154
baryp, Tankrede sygyndy we oňa «Efamiýäni eýeläp
bilse, ol ýerde dikmesi hökmünde häkimiýeti elde
saklajakdygyny» aýtdy. Tankred derrew ýörişe çykyp,
Efamiýäni gabady. Galada azyk ýetmezçiligi sebäpli,
goragçylar aman dilemäge mejbur boldular. Galadaky
batynylaryň köp bölegi öldürildi. Meşhur Efamiýe
galasy haçparazlaryň eline geçdi (1106-njy ýylyň
Ruhnama aýy).
Beýik Seljukly döwletine tabyn Ryzwanyň
batynylar bilen gatnaşykdadygy
barada habar alan
soltan Muhammet Tapar oňa batynylar bilen gatnaşygy
kesmegini buýurdy.
Ryzwan bolsa, batynylaryň köp
bölegini Halapdan çykaryp, gatnaşygy kesdi (1107-
1108-nji ýyllar).
Do'stlaringiz bilan baham: