Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
RYZWANYŇ HAÇPARAZLARA GARŞY
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
RYZWANYŇ HAÇPARAZLARA GARŞY
BILELEŞIGI Soltan Ryzwan haçparazlaryň hüjümleri sebäpli kyn ýagdaýa düşen Halap Seljukly döwletini howpdan halas etmek üçin birnäçe hereketleri etdi. Bu maksat bilen ol Mardiniň emiri Artykogly Ilgazy, Ispehbud Sabawa, Sinjaryň emiri Arslandaşogly Alp bilen gepleşikler geçirip, haçparazlara garşy bileleşik gurmagy başardy. Şol maslahatda soltana gaharlanyp ýören Ilgazynyň «Mosul we ol sebitleri seljukly häkimi Çökürmişiň golastyndaky döwletleri eýeläp, ol ýerlerden alynjak esgerdir we serişdeler bilen haçparazlara garşy göreşe girmeli» diýen pikiri kabul edildi. Muny amala aşyrmak maksady bilen Ryzwan we ýandaşlary on müňlük goşun bilen Mosula tabyn Nusaýbine ýöriş edip gabady. Çaknyşykda agyr 152 ýaralanan Alp Sinjara dolandy. Tanzada ýaralaryny bejerdip ýören Çökürmiş bolsa derrew Mosula gelip, goşun ýygnap, Nusaýbine ýöredi. Ýöne duşmanlarynyň birleşen goşuny bilen söweşmekden çekindi we Ryzwanyň ýanyndaky käbir öňdebaryjy emirler bilen aragatnaşyk gurap, olara birnäçe wadalary berip, Ryzwana garşy küşgürdi. Çökürmiş Ryzwana habar iberip: «Sen Ilgazynyň nähili bulagaý emirdigini gowy bilýäň. Eger ony zyndana atsaň saňa boýun bolup, haçparazlara garşy harby we maddy ýardam ederin» diýdi. Çökürmişiň bu teklibini Ryzwan ýerlikli gördi. Bu maksat bilen ol Ilgazyny ýanyna çagyryp, oňa «Haçparazlar Halap töwereklerini eýelediler. Uly harby güýji bilen bize goşulmaga taýýar Çökürmiş bilen ýaraşyp, bilelikde haçparazlara garşy herekete geçeliň. Şonda biziň hereketimiz yslamyň kapyrlara garşy bileleşigi bolar» diýdi. Ýöne Berkýaryga garşy söweşe taýýarlykly türkmenlerden düzülen uly goşunly Ilgazy: «Sen öz kelläňe görä hereket edýärsiň, aslynda şu wagt meniň golastymdasyň. Nusaýbini alman saňa şu ýerden çekilmäge rugsat bermeýärin, ýogsa-da seniň bilen söweşmäge men taýýar» diýip, Ryzwanyň teklibini we maslahatyny gödek şekilde ret etdi. Ryzwan bolsa ony tutduryp, Nusaýbin galasyna iberip, zyndana atdyrdy. Ilgaza degişli türkmenler Nusaýbiniň galalaryna we sebitdäki obalara hüjüm edip taladylar. Ýagdaýyň bulaşyp barýandygyny gören Ryzwan, özüne degişli güýçler bilen Halaba ýöriş etdi. Şeýlelikde, Ryzwanyň 153 haçparazlara garşy döreden bileleşigi Çökürmişiň syýasy oýunlary bilen dargady. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling