Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


EMIR ÇAWLY BILEN GATNAŞYKLAR


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet47/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   43   44   45   46   47   48   49   50   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

EMIR ÇAWLY BILEN GATNAŞYKLAR 
Soltan Ryzwan ýokarda belleýşimiz ýaly, 
haçparazlara garşy guralan şowsuz bileleşige 
garamazdan, ýene-de täze bileleşigiň gözlegine çykdy. 
Muhammet Tapar tarapyndan Mosul we sebitine häkim 
bellenen Çawly öňki seljukly häkimi Çökürmişiň ogly 
we şäheriň kethudalarynyň çakylygy bilen Türkiýe 
Seljukly soltany Gylyç Arslan I Mosula gelip, häkim 
bolmagy netijesinde (1107-nji ýylyň Gurbansoltan 
aýy), şäherden aýrylyp Sinjara çekildi. Mosul Türkiýe 
Seljukly häkimiýetine geçdi. Mosulyň häkimi Çawly 
az wagtdan şäheri yzyna almak üçin Mardin emiri 


155 
Artykogly Ilgazynyň ýardamy bilen Çökürmişiň 
esgerleriniň uly bölegini hem özüne çekip, güýçli 
goşuna eýe boldy. Ol ýöriş edip, Damask Seljukly 
döwletiniň häkimiýetindäki Rahbeni gabady. Şol 
wagtlarda Ryzwan Çawla hat iberip, ony haçparazlar 
bilen söweşmäge Siriýa çagyrdy. Ýöne Çawly oňa 
iberen jogabynda «Ilki Mosuly basyp almak üçin 
kömek etmegini, soňra Siriýa gelip, haçparazlar bilen 
söweşjekdigini» aýtdy. Onuň bu teklibini goldan 
Ryzwan bütin güýçlerini toplap Çawla goşuldy. 
Rahbeni basyp alan ýaranlar, soňra Mosulyň üstüne 
ýöriş etdiler. Soltan Gylyç Arslan bilen ýaranlaryň 
arasynda Habur derýasynyň golaýyndaky söweşde 
Gündogar Anadoly begleriniň soltanyň goşunyny terk 
etmekleri bilen Gylyç Arslan ýeňildi. Özüniň we 
esbaplarynyň agyrlygy sebäpli, derýada gark boldy 
(1107-nji ýylyň Gorkut aýy). Ýeňişden soň Çawly 
Beýik Seljukly döwletiniň adyndan Mosula häkim 
boldy. Ýöne Çawly Ryzwana beren sözünde durmady, 
ýagny ol haçparazlar bilen söweşmek üçin Siriýa 
gitmedi. Mosuly almak üçin özüne uly kömek eden 
Ilgazyny-da zyndana atdyrdy. Özüniň hem zyndana 
atylmagyndan şübhelenen Ryzwan goşunyny alyp, 
Halaba gaýtmaga mejbur boldy. Şeýlelikde, Ryzwanyň 
haçparazlara garşy guran ikinji synanyşygy-da şowsuz 
tamamlandy. 

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   43   44   45   46   47   48   49   50   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling