Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
HAÇPARAZLAR GOŞUNY BILEN ÇAKNYŞYKLAR. AZAZDAKY GOZGALAŇ 144 Halabyň demirgazygynda bir günlük uzaklykda ýerleşen Halap Seljukly döwletiniň häkimiýetindäki Azazda bir topalaň ýüze çykdy (1098-nji ýylyň Ruhnama aýy). Şäheriň häkimi Omar Lorenli fransuz aýalynyň täsiri bilen Ryzwana garşy topalaň turzup, Azazda garaşsyz döwlet gurandygyny yglan etdi. Şonuň üçin Ryzwan derrew herekete geçip, Azazy gazaply ok çagbasyna tutdy. Ryzwana garşylyk görkezip bilmejegine göz ýetiren häkim, ýene-de aýalynyň maslahaty bilen Antakyýadaky Godefroýa habar iberip, Ryzwana garşy kömek sorap we bileleşik» teklip etdi. Halap ýolunda ýerleşýän Azaz şäheriniň haçparazlaryň eline geçse, Halabyň-da synmagynda onuň uly orun oýnajakdygyny gözi ýetip duran Godefroi Raýmond bilen bile haçparaz güýçleriniň ugruny Azaza öwürdi. Haçparazlaryň güýçli goşunynyň garşysyna durup bilmedik Ryzwan gabawdan çekilmäge mejbur boldy. Beýleki bir tarapdan bolsa, haçparazlar ýakyn ýerde karargähini guran Ryzwandan gorkup, Azaza girmäge çekinip, yza çekildiler. Ryzwan bolsa, täzeden gelip galany gabady. Köp wagt geçmänkä, Omar gozgalaňy ýatyryp, ýene- de öňki wezipesinde galmak şerti bilen Ryzwan bilen ylalaşyp, täzeden oňa tabyn boldy. Şeýlelikde, Azazyň haçparazlaryň tabynlygyna geçmeginiň öňi alyndy. Ýöne köp wagt geçmänkä, ýene-de aýalynyň täsiri bilen Ryzwana garşy haçparazlar bilen arabaglanyşyk gurmagy onuň Halapda öldürilmegine sebäp boldy. 145 HAÇPARAZ BASYBALYŞLARY Maksatlary Iýerusalimi eýelemek bolan haçparazlar günorta tarap seljukly topraklarynda ilerlemegi dowam etdiler. Raýmondyň Halap Seljukly döwletine tabyn Ruj galasyny eýeläninden soň, Godefroi bilen bile seljuklylara degişli Bareni gabady. Bir mütdet gaýtawul beren, ýöne Halapdan kömek alyp bilmedik seljukly esgerleri, şäheri we galasyny haçparazlara tabşyrmaga mejbur boldular (1098-nji ýylyň Sanjar aýy). Şäher halky aman dilän bolsalar hem haçparazlar musulmanlary gylyçdan geçirip, köpüsini ýesir alyp, Antakyýa iberdiler. Şäherdäki we galadaky emlägi, hazynany taladylar. Şäherdäki uly metjidi buthana öwürdiler. Bu şowlulykdan soňra Raýmond we Flandr grafy Robert ermeni esgerleriniň gatnaşmagyndaky haçparaz goşuny bilen Halap Seljukly döwletine degişli Magarratun-Nugmana tarap ýörişe başladylar. Şäheriň häkimi we kethudalary Ryzwandan we Humus emiri Jenaheddöwleden kömek sorasalar-da, hiç bir jogap bolmady. Ykballary bilen ýüzbe-ýüz galan esgerler we halk şäheri we galasyny san hem ýarag taýdan agdyklyk edýän haçparazlar bilen umytsyz goraýardylar. Köp wagt geçmänkä, Antakyýanyň şazadasy Bohemund esgerleri bilen söweşe goşuldy. Aldym-berdimli haçparaz hüjümlerine seljukly esgerleri gazaply garşylyk görkezip, 146 şäherlerini jany-teni bilen goraýardylar. Haçparazlar türkmenleriň goranyşyny böwsüp, şäheri eýelemek üçin agaçdan uly burçlary ýasap, ony şäheriň burçlaryna daýap, golaý aralykdan çaknyşyga girdiler. Şäher goragçylarynyň gije öýlerine gidýändiklerini aňan haçparazlar goragsyz burçlardan şähere girip, gysga wagtda şäheri eýelediler (1098-nji ýylyň Bitaraplyk aýy). Haçparazlar Magarratun-Nugmanyň halkynyň köp bölegini gynap öldürdiler, gelin-gyzlary we çagalary ýesir alyp, bazarlarda satdylar. Emlägi we hazynany haýyrlaryna geçirip, şäheri taladylar, halky suwdan kesip, şäheriň galasyny, öýleri, metjitleri harap etdiler. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2025
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling