Eşitmedim diýme, haw! Goýnuňy möjek aldy, 
haw! – diýip gygyrypdyr.
Bu çopan hem:
− Aý, bir öwejiň bar, kowaweri – diýip gygyrypdyr. 
Ýartygulak hem möjegiň içinden:
− Gyýw! Haý-haý! – diýip, uly gopgun turuzypdyr. Goýun çopanyň 
özi hem üç sany iti bilen möjegiň yzyna düşüpdir. Itler hem kowalap, 
möjegiň guýrugyndan ýapyşsalar-da, tutup bilmän, gaýdypdyrlar.
Aç möjek ýene bir süri goýnuň gyrasyndan barypdyr. Bu gezek hem 
Ýartygulak çopana habar berip, möjegiň içinde uly gopgun turuzypdyr. 
Garaz, bu möjek birnäçe günläp alakjap, gaty köp sürüleriň üstünden 
barypdyr. Haýsyna barsa-da, Ýartygulak çopanlara habar berip, onuň 
içinde uly zenzele turuzypdyr. Möjek biçäre hem her gezek goýunçy 
itleriň demine düşüp, sütüni süýnüpdir. 
Ahyrda möjek bu belanyň öz içindedigini aňypdyr. Ysgyny gidip, 
halys bolup «Indi bu beladan nähili gutularkam» diýip, bir bilimdar 
tilkiniň ýanyna maslahata barypdyr. 
− Eý, tilki dost, meniň içimde bir bela bar. Goýun iýmäge bar-
sam, içimde: «Aý, pylany çopan, haw, goýnuňy gurt aldy, haw» diýip 
zowladyberýär. Indi bäş gündür, agzyma zat degenok, açlygymdan bede-
nimde kuwwat galmady. Şuňa sen bir zat et, ýogsam men öljek – diýip 
ýalbarypdyr. Onda tilki:
− Eý, möjek, sen bir suwujak bulamak içip, birnäçe sapar ýapy ýo-
karyk ylgasaň, içiňdäki bela gaçar – diýipdir. Onda Ýartygulak:
− Eý, tilki, tilki, seniň aňyň gaçypdyr, içmäge bulamak tapýan bolsa, 
möjek şu güne düşermidi? – diýip, möjegiň içinden gygyrypdyr. Tilki 
muny eşidip:
− Eý, möjek dost, ýagdaýyň kyn eken, ýaman bela sataşypsyň. Ýene 
bir zat aýdaýyn welin, şony etseň, belki, bu beladan dynarsyň – diýipdir. 
Onda gurt: 
− Dost, aýdaweri, bir em bolsa haýyr etse, edeli, etmese, bir başa bir 
ölüm ekeni-dä – diýip, tilkä ýalbarypdyr.


73
Tilki:
− Eý, möjek dost, sen günorta bolan wagty haýata bar-da üzümiň 
çigräginden iý. Köpräk iýjek bol. Içiňdäki bela her näçe gygyrsa-da, onuň 
sesini hiç kim eşitmez – diýipdir. 
Möjek hem:
− Bolýar – diýip, üzümli haýatyň içine girip, bir-iki düýp üzümi 
syrypdyr. Ýartygulak hem:
− Dat-bidat, üzüm eýesi, üzümiňi ogry aldy, haw! – diýip, möjegiň 
içinden gygyryberipdir.
Üzüm eýesi hem: «Bu gykylyk nämekä?» diýip, eline taýak alyp, 
haýatyň içine aýlansa, bir möjek üzüm iýip duran. Ol ýuwaşlyk bilen 
gurduň ýeňsesine bir ýapypdyr welin, möjek hem ýüregi ýarylan ýaly 
bolup, ýokaryk bir zyňlypdyr-da, gaçyp gidipdir. Möjek asmana zyňanda, 
Ýartygulak syrylyp gaçypdyr. Möjek hem begenjine durman, tilkiniň 
ýanyna barypdyr.
Ýartygulak möjekden galandan soň, bir üzümiň düýbünde ýatypdyr. 
Üzüm eýesi gurdy kowup, bir çelek üzüm ýygyp, arkasyna göterjek bo-
landa, Ýartygulak hem çelege giripdir. 
Bu adam ýolda barýarka aýdym aýdýar welin, Ýartygulak hem 
çelegiň içinden:
− Jan-jan, sag bol! – diýip gygyrýar. Bu adam hem yzyndan adam 
gelýändir öýdüp yzyna seretse, hiç kim ýok. «Göwnüme ses gelen ýaly 
boldy» diýip, oýlanýar-da, ýene aýdym aýdýar welin, Ýartygulak çelegiň 
içinden:
− Jan-jan, sag bol! – diýýär. Bu adam gorkusyna aýdym aýtmasyny 
hem goýup, gaty-gaty ýöräp, öýlerine gelipdir. Soňam esli salym titir-titir 
edip oturypdyr. Sebäbi ol sesi jyndyr öýdüpdir. Ýartygulak bolsa çelekden 
çykyp, çuwalyň aşagyna girip ýatypdyr. Obanyň adamlary hem: «Pylany 
jyn görüpdir» diýşip, ony soramaga gelipdirler. 
Jyn gören adamyň öýüne şol agşam dört sany myhman hem gelip-
dir. Bular gije ýatypdyrlar welin, Ýartygulak çuwalyň aşagyndan çykyp, 
myhmanlaryň sakgalyny biri-birine daňypdyr. Ýaňky jyn gören adamyň 
sakgaly bilen aýalynyň saçyny hem bir daňypdyr. Agşam myhmanlaryň 
biri daşaryk çykjak bolupdyr welin, ýoldaşy sakgalyndan çekýändir öýdüp: 
− Haw, sakgalymy goýbersene – diýipdir. Onda ýoldaşy oýanypdyr-
da, öz sakgalyndan bilgeşleýin çekýändir öýdüp:
− Sakgalymdan-a sen çekip dursuň, haw? Sakgaldanam oýun bolar-

Download 1.41 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   24   25   26   27   28   29   30   31   ...   109




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling