Türkmen halk döredijiligi


Download 1.41 Mb.
Pdf ko'rish
bet41/109
Sana31.01.2023
Hajmi1.41 Mb.
#1144816
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   109
Bog'liq
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Halky kyssalar. Rowaýatlar


104
Türkmen halk döredijiligi
− Görenem dälsiň, eşidenem dälsiň. Biler bolsaň, wezirim, patyşa 
diýilýän adam raýatyndaky halkyň atasydyr. Merwdäki ähli gyzlar meniň 
perzendimdir. Patyşalar del ýurtdan öýlenmelidir. Ýogsa olarda adyllyk 
galmaz − diýipdir. 
Bu söz weziriň göwnüne makul bolup, Abdylla patyşany goňşy 
ýurtlaryň birinden öýlendirenmiş. Abdylla patyşa bolsa şady-horramlyk 
sürmek üçin bir gala galdyrmaga höküm beripdir. Şeýlelikde, Abdylla 
hanyň galasy bina edilipdir. 
* * *
Abdylla han galasynyň galyndylary Mary welaýatynyň Baýramaly 
etrabynda ýerleşýär. 
Sarahs baba
Gadym zamanda Sarahs babanyň atalary hanaýy Käbede ýaşar eken. 
Günlerde bir gün ol öz ýurduna gelýär. Şonda ogly Abyl Paýzy Sarahsy:
− Ata, siz nirede bolarsyňyz? − diýip soraýar. Ogly ýene:
− Hanaýy Käbe gowumy, ata? − diýip soraýar. 
− Örän gowy, oglum. 
− Onda bizem ýanyň bilen äkidermiň?
− Gitseň, äkideris, oglum.
Atasy özi bilen Sarahsy hanaýy Käbä äkidýär. Ol ýerde ony medresä 
okuwa berýär. Sarahs zehinli, düşbi oglan eken. Ol medresede oňat okap, 
müderris bolýar. Sowatly ýigidi şol ýeriň patyşasy sözýeter edip alýar. 
Sarahs gelen adamlaryň arza-şikaýatyny diňläp, olary adyl çözýär.
Bu ýurduň patyşasy gijeleri gezip, näme gep, näme gürrüň barka 
diýip, gapy diňlär eken. Bir gije gezmäge gidende bir gümmeziň içinde 
oturan adamlaryň: «Biziň patyşamyzyň akyly çaşypdyr öýdýän. Ýurda 
näbellini özüne sözýeter edip aldy» diýýänini eşidýär.
Ertesi patyşa köşgüne gelip, tagta çykyp, öz wezir-wekilleri bi-
len maslahat edip, Sarahsy urup-urup, ýurtdan çykaryp goýberýär. 
Wezir-wekilleriň hemaýaty bilen leşgerler Sarahsy bir daş ýurda taşlap 
gaýdypdyrlar. 
Allanyň gudraty bilen Sarahsyň giden ýurdunda erbet gahatçy-
lyk bolupdyr, guýulardan suw çykmandyr, çeşmeleriň gözi gömlüp, 
daragtlar gurapdyr. Mal-gara suwsuzlykdan ölüpdir. Patyşa bolsa 
öňküje endigi bilen gijelerine gapy diňläpdir. Indi patyşa şol gapydan: 
«Biziň patyşamyzyň akyly çaşypdyr öýdýän. Dana sözýeterini ýurtdan 


105
kowup, halky şu güne saldy. Sarahsyň baran ýurdy bag-bakjaly ýurda 
öwrülenmiş» diýen sözleri eşidipdir. Halk bir sil bolýar. Patyşany daňan 
halk Abyl Paýyz Sarahsynyň ýanyna baryp, ondan ötünç sorapdyr. Sarahs 
patyşanyň günäsini geçenmiş. Ol öňki ýurduna gelip, sözýeter bolup 
işläberipdir. Şondan soň guýudan suw çykanmyş, çeşmelerden suw akyp, 
daragtlar gögerenmiş...
Günde üç
Ibn Sinanyň şägirdi Juzjany bir gün dermanlyk otlardan eşegini 
mas ýükläp getirýärkä, ýolda eşeginiň ýüki agdarylypdyr. Ol ötegçileriň 
birini saklap:
− Şu dermanlyk otlary hekim Ibn Sina üçin alyp barýan, ýükleşip 
goýberseňiz, öz gezeginde hekim hem size zerur halatyňyzda kömek 
eder-dä − diýipdir. 
Ötegçi ýüki ýükleşip bolansoň:
− Halypaňyza aýdyň: günde üç-üç, hepde-de bir üç, aýda üç we 
ýylda üç − diýip gidiberipdir. 
Juzjany gelenden soň halypasyna ýolda bolup geçen wakany gürrüň 
berip, ondan ötegçiniň aýdanlarynyň manysyny düşündirmegini haýyş 
edipdir. Ibn Sina şägirdiniň ýüzüne mylaýymlyk bilen seredipdir-de:
− Ol adam, birinjiden, günde üç wagtyna naharlanýar, wagtyny üçe 
bölüp, sekiz sagat işleýär, sekiz sagat dynç alýar, sekiz sagat uklaýar, gün-
de üç gezek ýuwnup ardynýar. Ikinjiden, hepde-de bir gezek hammama 
barýar, bir gezek aýalyna ýakynlaşýar. Üçünjiden, aýda üç gezek balyk 
iýýär. Dördünjiden, ýylda üç gezek kellebaşaýak iýýär. Şonuň üçin hem 
onuň bize işi düşmez − diýipdir. 
Üç aý gijä galypsyňyz
Lukman Hekim obada ýaşap, tebipçilik eder eken. Günlerde bir gün 
şol obaly bir ýigit bilen bir gyz durmuş gurupdyrlar. Olar birek-birege 
wepaly bolup, agzybirlikde eşretli durmuşda ýaşapdyrlar. Aradan dokuz 
aý, dokuz gün geçdi diýlende olaryň perzende ýüzleri düşüpdir. Biraz 
wagtdan soň olar bir-birine maslahat salypdyrlar. 
− Çagamyza nähili terbiýe bererkäk? Ony ulalanda il-ýurda peýdaly 
hakyky adam bolar ýaly edip terbiýeläli − diýip, äri aýalyna aýdypdyr. 
Aýaly:

Download 1.41 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   109




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling