158
we Damask Seljukly emiri Tugteginiň serkerdeliginde
Siriýadaky seljukly emirleri haçparazlara howp
salmaga başlady. Haçparaz basybalyşlyklaryna üns
bilen syn edýän Beýik Seljukly döwletiniň soltany
Muhammet Tapar Mosul Seljukly häkimi Möwduta,
Mardin
emiri Ilgaza, Ahlat şasy Sökmene we beýleki
emirlere hat iberip haçparazlara garşy göreş üçin
derrew hereket etmeklerini buýurdy.
Gysga wagtda
Jizrede toplanan uly seljukly goşuny 1110-njy ýylyň
Magtymguly aýynda Urfadaky Haçparaz graflygyna
garşy ýöriş edip, Urfany gabadylar. Bu habary eşiden
Iýerusalimiň koroly Baudouin I Antakyýanyň şazadasy
Tankred we Trablusşamyň
grafy Bertrand Urfa
haçparazlaryna kömege gitdiler. Bu haçparaz güýçleri
bilen Meýdan söweşini edip, ýok etmek meýilli
seljuklylar Harrana çekildiler (1110-njy ýylyň Alp
Arslan aýy). Pursatdan peýdalanan Urfa haçparazlary
şäheriň azyk ätiýaçlyklarynyň üstüni
doldurdylar hem
goragy güýçlendirdiler. Seljukly goşuny bolsa olaryň
çärelerini synlaýardy. Diňe Urfa kömege
gelen
haçparazlar bilen Ýewfrat derýasynyň töwereginde
kiçeňräk çaknyşyklar edip, birnäçe esgerler öldürildi,
käbir oljalar ele geçirildi. Has soňra seljukly goşuny
Urfany gabasa-da şowsuzlyga uçrady. Şeýlelikde,
seljukly goşunynyň ilkinji hereketi şowly netije
bermedi.