Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


KELLA SÖWEŞI WE SOŇKY WAKALAR


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet43/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   39   40   41   42   43   44   45   46   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

 
KELLA SÖWEŞI WE SOŇKY WAKALAR 
Magarratun-Nugmany eýelän haçparazlar Jezri, 
Zerdanany, Sermini we Kellany basyp aldylar. 
Şeýlelikde, Siriýa Seljukly döwletiniň paýtagty 
Halabyň daşyna aýlandylar. Örän howply ýagdaýa 
düşendigine giç düşünen Ryzwan Kella galasyny yzyna 
almak üçin herekete geçse-de, Antakyýanyň şazadasy 
Bohemund bilen bolan söweşde ýeňildi (1110-nji ýylyň 
Gorkut aýy). Pursatdan peýdalanan haçparazlar Halaba 
tabyn Kefertap we Hazyr galalaryny hem basyp 
aldylar. 
Kella 
söweşinden 
az 
wagt 
geçeninden 
Bohemund Halaby eýeläp, Seljukly döwletini ýok 


147 
etmek maksady bilen giň möçberli taýýarlyk geçdi. 
Köp wagt geçmänkä, Tankred bilen bile Halap 
sebitlerine geldi we şäheriň daşky dünýä bilen 
baglanyşygyny kesmek üçin täze galalary gurmaga 
başladylar. 
Ýöne 
danyşmentli 
Kümüşteginiň 
hüjümlerine garşylyk görkezip bilmedik Malatyýanyň 
häkimi Gabriýeliň çakylygyny alan Bohemund Halap 
sebitlerinden aýryldy. Ryzwan bolsa pursaty elden 
bermän, haçparazly ambarlaryna hüjüm edip, her dürli 
ýarag we azyk serişdelerini eýeledi. Humus emiri 
Jenaheddöwle hem haçparazlara degişli käbir kiçi 
galalary yzyna almagy başardy we şol sebitdäki 
hasyllary ýygnady. Soltan Ryzwan özüne kömek eden 
kakalygy Jenaheddöwle bilen ýaraşyp, ony Halaba 
getirdi we şanyna gurnalan toý-şagalaň bilen göwnüni 
awlady. 
Ýöne Jenaheddöwle Humusa gaýdyp 
baransoň, köp wagt geçmänkä, (1103-nji ýylyň 
Magtymguly aýy) juma namazynda, sopy sypatyndaky 
üç batyny tarapyndan öldürildi.
TÄZE HAÇPARAZ HÜJÜMLERI 
Humus 
emiri 
Jenaheddöwle 
Hüseýiniň 
öldürilmeginden 
peýdalanyp, 
haçparaz 
serkerdebaşylary Humusy basyp almaga girişdi. Bu 
habary eşiden Jenaheddöwläniň aýaly (Ryzwanyň 
ejesi) ogluna «Humusy öz eline almagy we 
haçparazlara garşy göreşmegi» tabşyrdy. Şäheriň 


148 
kethudalary 
Jenaheddöwläni goldandyklary üçin 
Ryzwandan çekinip, Dukaka Humusy tabşyrmak üçin 
çakylyk ugratdylar. Şol wagtlar Dukak Damaskda 
ýokdugy üçin onuň ýerine goýup giden adamy emir 
Aýtegin derrew esgerlerini alyp herekete geçdi we 
şäher galany Dukagyň adyndan kabul etdi. Bu habary 
eşiden Raýmond we Ryzwan Humus hereketlerini 
togtadyp, yzlaryna gaýtdylar. Humus Damask Seljukly 
döwletiniň eline geçdi. Halap sejukly topraklaryna 
hüjümi dowam etdiren Tankred Halap sebitlerinde täze 
harby hereketlere başlady. Esasan, Halaba bagly 
Müslimde karargäh gurup, sebiti harap etdi. Soltan 
Ryzwan oňa hiç hili garşylyk görkezmedi. Şeýlelikde, 
Ryzwanyň agyr ýagdaýdadygyndan peýdalanan 
Tankred onuň bilen ýedi müň altyn, köp mukdarda at 
we başga-da birnäçe mal-gara bilen seljukly ýesirlerini 
çalyşmak barada ylalaşyga gol çekdi (1103-nji ýylyň 
ahyrlary). Ýöne köp wagt geçmänkä, ylalaşyga 
garamazdan, Antakyýa haçparazlary täzeden Halap 
sebitlerine hüjüm etdiler we Beserfus galasyny basyp 
aldylar. 
Haçparazlaryň ilki Siriýa seljukly döwletine, soň 
Beýik Seljukly döwletine howpa salmaklary, aýratyn-
da, 
Antakyýa haçparaz şazadasy Bohemundyň 
Danyşment emiri Kümüştegin tarapyndan ýesir 
alynmagy bilen Türkiýe seljukly soltany Gylyç 
Arslanyň Antakyýa haçparazlarynyň üstüne ýörişe 
ugramaga perman berdi. Ol Halap seljukly hökümdary 


149 
Ryzwana ilçi ugradyp, goşunyň azyk ätiýaçlyklaryna 
seretmegini tabşyrdy. Bu habara Halap halky 
begendiler we goňşy sebitlere buşluk habarlaryny 
ýolladylar. Ýöne Bohemundyň 100 müň altyna azat 
edilip, Antakyýa gaýtarylmagynyň netijesinde, Gylyç 
Arslan ýörişi ýatyrdy.

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   39   40   41   42   43   44   45   46   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling