Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
KELLA SÖWEŞI WE SOŇKY WAKALAR
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
- Bu sahifa navigatsiya:
- TÄZE HAÇPARAZ HÜJÜMLERI
KELLA SÖWEŞI WE SOŇKY WAKALAR Magarratun-Nugmany eýelän haçparazlar Jezri, Zerdanany, Sermini we Kellany basyp aldylar. Şeýlelikde, Siriýa Seljukly döwletiniň paýtagty Halabyň daşyna aýlandylar. Örän howply ýagdaýa düşendigine giç düşünen Ryzwan Kella galasyny yzyna almak üçin herekete geçse-de, Antakyýanyň şazadasy Bohemund bilen bolan söweşde ýeňildi (1110-nji ýylyň Gorkut aýy). Pursatdan peýdalanan haçparazlar Halaba tabyn Kefertap we Hazyr galalaryny hem basyp aldylar. Kella söweşinden az wagt geçeninden Bohemund Halaby eýeläp, Seljukly döwletini ýok 147 etmek maksady bilen giň möçberli taýýarlyk geçdi. Köp wagt geçmänkä, Tankred bilen bile Halap sebitlerine geldi we şäheriň daşky dünýä bilen baglanyşygyny kesmek üçin täze galalary gurmaga başladylar. Ýöne danyşmentli Kümüşteginiň hüjümlerine garşylyk görkezip bilmedik Malatyýanyň häkimi Gabriýeliň çakylygyny alan Bohemund Halap sebitlerinden aýryldy. Ryzwan bolsa pursaty elden bermän, haçparazly ambarlaryna hüjüm edip, her dürli ýarag we azyk serişdelerini eýeledi. Humus emiri Jenaheddöwle hem haçparazlara degişli käbir kiçi galalary yzyna almagy başardy we şol sebitdäki hasyllary ýygnady. Soltan Ryzwan özüne kömek eden kakalygy Jenaheddöwle bilen ýaraşyp, ony Halaba getirdi we şanyna gurnalan toý-şagalaň bilen göwnüni awlady. Ýöne Jenaheddöwle Humusa gaýdyp baransoň, köp wagt geçmänkä, (1103-nji ýylyň Magtymguly aýy) juma namazynda, sopy sypatyndaky üç batyny tarapyndan öldürildi. TÄZE HAÇPARAZ HÜJÜMLERI Humus emiri Jenaheddöwle Hüseýiniň öldürilmeginden peýdalanyp, haçparaz serkerdebaşylary Humusy basyp almaga girişdi. Bu habary eşiden Jenaheddöwläniň aýaly (Ryzwanyň ejesi) ogluna «Humusy öz eline almagy we haçparazlara garşy göreşmegi» tabşyrdy. Şäheriň 148 kethudalary Jenaheddöwläni goldandyklary üçin Ryzwandan çekinip, Dukaka Humusy tabşyrmak üçin çakylyk ugratdylar. Şol wagtlar Dukak Damaskda ýokdugy üçin onuň ýerine goýup giden adamy emir Aýtegin derrew esgerlerini alyp herekete geçdi we şäher galany Dukagyň adyndan kabul etdi. Bu habary eşiden Raýmond we Ryzwan Humus hereketlerini togtadyp, yzlaryna gaýtdylar. Humus Damask Seljukly döwletiniň eline geçdi. Halap sejukly topraklaryna hüjümi dowam etdiren Tankred Halap sebitlerinde täze harby hereketlere başlady. Esasan, Halaba bagly Müslimde karargäh gurup, sebiti harap etdi. Soltan Ryzwan oňa hiç hili garşylyk görkezmedi. Şeýlelikde, Ryzwanyň agyr ýagdaýdadygyndan peýdalanan Tankred onuň bilen ýedi müň altyn, köp mukdarda at we başga-da birnäçe mal-gara bilen seljukly ýesirlerini çalyşmak barada ylalaşyga gol çekdi (1103-nji ýylyň ahyrlary). Ýöne köp wagt geçmänkä, ylalaşyga garamazdan, Antakyýa haçparazlary täzeden Halap sebitlerine hüjüm etdiler we Beserfus galasyny basyp aldylar. Haçparazlaryň ilki Siriýa seljukly döwletine, soň Beýik Seljukly döwletine howpa salmaklary, aýratyn- da, Antakyýa haçparaz şazadasy Bohemundyň Danyşment emiri Kümüştegin tarapyndan ýesir alynmagy bilen Türkiýe seljukly soltany Gylyç Arslanyň Antakyýa haçparazlarynyň üstüne ýörişe ugramaga perman berdi. Ol Halap seljukly hökümdary 149 Ryzwana ilçi ugradyp, goşunyň azyk ätiýaçlyklaryna seretmegini tabşyrdy. Bu habara Halap halky begendiler we goňşy sebitlere buşluk habarlaryny ýolladylar. Ýöne Bohemundyň 100 müň altyna azat edilip, Antakyýa gaýtarylmagynyň netijesinde, Gylyç Arslan ýörişi ýatyrdy. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling