Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet44/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   40   41   42   43   44   45   46   47   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

 
RYZWANYŇ GARŞYLYKLAÝYN 
HEREKETLERI 
 
Halap 
töwereklerindäki 
esasy 
galalaryň 
haçparazlar tarapyndan basylyp alynmagy netijesinde
bu sebitler haçparazlaryň golastyna geçipdi. Halap 
Seljukly 
döwletine-de ýok bolmaklyk howpy 
abanýardy. Antakyýa we Urfa haçparaz güýçleriniň 
Harrana garşy hereketlere goşulmaklary we Halap 
sebitlerinden 
aýrylmaklary bilen bu ýerlerdäki 
haçparazlaryň hüjümleri togtadyldy (1104-nji ýylyň 
Magtymguly aýy). Şu sebäpli Mosul seljukly walysy 
Çökürmiş we Hasankeýfiň emiri Sökmeniň baştutan-
lygyndaky 
seljukly 
goşunynyň Baudouiniň II, 
Josceliniň, Bohemundyň we Tankrediň ýolbaşçylyk 
eden uly haçparaz goşunyny Harranyň golaýynda, 
Belihçaýyň sebitlerinde ilkinji gezek uly ýeňlişe 
sezewar etmegi, Baudouiniň we Josceliniň ýesir 
alynmagy yslam älemini begendirdi. Ine, şundan 
peýdalanyp, Ryzwan haçparazlaryň golastyndaky 
birnäçe galalary (Jezr, Faw, Sermin, Magarratun-


150 
Nugman) yzyna aldy we haçparaz esgerleriniň uly 
bölegini ýesir etdi. Ondan başga-da, Ryzwan Humusa 
degişli Balisi, Faýany we Selamiýäni eýeledi (1104-nji 
ýyl). Şeýlelikde, Ryzwanyň şowly harby hereketleriniň 
netijesinde, Halabyň goranyş üçin örän ähmiýetli 
galalar haçparazlaryň elinden alyndy.  
 
HAÇPARAZLARYŇ TÄZE HEREKETLERI 
 
Bohemundyň harby taýdan ýardam soramak üçin 
Ýewropa gitmegi sebäpli Antakyýa haçparaz 
şazadalygyny dolandyrmagy öz üstüne alan Tankred 
beýleki haçparaz döwletleriniň kömegi bilen Halap 
seljukly topraklaryna hüjüme başlady. Ol ilki bilen 
Halaba 
degişli Artah galasyny gabady. Gala 
ýolbaşçysyna kömek etmek üçin Ryzwan atlylardan we 
pyýadalardan düzülen goşun bilen Artaha gitdi. 
Seljukly goşunynyň köplügi sebäpli Tankred gabawy 
aýryp, Ryzwana ýaraşyk teklip etdi. Esasan, Ispehbud 
Sabawanyň täsiri bilen teklibi kabul etmedik Ryzwan 
haçparazlar bilen söweşe girdi. Emma haçparazlar 
söweş meýdanyny taşlap gitdiler, ýöne bir mütdetden 
soň gaýtadan söweşe girdiler. Çaknyşykda haçparazlar 
derbi-dagyn 
edildi. 
Ýöne 
seljukly 
esgerler 
haçparazlaryň emläklerini talap ýören wagtlary 
haçparazlaryň duýdansyz hüjümi netijesinde seljuklylar 
uly ýitgä sezewar boldular. Ryzwan diri galan esgerleri 
bilen 
Halaba 
gaýdyp bardy (1105-nji ýylyň 


151 
Gurbansoltan aýy). Degişli çeşmelerde görkezilişi ýaly, 
bu ýeňliş sebäpli Halap Seljukly döwletine degişli oba, 
kent we galalar haçparazlaryň çozuşy bilen ýüzbe-ýüz 
bolup galdy. Aradan köp wagt geçmänkä, Tankrediň 
baştutanlygyndaky Antakyýa haçparazlary Artah 
galasyndan başga-da Ryzwanyň azat eden galalaryny-
da 
aňsatlyk bilen eýeledi. Şeýlelikde, daş-
töweregindäki galalaryň haçparazlarlar tarapyndan 
basylyp alynmagy netijesinde Halabyň daşy çolaryp 
galdy.

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   40   41   42   43   44   45   46   47   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling